Türkmenistanyň Bilim ministrligi
III BÖLÜM Gazagystan garaşsyzlyk ýyllarynda (1991-2010)
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
III BÖLÜM
Gazagystan garaşsyzlyk ýyllarynda (1991-2010) Garaşsyz Gazagystanyň içeri syýasaty Sowet Soýuzynyň dargamagy netijesinde Gazagystan 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda garaşsyzlygyny gazandy. Döwletiň ilkinji we häzirki wagtdaky Prezidenti Nursultan Abişewiç Nazazarbaýewdir. Gazagystan garaşsylygyny alanyndan soňra Gurýew oblastynyň ady Atyrau oblastyna, Gurýewiň ady Atyrau, Kokçetaw oblastynyň ady Kokşetau, Çimkeniň ady Şymkent, Selinogradyň ady Akmola diýlip üýtgedildi. 1992-nji ýylyň 3-nji martynda Gazagystan Birleşen Milletler Guramasyna agza hökmünde kabul edildi. 1993-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Gazagystanyň Konstitusiýasy kabul edildi. 1993-nji ýýlyň 15-nji noýabrynda milli pul birligi ―tenge‖ dolanyşyga girizildi. 1995-nji ýylyň 30-njy awgustynda Gazagystanyň täze Konstitusiýasy referandum bilen kabul edildi. 1996-njy ýylyň 3-nji aprelinden başlap Gazagystanyň gazak raýatlary öz familiyalaryny we atalarynyň atlaryny taryhy milli adatlara görä üýtgetmäge hukuk gazandylar. 1997-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Gazagystanyň Prezidentiniň permany bilen Astana şäheri (1998-nji ýylyň 6- njy maýyna çenli Akmola) Gazagystnyň paýtagty diýlip yglan edildi. 1999-njy ýylyň 10-njy ýanwarynda Nursultan Nazaraýew gazak halkynyň 79,78 %-niň goldawy bilen ýedi ýyllyk möhlet bilen Gazagsystanyň Prezidentligine saýlandy. 1999-njy ýylyň 4-nji martynda Gazagystanda ilkinji milli ilat ýazuwy geçirildi. 224 2005-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Nursultan Nazaraýew gazak halkynyň 91,15 %-niň goldawy bilen ýedi ýyllyk möhlet bilen Gazagystanyň Prezidentligine saýlandy. Bu saýlawda ilkiji gezek elektron ses bermeklik ulgamy ulanyldy. 2008-nji ýylyň 18-nji iýulynda täze döwlet baýramçylygy yglan edildi: Paýtagt güni. Gazagystanyň döwlet baýramçylyklary: 1-2-nji ýanwar – Täze ýyl 7-nji ýanwar – Roždestwo 8-nji mart – Halkara aýal-gyzlar güni 22-nji mart – Nowruz 1-nji maý – Gazagystanyň halkynyň raýdaşlyk güni 7-nji maý – Watan goragçylarynyň güni 9-njy maý – Ýeňiş güni 6-njy iýul – Prezident N. A. Nzarbaýewiň we paýtagtyň doglan güni 30-njy awgust – Konstitusiýa güni 25-nji oktýabr – Respubliakynyň güni 16-njy dekabr – Garaşsyzlyk güni Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling