Türkmenistanyň Bilim ministrligi
I BÖLÜM Gazak halkynyň döreýşinden XX asyryň başlaryna çenli
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
I BÖLÜM
Gazak halkynyň döreýşinden XX asyryň başlaryna çenli Gazaklar Özbek hanlygy döwründe we gazak halkynyň kemala gelmegi Hazirki Gazagystan döwletiniň topraklary taryhyň dürli döwürlerinde taýpalaryň we kowumlaryň esasy migrasýon hereketleriniň biridi. Bu geografiýanyň gazak atly bir türki halkyň ady bilen atlandyrylmaga başlanmagy Seljuklulardan soňraky wakalar bilen pugta baglanyşyklydyr. XI asyrda Seljuklularyň günbatara tarap hereket etmeginden soňra Merkezi Aziyada galan türki halklar erkinliklerini saklap bilmedik hem bolsalar, mongollaryň bir ýarym asyrlyk häkimiýeti döwründe medeniýetlerini saklamaklygy başarypdyrlar. Olar Teýmirleňiň guran döwletiniň häkimiýetinde birleşen hem bolsalar, onuň ölüminden soňra meýdana gelen syýasy galagopluk sebäpli dargapdyrlar. Bir bölegi Teýmirleňiň ogullarynyň ýanynda jemlenen bolsa başga bir bölegi bolsa Fergana jülgesi bilen demirgazygynda öz başlaryna ýaşapdyrlar. Bu ikinji topar Abul Haýr (1428-1468) tarapyndan bir ýere jemlendi we Özbek döwleti guruldy. Abul Haýr Aral kölüniň demirgazygyndan günorta tarap topraklary eýelemäge girişdi we Syrderýanyň boýundaky ýerleri Teýmirleňiň ogullarynyň elinden aldy. Ol gysga wagtda Syrderýanyň demirgazygyndaky bütin topraklary eýeledi. Ýöne garaşsyz bir döwletiň gurulmagyny kabul etmeýän mongollar bu täze döwlete garşy çozuşlar etmäge başladylar we bu çozuşlaryň öňi alnyp bolmady. 1456-njy ýylda Abul Haýryň goşuny mongollara ýeňildi we Syrderýanyň boýundaky şäherler mongollar tarapyndan talaň edildi. Bu ýagdaý Abul Haýryň abraýyny sarsdy. Şeýlelikde halkyny gorap bilmedik bir hökümdary kabul etmeýän halkyň arasyndan bir topar aýryldy 185 we demirgazyga gitdi. Abul Haýryň özi ýaly Jujiniň neslinden gelen iki lider Kereý we Janybek baştutanlygyndaky bu topar Gazak ady bilen atlandyrylmaga başlandy we Wolga – Altaý arasyndaky sebitde erkin ýaşamaga başlady. Gazak ady Gazak halkynyň adynyň ―garaşsyz, erkin, mert, ýigit‖ ýaly manysy bardyr. Bu ýerde belläp geçmeli zatlaryň biri bolsa gazaklar bilen Don kazaklarynyň arasynda hiç hili bag ýokdur. Diňe atlary meňzeşdir. Şeýle hem dürli ýyllarda ruslar tarapyndan gyrgyz, gyrgyz-gazak, gyrgyz-kaýsak atlary gazaklar üçin ulanylan hem bolsa, gazaklar hiç wagt özlerini bu atlar bilen atlandyrmandyrlar. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling