Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Türküstan Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasynyň
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Türküstan Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasynyň
döredilmegi Russiýanyň beýleki halklary bilen birlikde Türküstanyň zähmetkeşleri hem oktýabr rewolýusiýasynyň ýeňmegi bilen öz milli sowet döwletlini we halk sowet respublikasyny döretmäge mümkinçilik aldylar. 1918-nji ýylyň 20-nji aprelinden 1-njy maý aralygy Daşkentde Sowetleriň V gurultaýy bolup geçýär. Onuň gün tertibindäki esasy mesele Türküstan Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasyny döretmek meselesi bolupdyr. Gurultaýda Sowet hökümetiniň adyndan Sowet hökümetiniň adatdan daşary komissary we Russiýa Bolşewikler Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň wekili, bolşewik P.A. Kobozýew çykyş edipdir. Ol öz çykyşynda gurultaýa gatnaşyjylara ýüzlenip, Türküstanda milli meseläni çözmegiň wagtynyň gelendigini aydypdyr. 1918-nji ýylyň 30-nji aprelinde gurultaý RSFSR-iň düzüminde Türküstan Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasynyň döredilýändigi baradaky karary kabul edipdir we Türküstan Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasy barada düzgünnamany tassyklapdyr. Gurultaý Türküstan Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasynyň Merkezi Ispolnitel Komitetini (MIK) we Halk Komissarlar Sowetini (HKS) 155 saýlapdyr. Döwlet guramalarynyň düzümine ilkinji gezek ýerli milletleriň wekilleri hem saýlanypdyr. Merkezi Ispolnitel Komitete ýerli milletden ýedi we Sownarkoma 4 adam (ýustisiýa, içeri işler, millet we saglygy saklaýyş halk komissarlar sowetiniň başlyklary) saýlanypdyr. Gurultaý şeýle hem Türküstanyň Respublikasynyň kanunçykaryjylyk, öz territoriýasyna we onuň ýerine, suwuna, ýerasty baýlyklaryna özbaşdak eýelek etmek hukugyny, wezipelerini we oňa bellenilýän zähmet haklaryny we beýlekileri dikeldipdir. Türküstan halklary Sowetleriň V gurultaýynyň awtonom respublika döretmek baradaky Kararyny uly şatlyk bilen garşylapdyrlar. 1918-nji ýylyň 1-nji maýynda Sowet Türküstanyň şäherlerinde we obalarynda köp adamly demonstrasiýalar we ýygnaklar geçirilip, respublikanyň döredilmegini goldap çykyş edipdirler. 1918-nji ýylyň 1-nji iýunynda Daşkentde Türküstanyň bolşweikler guramasynyň birinji uçreditel gurultaýy bolup, oňa on iki partiýa guramasyndan (Daşkent, Samarkant, Guşgy, Kokant, Merw, Çärjew, Hojent, Perow, Gyzylarbat, Çerniýaýew, Aktýubin we Çelkar) 43 wekil gatnaşypdyr. Gurultaýyň wekilleri Türküstan kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetini döredipdir. Onuň düzümine W.D.Wotinsew, P.A.Ýermolow, A.F.Solkin, K.Ýe.Sorowkin, N.Hojaýew, M.N. Troiskiý, I.O. Tobolinden ybarat ýedi adam giripdir. Gurultaýda Türküstan Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň we Milletler boýunça Halk Komissarlar Sowetiniň organy bolan, ýerli dilde çykýan "Iştrakiýun" (kommunist) atly gazeti çykarmak barada karar kabul edilýär.1918-nji ýylyň oktýabrynda Sowetleriň VI gurultaýy Türküstan ASSR-nyň ilkinji konstitusiýasyny kabul edýär. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling