Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Gazaklaryň sosial-ykdysady ýagdaýy
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Gazaklaryň sosial-ykdysady ýagdaýy Birinji jahan urşundan öň Russiýanyň günbatar taraplaryndan Gazagystanyň topraklaryna getirilen ruslaryň sany üç milliona ýetipdir. Şol döwürde sanlary bir million töweregi bolan gazaklar üçin gelen ruslaryň sany örän ulydyr. Bu ruslaryň 90%-i ekerançylyk, 10% bolsa senetçilik we söwda bilen meşgul bolýardylar. Haçan-da ruslara we gazaklara topraklar paýlanylanda ruslara has bereketli topraklaryň berilmegi netijesinde gazaklar näçe zähmet çekseler hem hasyllary o diýen gowy netije bermeýärdi. Bu ýagdaýda gazaklar haýwanjylyga has üns bermäge başladylar. Bir tarapdan ruslaryň ekerançylykdaky ýokary hasyllary, beýleki tarapdan gazaklaryň maldarylykdaky üstünikleri netijesinde gazaklaryň hal-ýagdaýlary has gowulaşmaga başlapdy. Sebäbi 200 ruslaryň basyp almagyndan soňra halkyň iýmit meselesi çözülüpdi. Munyň netijesinde ruslar we gazaklaryň arasynda belki birinji gezek söwda gatnaşygy guruldy. Gazaklar ruslara haýwan we haýwan önümlerini, ruslar bolsa gazaklara ekerançylyk önümlerini satmaga başladylar. Bu söwdanyň netijesinde ruslaryň Gazasytandaky girdejileri üç esse köpelipdir. Meselem 1882-nji ýylda ruslar söwda arkaly Akmolinsk (Akmolla) welaýatyndan 6,6 million rubl girdeji alan bolsalar, 1900-nji ýylda bu girdeji 18 million rubl bolupdyr. Bu ýagdaý beýleki welaýatlarda hem şuňa meňzeş netijeler beripdir. XX asyryň başlarynda rus hökümetdiniň ýerasty magdana baý gazak topraklaryndaky käbir magdanlary işlemäge başlamagy, gazaklaryň durmuşynda başga bir üýtgeşklik getiripdir. Ruslar tarapyndan dolandyrylan kömür we mis ojaklarynda 20 müňe ýakyn gazak, işçi bolup işlemäge başlapdyr. Bu döwürde gazaklar ykdysady taýdan üç topara bölünipdir. Gazaklayň garyp-pukara bolan 70%-i maldarçylygy taşlap, ekerançylyga başlapdyrlar. Emma olara berlen topraklaryň bereketsiz bolmagy netijesinde, bir bölegi ruslaryň elinde işçi bolup işläpdirler. Ekerançylyk bilen meşgullanan gazaklaryň aglabasy oturymly durmuşa geçipdirler. Şol sebäpli we esasan hem ruslaryň sanynyň köpelmegi netijesinde şäherleşme başlapdyr. Ikinji topar gazaklaryň 25%-inden ybarat bolupdyr. Olar ruslar tarapyndan belli şertlerde berlen topraklarda maldarçylyk we ekerançylyk edip güzeranlaryny aýlapdyrlar. Üçünji topar bolsa ilatyň 5%-inden ybaratdy. Halkyň bu bölegi Ruslar bilen ýakyn aragatnaşayk saklapdyr we maddy ýagdaýlary gowy bolupdyr. Ýöne şu ýerde bir zady aýratyn belläp geçmeldiris, ülkeleriniň iň bereketli toprklarynyň ruslara berilmegi, özlerine bolsa hasyly pes bolan topraklaryň 201 berilmegi, şeýle hem mallary üçin otlak ýerleriniň az bolmagy, guraklyk ýyllarynda-da ruslaryň gazaklardan salgyt almaga dowam etmeklikleri gazaklary örän bimaza edýärdi. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling