Türkmenistanyň Bilim ministrligi
-njy ýylyň gozgalaňy we gazaklar
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
1916-njy ýylyň gozgalaňy we gazaklar
Birinji jahan urşunda rus goşunlary uly ýitgiler çekipdiler. Bu ýitgileriň öwezini dolmaklyk meselesi rus hökümedini çuňňur pikirlenmäge iteripdi. Çünki urşuň ilkinji ýyllarynda Merkezi Aziýadan hiç kim urşa alynmandy. Bu ýerdäki ýerli halk ýaly bu ýerde doglan ýa-da 15 ýaşyndan kiçi wagty bu ýere gelen Ruslar hem harby gulluga alynanokdylar. Ýöne urşa alynanok diýsek ýerli halk ezilenokdy diýmek ýalňyş bolar. Sebäbi rus hökümedi ýerli halka agyr salgtytlar salýardy. Urşuň ilkinji ýyllarynda Türküstan general-gubernatory Kuropatkin 2 400 000 rubl ―sowgat‖ we 20 000 000 rubl ―söweş harajaty‖ salgydyny halkdan ýygnapdy. 1915-nji ýýlyň 1-nji ýanwaryndan başlap Türküstanlylara harby gulluga gitmeýändikleri üçin girdejileriniň 21%-ine salgyt goýlupdy. Urşuň başlamagy bilen Merkezi Aziýanyň esasy girdejilerinden biri bolan pagtaynyň eksporty durupdy. Türküstana gelýän azyk önümleri 400 % gymmatlapdy. Bularyň üstüne bir-de Ruslar ýerli halkyň elindäki haýwanlary (at, goýun) arzan bahadan satyn alýardylar. Şeýle hem ruslaryň sebite getirilip öz topraklarynyň ellerinden alnyp, olara berilmegi halky bimaza eden başga bir faktordy. Uruş ýyllarynda bolsa söweş ýesirleri Merkezi Aziýadaky ýesir lagerlerine getirildiler. Ruslar 25 müň töweregi awstriýaly we wengriýaly ýesiri Çelýabinsk, Orenburg, Petropalowsk, Ust- Kamenogorsk ýaly ýerlerdäki lagerlere ýerleşdirdiler. Bulardan başga-da 200 müň töweregi söweş ýersi Türküstanyň dürli sebitlerindäki lagerlere iberildiler. 202 Frontlarda uly ýitgiler çeken rus hökümedi Türküstanyň halkyny söweşe almaklyk baradaky pikiri kämilleşdirip işlemäge başlady. Gazaklaryň metbugat organy bolan ―Gazak‖ gazedi bolsa gazaklara hem rus kazaklary bilen deň derejede haklaryň berilmelidigini ýazýardy. Gazak liderleri hem gazaklaryň tylda garym gazmak üçin däl-de atly goşuna alynmalydygyny nygtaýardylar. Elbetde gazaklaryň harby borçly däldiklerini aýdýanlar-da köpdi. Rus hökümedi Petrogradda gazaklaryň wekiliýetçilikli toparlary bilen duşuşyklar geçirip, olaryň pikirlerini, isleglerini diňlän hem bolsa olara anyk jogap bermän yzyna iberdi. 1916-njy ýylyň 25-nji iýunynda Rus Patyşasynyň yglan eden permany bilen 19-43 ýaş arasynda 500 müň ilatyň uruşda tylda hyzmat bermek üçin harby gulluga alynjakdygy bildirildi. Bu sanyň ýarysy gazaklaryň we gyrgyzlaryň ýaşaýan topraklardan (Uraldan 50 müň, Akmolladan 48 müň, Semipalatinskden 85 müň, Turgaýdan 60 müň) ýygnalmalydy. 1916-njy ýylyň 11-nji iýulynda Daşkentde ruslara garşy ilkinji aýaklanma habary özbek we gazak obalaryna ýaýrapdy. Şeýlelikde gazaklaryň arasynda ilkinji gozgalaň hereketleri Syrderýa oblastynyň Öwlüýä Ata uýezdinde başlady. Iýul- awgust aýlarynda bu gozgalaň herekedi Ural oblastyna çenli baryp ýetdi. Gazaklar ýerli döwlet işgärleriniň üstüne hüjüm edip, maşgalalaryna degişli resminamalary ýok edýärdiler. Munyň netijesinde Ural oblastyndan äkidilmeli 50 müň adamdan diňe 18 müň kişi tylda hyzmat üçiň ýygnaldy. Akmolla (Akmolinsk) we Semeý (Semipalatinsk) oblastlarynda hem gozgalaň 1916-njy ýýlyň sentýabr aýynda başlap, noýabra çenli dowam etdi. sentýabr aýynda Semipalatinsk oblastynyň Zaýsan uýezdinde müň, Semeý uýezdinde 7 müň, Öskümen (Ust-Kamenogorsk) uýezdinde 3 müň, Akmolinsk oblastynyň Akmolla uýezdinde 30 müň kişi, 203 Atbazar uýezdinde 7 müň, Kökçetaw uýezdinde bolsa 5 müň adam gozgalaň turzupdyr. Olaryň üstüne 11 pyýada we 11 atly goşun iberilipdir. Çaknyşyklarda her iki tarapdan hem köp pida bolupdyr. 1916-njy ýylyň noýabr aýynda Semeýden ýygnanmaly 85 müň adamdan 50479, Akmolladan ýygnanmaly 48 müň adamdan 27773 sanysy ruslara hyzmat üçin harby gulluga alyndylar. Iň esasy çaknyşyklaryň bolan ýerlerinden biri hem Turgaý oblastydyr. Bu ýerde ýaşaýan gypjak, naýman we Argun uruklary öz aralaryndaky gadymdan bäri dowam edip gelýän duşmanlyklaryny bir tarapa goýup, ruslara garşy birleşdiler. Ýöne harby güçler deň däldi. Top, pulemet we beýleki ýaraglar bilen üpjün rus goşuny bu gozgalaňy hem basyp ýatyrdy. Agyr söweş salgytlaryna we harby hyzmata garşy çykyp gozgalaň turzan gazaklar ýeňildiler. Ruslar halkyň elindäki zatlary salgydyň öwezine alypdyr we 100 müň ýakyn gazagy-da tylda hyzmat üçin goşuna alypdyr. 40 müňe golaý hojalygy bolsa gozgalaňa gatnaşdy diýip çöle sürlüpdir. Gozgalaňlara ýolbaşçylyk edendikleri üçin ýüzlerje gazak öldürülipdir. Ruslaryň zulumyna çydap bilmedik 300 müňden gowrak gazak Hytaýa gidipdir. Gazaklardan alnan topraklar ruslara paýlanyp berlipdir. Bu gozgalaňlaryň netijesinde iň uly zyýany çekenler Türki halklardyr. Elbetde rus hökümediniň hem maddy we ynsan ýitgileri ulydyr. Hat-da 1917-nji ýýlda rewolýusiýanyň çymagyny çaltlaşdyran sebäpleriň biri bu gozgalaňlardyr diýip bileris. Ýöne türki halklaryň ruslara garşy bu ýeňlişiniň iň esasy sebäbi, bu gozgalaňlary edara etjek merkeziň bolmaýyşydyr. Her uruk, her oba aýry-aýry, bir-birlerinden üzňe ruslara garşy göreşýardi… |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling