Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Gazak hanlygy barada taryhy çeşmeler
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
- Bu sahifa navigatsiya:
- Gazak hanlygy we hanlary
Gazak hanlygy barada taryhy çeşmeler
Gazak hanlygynyň ilkinji döwürleri barada maglumat beren taryhy çeşmeler esasan musulman ýazarmanlaryň eserleridir. Horasan, Maweannahr we Deşt-i Gypjak taryhy barada maglumat beren taryhy çeşmeleriň arasynda Muhammet Haýdar Duglatiniň eserinde has köp maglumata duş gelmek mümkindir. Özüniň hem belläp geçişi ýaly M. H. Duglati Duglat taýpasyndandyr. Onuň atalary Çagataý iliniň emirleri bolupdyrlar. Eje tarapyndan bolsa Çagataý hany Ýusup hanyň agtygydyr. Gazak hanlygynyň syýasy taryhy üçin beýleki çeşmeler ―Nusret-nama‖, ―Fatyh-nama‖, ―Şeýbany-nama‖ we ―Mihmanname-i Buhara‖ eserleridir. Bu eserler XV-XVI asyrlarda Merkezi Aziýa sebitindäki syýasy ýagdaý barada maglumatlar berýärler. 186 Gazak hanlygy we hanlary Gazaklaryň ilkinji hanlary Janybek we Kereýdir (1465- 1480). Gazak hanlygynyň gurulmagy bilen bu sebitlerde ýaşaýan beýleki türki kowumlar hem gazaklara goşulyp, olar bilen garyşyp gazak boldular. Kereý hanyň ogly Burunduk hanyň döwründe (1480- 1511) Özbek hany Muhammet Şeýbany bilen gazaklaryň arasyndaky göreş dowam etdi. Burunduk hanyň döwründe steplerde ýaşaýan gazak boýlarynyň her biriniň gyşlak we ýazlak ýerleri belli edildi. Gazak hanlarynyň iň güýçlülerinden biri Kasym han (1511-1523) bolandyr. Bugünki Gazagystan topraklarynyň hemmesi diýen ýaly onuň döwründe gazaklaryň häkimiýetine geçipdir. Kasym hana çenli Gazak hanlygynyň paýtagty Syganak şäheri bolan bolsa, onuň döwründe Ýesi (Türkistan) şäheriniň eýelenmegi bilen Ýesi paýtagt boldy. Kasym hanyň ölüminden soňra ýerine ogly Mamaş geçdi. Emma hanyň nesliniň agzalary onuň baştutanlygyny kabul etmediler we hanlyk ugrunda göreş başlady. Netijede bu göreşde Mamaş han öldi we ýerine Tahyr han geçdi (1523- 1533). Tahyr han harby we syýasat ilerini bilmeýän bir baştutan bolupdyr. Şol sebäpli hem hanlygyň içinde bölünmeler başlapdyr. Tahyr han Gazak hanlygynyň töweregindäki döwletler bilen hem duşman bolupdyr. Ol özüniň hanlyk eden döwründe hemme gazaklaryň hemmesine diýenini etdirip bilmedi. Onuň dolandyryşyndan närazy bolanlar oňa tabyn bolmadylar. Tahyr hanyň 1533-nji ýylda ölüminden soňra ýerine Buýdaş han (1533-1534) geçdi. Emma onuň döwründe-de göreşler dowam etdi we hanlygyň ýagdaýy gowşady. 1538-nji ýylda Kasym hanyň ogly Aknazar han (Haknazar) (1538-1580) boldy. Syýasy we harby taýdan ukyply 187 bolan Aknazar Han 42 ýyl höküm sürdü. Ol gazak hanlarynyň içinde iň köp hanlyk edendir. Aknazar han özüniň häkimiýeti döwründe Tahyr han we Buýdaş hanyň döwründe gazaklaryň agzalalyklary netijesinde bölünen gazaklary täzeden jemlemegi başardy. Bu hanyň döwründe gazaklaryň günbatar we demirgazyk serhetlerinde uly üýtgeşmeler bolup geçdi. Ruslar 1552-nji ýylda Kazan hanlygyny, 1556-njy ýylda Astrahan hanlygyny ýykdylar we olaryň topraklaryny basyp aldylar. Şeýle-de Wolga derýasy töweregindäki nogaýlaryň arasynda hökümdarlyk ugrunda göreş başlady we netijede Nogaý ordasy ýykyldy (1569). Nogaýlaryň bir bölegi gazaklara goşuldylar we bulara degişli topraklar Gazak hanlygynyň häkimiýetine geçdi. Nogaýlaryň başga bir bölegi bolsa ruslara goşuldylar we şeýlelikde gazaklar günbatarda Patyşa Russiýasy bilen serhetdeş boldy. Gazak hanlygynyň demirgazygynda Sibir hanlygy bardy. Bu hanlygyň başyna Küçüm hanyň geçmegi bilen (1563) Gazak hanlygyna garşy syýasat alyp barmaga başlady. Şol wagtlarda gazaklar bilen mongollaryň arasynda-da meseleler ýüze çykmaga başlady. Bu ýagdaýda Aknazar han özüniň daşary syýasatynda üýtgeşiklik getirdi. Ol döwre çenli Gazak hanlygy bilen oňuşmaýan özbek hanlary bilen aragatnaşyk gurdy we Buhara hany Abdylla II bilen soýuzdaş boldy. Bu soýuzdaşlyk netijesinde gazak halky bilen Mawerannahr arasynda ykdysady we söwda gatnaşyklary güýçli depginde ýola goýuldy. Şeýlelikde gazak halky baýlaşdy we munyň netijesinde-de Gazak hanlygy güýçlendi. Şol döwürlerde Buhara hany Abdylla II bilen Daşkendiň hany Baba Soltanyň arasynda göreş başlady. Bu göreş döwründe Aknazar han käwagt Abdylla hanyň, käwagt bolsa Baba Soltanyň tarapyny tutmak bilen ikisini hem güýçden düşürmek üçin syýasat alyp bardy. Aknazar han 1579-njy ýylda 188 Abdylla hanyň Baba Soltana garşy gurnan bir ýörişinde Abdylla hana degişli birnäçe şäheri eýeledi we Baba Soltan bilen soýuzdaşlyk etdi. Munyň netijesinde Baba Soltan öz häkimiýetindäki Türkistan we Sawran şäherlerini gazaklara gaýtaryp berdi. Emma Aknazar han şol ýýlyň içinde bu sapar Abdylla hana gizlinlikde goldaw bermäge başlady. Duşmanyny goldaýandygyny eşiden Baba Soltan 1580-nji ýylda Aknazar hany öldürtdi. Şeýlelikde Baba Soltan bilen Gazak hanlygy duşman boldular. Aknazar hanyň ýerine Şygaý Soltan han (1580-1582) boldy. Şygaý hanyň ilkinji işi Aknazar hanyň aryny almak bolupdyr. Bu maksat bilen ol Buhara hany Abdylla II bilen ylalaşýar. 1582-nji ýylda Şygaý han bilen Abdylla II hanyň goşunlay birleşip Baba Soltana garşy ýöriş etdiler. Baba Soltan ýeňilip gaçdy, ýöne bu ýörişde Şygaý han öldi (1582). Onuň ýerine ogly Tewekel han (1582-1598) boldy. Tewekel han hem Baba Soltan bilen göreşmäge dowam etdi. 1582-nji ýylyň maý aýynda Türkistan şäheriniň ýakynynda Tewekel hanyň baştutanlygyndaky gazak goşuny bilen Baba Soltanyň goşuny arasynda uly bir söweş bolup geçdi. Bu söweşde Tewekel hanyň goşuny uly ýeňiş gazandy, Baba soltan öldürildi, ogullary we serkerdeleri ýesir düşdüler. Tewekel han Baba soltanyň kesilen kellesini Abdylla II hana iberdi. Güýçli duşmanyň öldürilmegine örän begenen Abdylla han Samarkand töweregindäki bir şäheri Tewekel hana sowgat berdi. Şeýle hem ol, Syrderýanyň boýundaky Türkistan, Otrar, Saýram ýaly öňden bäri gazaklara degişli bolan şäherleriň hem Gazak hanlygyna degişlidigini kabul etdi. Emma Tewekel han 1583-nji ýylda Abdylla han II bilen Aknazarhan arasyndaky ylalaşyk esasynda Özbek hanlygyna degişlidigi kabul edilen Taşkent şäherine hüjüm etdi. Şeýlelikde Gazak hanlygy bilen Özbek hanlygy arasyndaky göreş täzeden 189 başlady. Şol wagtlarda Tewekel han Patyşa Russiyasy bilen Gazak hanlygy arasynda öňräkden bäri başlan diplomatiki gatnaşyklary güýçlendirdi. Rus Paty;alygynyň maksady Gazak hanlygy bilen soýuzdaşlyk edip Sibir hanlygynyň baştutatany Küçüm han bilen göreşmek, şeýle-de Buhara hanlygyna garşy Tewekel han bilen Eýranyň hökümdary Şa Abbas I-niň arasynda soýuzdaşlyk etdirmekden ybaratdy. Sebäbi Küçüm han Özbek hanyň neslinden bolup, Buhara hanlygy bilen soýuzdaşlyk edýärdi. Tewekel hanyň Taşkende çozmagy netijesinde Gazak hanlygy bilen Buhara hanlygy arasyndaky soýuzdaşlyk gutardy, şeýle-de Sibiriň hany bilen Gazak hanlygynyň hem arasy bozuldy. Buharanyň hany Abdylla II we ogly arasyndaky göreşden peýdalanan Tewekel han 1597-1598-nji ýylyň gyşynda Daşkendiň ýakynlarynda Abdylla II-niň goşunyny ýeňdi. Şol ýylyň mart aýynda Abdylla II han öldi we ýerine ogly Abdulhumin, han boldy. Bu üýtgeşmeden peýdalanan Şa Abbas I Buhara hanlygyna çozdu. Tewekel han hem bu pursatdan peýdalanmak isledi. Ol 100 müň adamdan gowrak goşuny bilen Mawerannahra girdi we Andijan, Daşkent we Samarkand şäherlerini eýeledi. Ol garyndaşy bolan Esim Soltany 20 müňe golaý goşun bilen Samarkandda goýup, özi 70-80 müň adamlyk goşuny bilen Buharany gabady. 20 günlük bu gabaw döwründe bolup geçen söweşleriň birinde Tewekel han agyr ýaralandy we gabawy aýryp Daşkende gaýtmaga mejbur boldy. Tewekel han gysga bir wagtyň içinde Daşkentde öldi (1598). Ýerine Esim Soltan han boldy (1598-1645). Esim hanyň ilkinji işi Buhara we Samarkandy eyelemek düşünjesinden aýrylyp, Buhara hany bilen ylaşayk gazanmak boldy. Bu ylalaşygyň netijesinde Daşkent we töweregi Gazak hanlygyna degişli boldy. (1598) 190 1598-nji ýylda Gazak hanlygyny gyzyklandyrýan başga bir taryhy waka bolup geçdi. Gazaklaryň demirgazygyndaky Sibir hanlygy ruslar tarapyndan ýykyldy we bu hanlykdaky türki halklaruly bir bölegi Gazak hanlygynyň häkimiýetini kabul etdiler. Sibir hanlygynyň ýykylmagy netijesinde Gazak hanlygy demirgazykdan ruslar bilen serhetdeş boldylar. Esim han 1645-nji ýylda öldi we ýerine ogly Jengir Soltan han (1645-1652) boldy. Oýratlar bilen bolan söweşler we Gazak hanlygynyň öz içinde meýdana gelen bölünmeler Jengir hanyň döwründäki möhüm wakalardyr. Oýratlar we Gazak hanlygy arasynda bolan söeşleriň birinde Jengir han öldi. Jengir hanyň ölümünden soňra ýerine Bahadyr hanyň döwri (1652- 1680) başlady. Bahadyr hanyň döwri gazak taryhynyň iň az bilinýän döwridir. Munyň sebäbi bolsa bu döwürde gazaklaryň goňşulary bilen gatnaşyklarynyň az bolmagy, parahatçylyk we asudalygyň bolmagydyr. Bahadyr hanyň döwründe Oýratlar gazaklaryň ýurduna çozmandyrlar. Çünki bu ýyllarda Oýrat kowumlaryň öz aralarynda iç söweş bolupdyr. Bahadyr handan soňra gazaklaryň başyna Tewke han bolup geçipdir. Tewke han (1680-1715) özüniň hanlyk eden ýyllarynda özünden öňki döwürde başlaýan bölünişiklikleriň öňüni almak isledi. Ol bu maksat bilen Hanlyk Mejlisiniň we Begler Mejlisiniň roluny artdyrdy, her ýyl Taşkent’iň ýakynlaryndaky Kültöbede gazaklaryň üç jüzüni ýygnap gutultaýlar geçirdi. Tewke han goňşy döwletler bilen gowy gatnaşyklary ýola goýmak üçin syýasat alyp bardy. Buhara hanlygy bilen parahatçylykly gatnaşykda bolmaklyk ugrunda işler alyp bardy. Tewke han rular bilen hem diplomatiki gatnaşyklary ýola goýdy we Oýratlara garşy durup bilmek üçin olardan ýarag aldy. Emma Tewke hanyň bütin bu aladalary Gazak hanlygyny güýçli bir döwlete öwürmäge ýetmedi. Onuň zamanasynda 191 Oýratlar ýene-de gazaklaryň üstüne çozmaga başladylar. Gazaklar 1710-njy ýylda garagalpaklar we gyrgyzlar bilen birleşip Oýratlary ýeňdiler we Gazagystanyň günortasyndan çykardylar. Ýöne bu ýeňiş doly netije bermedi, sebäbi Oýratlar gazaklaryň ýerlerine çozuşlar etmäge dowam etdiler. 1715-nji ýylda Tewke han öldi we ýerine Gaýyp han (1715-1718) geçdi. Gaýyp hanyň döwründe hanlygyň güýji peseldi we Oýrat çozuşlary dowam etdi. 1718-nji ýylda Gaýyp han söweş meýdanynda öldi. Gaýyp hanyň ýerine Tewke hanyň ogly Bolat han (1718- 1730) seçildi. Emma güýçli gazak soltanlary onuň hanlygyny kabul etmediler we oňa tabyn bolmadylar. Munyň netijesinde Gazak hanlygy kiçi hanlyklara bölündi. Orta jüzi Semeke han we Kuşik han, Uly jüzi Jolbarys han, Kiçi jüzi Abulkaýyr han dolandyrmaga başlady. Bu hanlaryň arasynda hiçbir gatnaşyk bolmandyr. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling