Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
- Bu sahifa navigatsiya:
- Medeniýet we ylym
Alaş Orda partiýasy
XX asyryň başynda gazak milliýetçileri tarapyndan gurulan ilkinji gazak syýasy partiýasynyň ady Alaşdyr. Alaş sözüniň manysyny ―söweş nagarasy‖ diýip beýan edýärler. Alaş hereketini başladanlar rus uniwersitetlerini we institutlaryny gutaran gazaklardyr. Bu hereketde baş rol oýunçylary: Alyhan Bökeýhan (1866-1937), Ahmet Baýtursun (1873-1937), Mirjakyp Dulat (1885-1937), Mustafa Çokaý (1890-1941), Muhtar Awezow (1897-1961) we beýlekiler. Rus Patyşalygynyň ýykylmagyndan soňra gazaklaryň öňde gelen şahsyýetleri ―Alaş orda‖ adyndaky milli bir partiýa gurdular. Alaş orda partiýasy oktýabr rewolýusiýasyndan soňra ilki bilen Orenburg we Urallardaky antibolşewik rus kazaklary bilen bilelikde hereket etdi. Ýöne bu ýagdaýda milli bir hökümetiň häkimiýeti diňe kagyzyň üstünde galýardy. Çünki Alaş ordanyň ýeterli sanda esgeri ýokdy we steplerdäki iç söweşei durduryp biljek güýji ýokdy. 1919-njy ýylyň mart aýynda Alaş ordanyň liderleri gyzyllara goşulma kararyny aldylar we Sowet hökümedi bilen ylalaşyga gol çekişdiler. Alaş ordanyň liderleri 1928-nji ýýla çenli Komunist partiýanyň içinde möhüm rol oýnadylar. Olar gazaklaryň milli birligini goramak üçin köp meselerde Sowet hökümedi bilen pikir-düşünje taýdan çaknyşdylar. Netijede 1928-nji ýylyň aprel aýynda ―buržuwa milliýetçileri‖ diýlip günäkerlendiler we sürgün edildiler. Medeniýet we ylym Gazagystanda rus dilinde bilim bermeklik ruslaryň basybalamalary netijesinde XVIII asyrda başlapdyr. Patyşa hökümeti gazaklaryň bilim alýan mekdeplerinde ruslaşdyrma syýasatyny esas maksat edip goýupdyr. 1786-njy ýylda Ombide (Omsk) we 1789-njy ýylda Orenburgda açylan hökümet 205 mekdepleri ilkinji rus mekdepleriniň başynda gelýärler. Esasanam gazak çagalaryna bu mekdeplerde döwlet hyzmatynda ulanmak üçin terjimeçilik ýa-da kätiplik bilimi berlipdir. 1825-nji ýylda Orenburgda Nepluýew harby mekdebi açyldy, 1846-njy ýýlda Omsk harby mekdebiniň düýbi tutulypdyr. Bu harby mekdeplerde rus hökümeti üçin harby hünärmenler we işgärler ýetişdirilipdir. Bu döwürlerde gazak öňde gelenleri-de bilim meselesi bilen çuňňur gyzyklanypdyrlar. 1841-nji ýýlda Jahangir han Bökeý ordasynda (Han ordasy) ilkinji gezek döwrebap bir mekdep açypdyr. Bu mekdepde okuwçylara rus, türk we gündogar dilleri, matematika, taryh, geografiýa Yslam dini dersleri okadylypdyr. XIX asyryň ikinji ýarymynda gazak topraklarynda rus mekdepleriniň sany köpelipdir. Ýöne gazak çagalarynyň aglabasy musulman mekdeplerinde ýa-da medreselerde bilim alýardylar. Munyň öňüni almak üçin Patyşa hökümeti musulman mekdepleriniň açylamygyny kynlaşdyrýan düzgünler geitirpdir. Hökümet organlary musulman mekdeplerini ýokary derejede berk gözegçilikde saklapdyr.Gazak çagalarynyň bu mekdeplere girmegi, rus edaralarynyň rugsat bermegi şertine baglanypdyr. Çagalaryny bu mekdeplerde birugsat okadanlara pul we türme jezalary berlipdir. Ruslaryň bu öňüni alyjy çärelerine garamazdan Gazagystanyň her sebitinde diýen ýaly, esasanam Yslam dininiň täsirli ýeri bolan Gazagystanyň günortasynda musulman mekdepleri açylmaga dowam edipdir. Gazaklaryň daşardan gelenlere garşy göreşleri halk edebiýatynda-da öz beýanyny tapypdyr. Gazak halk edebiýatynyň baş temasy galmyklara garşy göreşdir. Bu temany işleýänleriň başynda 1675-1768-nji ýyllarda ýaşap geçen Aktamberdi Jyraw, Ümtebaý (1706-1178) we Tatikara (XVIII 206 asyr) ýaly ozanlaryň atlaryny agzamak mümkündir. Emma XVIII asyr halk edebiýatynyň iň öňde gelen wekili Jyraw Buhar Kalkamanoglydyr (1668-1781). Ol Russiýa bilen Hytaýyň arasynda ökdelik bilen syýasat alyp baryp, garaşsyzlygyny goramagy başaran Abylaý hanyň maslahatçylaryndan biri bolupdyr. Buhar Jyraw öz eserlerinde bir tarapdan galmyk çozuşlaryna garşy edilen göreşi dillendiripidir, beýleki tarapdan bolsa Russiýa tarapyndan gelýäň howpa garşy halky birleşmegä çagyrypdyr. Ol ahlaki gymmatlyklara aýratyn üns beripdir. Hany halka garşy adalatly bolmaga çagyrypdyr. XIX asyr halk edebiýatynyň baş temasy ruslaryň basybalyjykly çozuşlary bolupdyr. Akyn diýlip atlanyrylan gazak bagşylary ruslara garşy bolan göreşleri, gazak topraklarynyň nähili talaň edilendigini aýdymlar bilen beýan edipdirler. Bu akynlardan (bagşy) Nysanbaý Akyn 1836-1847- nji ýyllarda rus basyblamalaryna garşy çykan Kenansary han liderligindäki gazaklaryň azat edijilik hereketini dessanlaşdyran meşhur bagşydyr. XIX asyrda ýaşan gazak bagşylary azatlyk edijilik göreşini şygyrlarda beýan etmek bilen çäklenmändirler, eýsem özleri hem söweş meýdanlarynda gahrymanlyklar görkezipdirler, azatlygyň simwoly bolupdyrlar. XIX asyryň ikinji ýarysynda gazak edebiýatynda yslamy akymyň peýda bolandygyny görmek bolýar. Bagşylar öz eserlerinde Yslamyň kanunlaryna we ahlaklylyga uly orun beripdirler. XIX asyryň ikinji ýarymynda Ýewropalylaşma tarapdary bolan gazak intelligensiýasy peýda bolmaga başlady. Olaryň arasynda Çokan Welihan, Ibraýym Altynsary we Abaý Kunanbaýýň aýratyň ýeri bardyr. Bu üç gazak öňde gelenleri bilim, pedagogika we edebiýat bilen baglanyşykly eserler ýazypdyrlar. Olar yza galaklykdan we garankydan 207 dynmaklygyň ýeke-täk ýolunyň ylym we döwrebap bilim bilen mümkün boljakdygyny halka düşündirdiler. Şeýle hem bu gazak intelligensiýasy döwrebap günbatar meteniýetine barmaklygyň rus dili we edebiýaty bilen mümkün boljagyny aýdypdyrlar. Abylaý hanyň agtygy bolan Çokan Kökçetawdaky Kusmuryb obasynda dünýä indi we 1865-nji ýylda Taldykorgan welaýatyndaky Altyn Emelde dünýäden ötüpdir. Çokan Peterburgda bolan ýýllarynda (1860-1861) rus ýazarlary we akyldarlary bilen dostluklar gurupdyr, olaryň pikirleriniň täsirinde galypdyr. Çokan Welihanow gyrgyzlaryň meşhur Manas dessanynyň bardygyny ilkinji bolup habar beren alym bolmak bilen, türki halklaryň medeniýetine saldamly goşant goşandyr. Şeýle hem Welihanow Marko Polodan soňra Kaşgara (Hytaýyň günbatary) gidip, ol yerde ylmy işler amala aşyran ilkinji alym, etnograf, taryhçy, gündogarşynas we folklorjydyr. 1850-nji ýylda dünýä inen Ybraýym Altynsary Orenburgda gazak çagalary üçin açylan ýedi ýyllyk rus mekdebini 1857-nji ýylda tamamlady. Altynsary gazaklarda ilkinji döwrebap mekdep ulgamynyň düýbüni tutujydyr. Ol Patyşa hökümetiniň garşy çykmagyna garamazdan halkdan ýygnan pullary bilen 1864-nji ýýlda Torgaýda gazak çagalary üçin başlangyç mekdep açdy. Altynsary gazak gyzlarynyň hem ylym-bilim almagy üçin uly alada etdi we onuň tagallalary bilen 1888-nji ýylda gyzlar üçin mekdep-internaty açyldy. Altynsary gazak topraklaryny basyp alan ruslar bilen deň hak we hukuga eýe bolmak üçin diňe ylym-bilimli nesli kemal getirmeklidigine ynanypdyr. Ol pedagogikadan gazakça kitaplar ýazypdyr. Ol ilkinji gazakça grammatika kitabyny we ilkinji gazakça-rusça sözlügini taýýarlapdyr. 1845-nji ýylda dünýä inen Abaý (Ybraýym) Kunanbaý döwrebap gazak edebiýatynyň düýbüni tutujydyr. Başlangyç 208 bilimini ýörite mugallymlardan aldy, soňra medresede bilim aldy. Ol gazaklaryň adaty durmuşlaryny tankyt edýän liriki goşgular ýazdy. Abaýyň bu goşgulary gazak steplerinde ýaýrapdyr we ýat tutulypdyr. Onuň eserleri gazaklary döwrebap ylym we bilim almaga, diňe haýwanjylyk bilen meşgul bolman täze hünärler gazanmaga, senetçilk we ekerançylyk bilen meşgul bolmaga, söwda etmeklige çagyrýardy. Çokan Welihan, Ybrayym Altynsary we Abaý Kunanbaýyň özlerinden soňra gelen gazaklar intelligensiýaysnyň üstünde uly täsiri bolupdyr. Esasanam bu ýagdaý Alyhan Bökeýhan (1866-1937), Ahmet Baýtursun (1873-1937) we Mir Ýakup Dulatyň (1885-1935) liderligindäki intelligensiýa toparynyň işlerinde we eserlerinde aýdyň görülipdir. Gazaklaryň ilkinji gazetleri XIX asyryň ikinji ýarymynda peýda bolmaga başladylar. 1870-nji ýylyň 28-nji martyndan başlap ―Türküstan welaýatynyň gazeti‖, 1888-1902-nji ýyllarda bolsa ―Dala welaýatynyň gazeti‖ çykdy. Ýöne bu gazetleriň ikisi hem Patyşa Russiýasynyň resmi organlarydy. Ýöne gazak metbugatynyň hakyky doguşy 1905-nji ýyldaky rus rewolýusiýasyndan soňra bolupdyr. Gazak intelligensiýasynyň çykaran ilkinji gazetleri: ―Serke‖ (Peterburg, 1907-nji ýyl), ―Gazak‖ (Troýsk, 1907) bolupdyr. Ýöne bu gazetleriň diňe bir sany çykypdyr, şol sebäpli hem halkyň üstünde täsiri bolupdyr diýsek ýalňyş bolar. Ondan soňra 1911-nji ýylda ―Gazagystan‖ atly bir gazet çykdy. Bu gazediň ilkinji dört sany Ordada (Bökeý Orda) 1911-nji ýylda çykan hem bolsa, soňraky iki ýylda gadagan edildi. 1913-nji ýylda täzeden çykmaga başlady we jemi 14 sany çykdy. Bu gazet gazak aristokraty Soltan Şahyngereý Bökeýogly tarapyndan çykarylypdyr. 209 1911-nji ýyldan başlap Troýskda gazakça ―Aý Gap‖ atly bir žurnal çykmaga başlady we 1915-nji ýyla çenli 88 sany çykypdyr. Bu žurnal döwrebap gazak edebi diliniň kämilleşmegine uly goşant goşupdyr. Gazak metbugatynyň iň esasy gazeti ―Gazak‖ bolupdyr. 1913-nji ýylyň martndan 1918-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli Orenburgda hepdelik gazet bolup çykypdyr. Tiražy sekiz müňe çenli çykan bu gazeti çap eden Mustafa Orazaýogly, baş ýazarmany bolsa Ahmet Baýtursun bolupdyr. ―Gazak‖ gazeti gazaklaryň milli, syýasy we sosial hemme meseleleriň üstünde durlupdyr we çözmek üçin ýollar gözlenipdir. Bu gazet 1917-nji ýylyň iýul aýyndan başlap gazaklaryň milli partiýasy bolan Alaşyň metbugat organy boldy. ―Gazak‖ gazeti 1918-nji ýylda Sowet hökümedi tarapyndan ýapyldy. Bulardan başga-da dürli ýyllarda gazaklar metbugatda gazetdir-žurnallary çykarypdyrlar. Ýöne biz olaryň ilkinjileri we iň esasylarynyň üstünde durmaklygy makul bildik. Umuman aýdaymyzda gazaklar öz milliliklerini goramak ugrunda medeniýetde we ylymda halkyň derejesini ýokary götermek ugrunda göreşipdirler. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling