Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet63/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   59   60   61   62   63   64   65   66   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Ylym we medeniýet
Özbegistanda Russiýa birikdirilenden soň dünýewi 
mekdepleriň sany köpelip başlapdyr. 1897-nji ýylda ýerli ilatyň 
98-%-i sowatsyz bolupdyr. 1917-nji ýylyň oktýabr sosialistik 
rewolýusiýasy özbek halkynyň bilim almagy we milli 
medeniýetiniň ösmegi üçin ýol açýar. 1918-nji ýylda Türküstan 
respublikasynyň MIK-i "Türküstan ülkesinde halk magaryf 
işlerini guramak baradaky" düzgünnamany tassyklaýar. 1920-
nji ýylda Türküstan uniwersiteti (1960-njy ýyldan Daşkent 
uniwersiteti) açylýar.
1930-njy ýyllarda Özbegistan hökümeti "Çagalar we 
ýetginjekler üçin ählumumy hökmany okuwy girizmek barada" 
karar kabul edýär. 1950-nji ýylda Özbegistanda 5056 sany 
umumybilim berýän mekdep bolup, onda 1 million 331 müň 
okuwçy okapdyr. Şol ýylda tehnikumlarda we uçilişelerde 
okýan talyplaryň sany uruşdan öňki döwür bilen deňeşdireniňde 
iki esse artypdyr. 


175 
Ýokary bilim has giň gerime eýe bolupdyr. 1950-nji ýylda 
Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde 40 müň adam 
okapdyr.
1958-1959-njy okuw ýylynda Özbegistanda 7044 sany 
mekdep bolup, olarda bir million 399 müň okuwçy okapdyr. 
Ýokary bilim bermekde hem ösüşler bolup geçipdir.
1958-nji ýylda Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerine 
18,5 müň adam kabul eilip, bu 1953-nji ýyl bilen 
deňeşdireniňde 5 müň adam köpdür. 1959-njy ýylda 
Özbegistanda 31 sany ýokary okuw mekdebi bolup, olarda 88 
müň talyp hünär alypdyr. Özbegistanyň her bir on müň 
ýaşaýjysyna 108 talyp düşüpdir. Ýörite orta bilim berýän 
mekdepleriň seti hem giňelipdir. 85 sany tehnikumlarda we 
uçilişelerde 55,3 müň talyp hünär alypdyr. 1970-nji ýylda ilatyň 
sowatlylygy 
99,7 
%-e 
ýetýär. 1971-1975-nji ýyllarda 
Özbegistanda ählumumy orta bilime geçmeklik esasan amala 
aşyrylýar. 
1978-1979-njy okuw ýylynda professional tehniki okuw 
jaýlarynyň 409-sy, ýörite okuw okuw mekdepleriniň 206-sy, 43 
sany ýokary okuw mekdebi bardy. 1979-njy ýylda Özbegistanda 
jemgyýetçilik kitaphanalarynyň 6705-si hem-de 33 muzeý 
işleýärdi. 
Sowet häkimiýeti ýyllary içinde Özbegistanda ylmy 
edaralaryň giň seti döredilýär. 1980-nji ýylda ylmy-barlag 
edaralarynyň 200-e golaýy bardy. Öňde baryjy ylmy merkezi 
Özbegistan SSR ylymlar akademiýasydy. Onuň düzüminde ýedi 
bölüm, Garagalpak ASSR-däki filialy we ylmy edaralaryň 30-sy 
bardy. 1980-nji ýylyň 1-njy ýanwaryndaky maglumatlara görä, 
Özbegistanyň ylmy işgärleriniň sany 34.281-e ýetipdir. Şolaryň 
745-si 
ylymlaryň doktorlary we 10505-si ylymlaryň 
kandidatlarydy.


176 
Özbek halkynyň baý we dürli žanrly halk şahyrana 
döredijiligi aýratyn orna eýedir. Özbek we doganlyk 
halklarynyň arasynda Aldar Kösäniň, Nasyretdin Ependiniň 
atlary bilen baglanyşykly şorta sözler giňden ýaýrapdyr. Etiki 
dessan žanry hem halkyň arasynda uly meşhurlyga eýe 
bolupdyr. "Alpamyş", "Görogly" eposlary; "Ýusup we Ahmet" 
powesti halkyň dilinden ýazylyp alnypdyr. 
XX asyryň başlarynda özbek edebiýatyna sowet edebaty 
özüniň uly täsirini ýetiripdir. Hamza Hekimzada Nyýazy (1889-
1929), Sadretdin Aýny (1878-1954) we Abdylla Kadyry (1894-
1940) özbek-sowet edebiýatynyň düýbüni tutujylardyr. Sowet 
häkimiýeti özbek halkynyň medeniýetiniň täzeden döremegine 
we halk zehinleriniň gülläp ösmekligi üçin mümkinçilikleri 
döredipdir. Edebiýata Aýbek (1905-1968), Gafur Gulam (1903-
1966), Abdylla Kahhar (1907-1968) we beýlekiler ýaly ýaş 
zehinli şahyrlar gelipdir. Sowet döwründe prozanyň ösüşi üçin 
uly mümkinçilikler açylýar. Muňa mysal edip, Ybraýym 
Rahymyň "Hakyky söýgi" (1957), Aýbegiň "Gün şöhlesi 
öçmez" (1958), atly urşa bagyşlanan romanlaryny görkezmek 
bolar.
1925-nji ýylda Daşkentde "Özbekfilm" kinostudiýasy 
döredilýär. Ol 1920-nji ýyllarda respublikanyň öňünde durýan 
möhüm meselelere, ýagny özbek aýal-gyzlaryny azatlyga 
çykarmaklyga bagyşlanan "Ikinji aýaly" (1927), "Keramatlynyň 
gyzy" (1931) ýaly kinofilmleri goýberýär. Beýik Watançylyk 
urşy ýyllarynda "Iki esger", "Nasretdin Buharada" (1943) ýaly 
filmler döredilýär. 60-70-nji ýyllarda "Ulugbegiň ýyldyzy" 
(1965), "Daşkent çörekli şäher" (1970), "Abu Reýhan Biruny" 
we beýleki kinofilmler döredilýär. 


177 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   59   60   61   62   63   64   65   66   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling