Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Gazagystan Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet78/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   74   75   76   77   78   79   80   81   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Gazagystan Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda 
1941-nji 
ýylyň 21-nji iýunynda Germaniýanyň 
ähtiýalanlyk bilen Sowetleriň üstüne çozmagy netijesinde 
SSSR-iň hemme ýerinde bolşy ýaly Gazagystanda hem halk 
duşmana garşy birleşdi. Urşuň başlamagy bilen Gazagsytanyň 
ilatynyň düzüminde düýpli üýtgeşiklikler bolup geçdi. Bir 
tarapdan zähmete ukyply erkekler Gyzyl Goşuna alynýardylar, 
beýleki tarapdan bolsa duşman tarapyndan basyp alnan 


215 
topraklardan we duşmanyň ýoly üstündäki topraklardan 
getirilen halk Gazagystana ýerleşdirilýärdi. 
1941-1942-nji ýyllarda Gazagystanda dürli işlerde 
işleýän zenanlaryň sany birden artdy. Meselem 1941-nji ýylyň 
1-nji iýulynda Ust-Kamenogorskiyniň kärhanalarynda bary-
ýogy 488 zenan maşgala işleýän bolsa, 1942-nji ýylyň 1-nji 
iýunynda olaryň sany 2213 bolupdyr. Bu ýagdaýa 
Gazagsytanyň hemme ýerinde duş gelmek bolýardy.
Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Gazagystanyň 
demirýolçylary hem uly işleri amala aşyrdylar. 1941-1942-nji 
ýyllarda Gazagystanyň demiýollaryndan bir milliona ýakyn 
Sowet halky ewakuirlendi. 
Söweş ýyllarynda Gazagystanyň möhüm oba hojalyk 
pudagy bolan bugdaý hasylyny ýygnamaklyk uly depginde 
alnyp barlypdyr. Ýöne awtoulaglar, traktorlar we hat-da atlar 
fronta iberilenligi sebäpli dänäni bir ýerden başga bir ýere 
äkitmek üçin hem ulag tapylanokdy. Bütin kynçylyklara 
garamazdan 1941-nji ýylda Gazagystan Respublikasy döwlete 
100 271,1 müň put bugdaý tabşyrdy. Germaniýanyň günbatar 
taraplaryndaky bugdaý öndürýän sebitleri basyp almagy 
netijesinde, SSSR-iň gündogar sebitleri esasy iýmit merkezlere 
öwrülipdi.
Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Gazagystanly 
gerçekler hem söweş meýdanlarynda mertliklerini görkezdiler. 
Gazagystanyň ilatynyň 1 200 000 töweregi Beýik Watançylyk 
urşuna gatnaşdylar. Olar Moskwanyň we Leningradyň 
goragynda, Wolga boýundaky söweşlerde, Ukrainaynyň, 
Belorussiýanyň 
we 
Pribaltika 
respublikalarynyň 
azat 
edilmeginde we beýleki söweşlerde mertlerçe söweşdiler. 
Elbetde söweşde ölmek hem bar, ýaralanmak hem… 
Gazagsytanda 1945-nji ýylyň 1-nji maýynda 27 600 ýetim 
çagany terbiýeleýän 179 sany çagalar öýi işleýärdi. Uruş 


216 
ýyllarynda çagalar öýleri ene-atasy ýogalan 93 153 çagany 
kabul edip, olaryň 64 000-üni işe ýerleşdirildi. Bu döwürde 
ýetim 
galan 
çagalaryň 
9200 
sanysy 
Gazagystanly 
maşgalalarynyň haýyşy bilen ogul-gyz edilip alyndy. 
Germaniýa 
garşy 
söweşlerde 
görkezen 
gahrymançylyklary üçin Gazagystanly 500-e ýakyn gerçege 
Sowet Soýuzynyň Gahrymany ady dakyldy. Beýik Watançylyk 
urşy ýyllarynda SSSR-iň orden-medallaryna mynasyp 
bolanlaryň 96 338-i gazaklar bolupdyrlar. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   74   75   76   77   78   79   80   81   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling