Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Türkmenistan we Özbegistan gatnaşyklary


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet65/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   61   62   63   64   65   66   67   68   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Türkmenistan we Özbegistan gatnaşyklary 
Täze Galkynyş we Beýik Özgertmeler zamanynda goňşy 
Özbegistan 
döwleti 
bilen 
Türkmenistanyň 
arasynda 
köptaraplaýyn hyzmadaşlyklar we hoşniýetli gatnaşyklar 
mundan beýläk-de has gülläp ösüp başlady. 2007-nji ýylyň 9-
njy iýunynda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz 
Döwletleriň Arkalaşygynyň ýokary derejedäki resmi däl 
duşuşygy bolup geçdi. Bu ýerde döwlet baştutanlary, 
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 
we Özbegistanyň Prezidenti Yslam Kerimow bilen duşuşygy 
boldy. Döwlet baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň 
meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. Olar 
gazanylan şertleşiklerikleriň durmuşa geçirilişiniň barşyny 
jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. 
Gaz ugrunda özara arkalaşykly hereket etmäge aýratyn üns 
berildi. Taraplar tebigy gazyň artýan möçberlerini ygtybarly 
akdyrmagy üpjün etmegiň, hususan-da, Merkezi Aziýa 
sebitinden häzir mawy ýangyç demirgazyk tarapa akdyrylýan 
transmilli gaz geçiriji ulgamynyň durkuny täzelemegi üpjün 
etmegiň zerurdygyny bellediler. 
Şunuň bilen baglanyşykly Merkezi Aziýa sebitinde gazulag 
kuwwatlyklaryny ösdürmek hakynda Bilelikdäki jarnamanyň 
zerurdygy we öz wagtyndadygy bellenildi. Türkmenistanyň, 


180 
Gazagystanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri bilen 
bir hatarda bu resminama Özbegistanyň baştutany hem gol 
çekdi. 2007-nji ýylyň 18-19-njy oktýabrynda Özbegistan 
Respublikasynyň Prezidenti Yslam Kerimow resmi sapar bilen 
Türkmenistanda 
boldy. 
Iki 
döwletiň 
Prezidentleriniň 
duşuşygynda ikitaraplaýyn özara hyzmatdaşlyk meseleleri 
barada pikir alyşdylar, onuň ileri tutulýan ugurlaryny 
anykladylar. Ozal kabul edilen ylalaşyklaryň durmuşa 
geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. 
Türkmenistanyň 
Prezidenti G.M. Berdimuhamedow 
Aşgabatda BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit 
merkezini döretmek baradaky başlangyjy goldandygy üçin 
I.A.Kerimowa minnetdarlyk bildirdi.
Ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň jemleri 
boýunça dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we 
hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistan 
bilen Özbegistan respublikasynyň arasyndaky Şertnama; 2008-
2012-nji ýyllarda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk 
hakynda Şertnama, degişli maksatnama, şeýle hem bilelikdäki 
beýanata gol çekildi. 
Ikitaraplaýyn resminamlar bolan Hyzmatdaşlyk hakynda 
Türkmenistanyň söwda-senagat edarasy bilen Özbegistanyň 
söwda-senagat edarasynyň arasyndaky ylalaşyga; Türkmenistan 
we Özbegistan Respublikasynyň gümrük serhetleriniň üstünden 
geçirilýän harytlar we ulag şerişdeleri hakyndaky maglumatlary 
alyşmagy guramak barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük 
gullugy bilen Özbegistan respublikasynyň Döwlet gümrük 
komitetiniň arasyndaky teswirnama; Medeni-ynsanperwer 
ugurlarda 
hyzmatdaşlyk 
etmek 
barada 
iki 
döwletiň 
hökümetleriniň 
arasynda 
2008-2010-njy 
ýyllar 
üçin 
Maksatnama we şu Maksatnama çäreleriň Meýilnamasyna; 
Döwlet serhedinden geçiriş ýerleri hakynda Türkmenistanyň 


181 
hökümeti bilen Özbegistan respublikasynyň arasynda Ylalaşyga 
gol çekildi. 
Iki ýurduň dostlukly gatnaşyklaryny we hemmetaraplaýyn 
hyzmatdaşlyklaryny 
mundan 
beýläk-de 
pugtalandyrmak 
hakynda Türkmenistan bilen Özbegistan respublikasynyň 
arasyndaky Şertnama, Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda 
Türkmenistan bilen Özbegistan respublikasynyň arasynda 2008-
2012-njy ýyllar üçin Şertnama we degişli Maksatnama, 
Bilelikdäki 
türkmen-özbek 
beýanatyna 
iki 
döwletiň 
Prezidentleri gollaryny goýdular. 
Iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge 
goşan uly goşandy üçin Özbegistanyň baştutany Islam Kerimow 
Türkmenistanyň "Hormatly il Ýaşulusy" diýen ada mynasyp 
boldy. Oňa türkmen däbi boýunça don, telpek hem-de guşak 
sowgat edildi. Özbek Lideri özüniň jogap sözünde 
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 
Özbegistanyň "Buýuk hyzmatlary üçin" diýen ordeni bilen 
sylaglanýandygy baradaky Permany okady we oňa ýokary 
sylagy, şahadatnamany we ak özbek donuny gowşurdy. 
2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda asyryň iň beýik 
gurluşygy bolan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň açylyş 
dabarasy boldy. Gaz geçirijiniň uzynlygy 7 müň km-den 
gowrak bolup, ol goňşy Özbegistan, Gazagystan döwletleriniň 
üstünden geçip Hytaýa çenli bardy. Bu gaz geçirijiniň 
gurluşygyna Özbegistan döwleti hem Türkmenistan bilen 
hyzmatdaşlykda işeňňir gatnaşdy. Gaz geçirijiniň açylyş 
dabarasyna Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we 
Hytaýyň döwlet ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. 
Häzirki wagtda Türkmenistanyň goňşy döwleti bolan 
Özbegistan bilen ýokarda bellenilen gepleşiklere we 
şertnamalara laýyklykda syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda 
hyzmatdaşlyklar ýokary derejede alnyp barylýar. 


182 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   61   62   63   64   65   66   67   68   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling