Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet89/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   85   86   87   88   89   90   91   92   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Senetçilik: 
Gyrgyzlaryň 
ykdysady 
durmuşynda 
senetçilik möhüm rol oýnapdyr. Olar diňe özlerine gerek zatlary 
ýasapdyrlar. Keçe, agaç we demir önümleri, aýakgap, ýuwelir 
önümler we beýlekiler olardan belliräkleridir. Ýüňden köp sanly 
egin-eşikler örülipdir, dikilipdir.
Şeýle hem taar dokamajylygy (keşdeli ýüň el matasy) 
meşhur bolupdyr. Taardan çepken (eşik), şalça (ýere sermek 
üçin ýüň mata), baştyk (sumka), kurjun (horjun), şym (balak), at 
žabuu ýa-da kulakçyn (atyň üstüni örtmek üçin ýüň mata) we 
beýleki önümleri taýýarlapdyrlar. Gyrgyzystanyň günortasynda 
bolsa haly dokapdyrlar.
Ýerli halk deriden içik (içmek), tebeteý (başgap - şapka), 
köldöläň (ýere sermek üçin eýlenen bagana), tulup (deri sumka), 
saboo (gymyz üçin deriden gap), supra (saçak) we beýleki 
zatlary ýasapdyrlar. Gyrgyzlar aýakgap, kemer we ş.m. zatlar 
üçin deri eýlemeklik bilen meşgullanypdyrlar. Ýöne bu derileriň 
hili pes bolupdyr.
Gyrgyz senetçiliginde erkekler we zenanlaryň ýeri doly 
aýrylypdyr. Ýüň önümlerini, deri işleri, el işleri, matadan dikiş 
işleri we dokamajylyk bilen zenanlar meşgullanypdyrlar. Galan 
beýleki işler bilen erkekler tarapyndan ýerine ýetirilipdir. 
Erkekleriň esasy işleriniň biri agaç ussaçylygy bolupdyr. Şeýle 
hem olar demir ussaçylygy we zergärçilik işini alyp barydyrlar. 
Köp halatda demir ussasy şol bir wagtyň özünde zergärçilik 
hem edipdir. Bu işler bilen meşgullanýan gyrgyzlar köplenç 
atadan-ogla öz hünärlerini öwredipdirler. 


244 
Awçylyk: Gyrgyzlaryň ykdysady durmuşynda awçylyk 
möhüm orny eýeläpdir. Gyrgyzlar üçin aw etmek bir tarapdan 
goşmaça girdeji bolsa, beýleki tarapdan bolsa asylzadalar üçin 
göwün açmaklyk bolupdyr. Gyrgyzlar daglarda geçi, arhar 
(ýabany dag goýuny), maral, gunduz, gulan, möjek, aýy, bars, 
gaplaň, towşan, we beýleki ýabany haýwanlary we guşlary 
awlapdyrlar. 1858-nji ýylda bugu taýpasynyň awçylary 3000-e 
ýakyn tilki we 1500-den gowrak gunduz awlapdyrlar. 
Ýörite eldekileşdirilen ýabany guşlar bilen we aw itleri 
aw etmeklik ýörgünli bolupdyr. Şeýle hem gapanlar we beýleki 
dürli duzaklar ulanylypdyr. Elbetde ýarag ulanylypdyr, 
esasanam ―türük‖ diýilýän görnüşi köp ulanylypdyr. 
Arharyň, ýabany geçilerin etleri azyk makastly 
ulanylypdyr. Olaryň derisi bolsa diňe hojalykda ulanmak üçin 
däl, eýsem satyş makastly hem ulanylypdyr. Awçylyk diňe et 
we deri üçin däl, esasanam maldarçylyga we ekerançylyga 
zyýan berýän möjek, aýy, bars, ýekegapan ýaly ýabany 
haýwanlary ýok etmeklik üçin hem edilipdir.
Gyrgyzystanyň kölleri we derýalary balyga baý hem 
bolsa, ýerli halk balykçylyk bilen känbir meşgullanmandyr. 
Söwda: Gyrgyzlar Hytaý, Russiýa we hanlyklar bilen 
öňden bäri ýakyn söwda gatnaşyklaryny ýola goýupdyrlar. 
Gyrgyzlaryň ýaşaýan topraklaryna matalar, ýüpek matalar, deri, 
aýakgap, çaý, şeker, duz, gaçlar, demirden ýasalan zatlar, ýarag, 
kakadylan miweler, çörek, tüwi, bal, tütün, aýna, gulakhalka, 
ýüzük, monjuk we beýleki zatlar getirilipdir. Gyrgyzystandan 
bolsa umuman mal, ýüň we maldarçylyk önümlerini 
äkidipdirler.
Umuman Russiýadan, Hytaýdan we hanlyklardan 
kerwenler bilen gelen täjirler daglary aşyp gyrgyzlaryň ýaşaýan 
ýerlerine gelip, söwda edipdirler. Söwda edilende haryt alyş-
çalyşy edilipdir. Bu alyş-çalyş edilende goýun iň esasy haryt 


245 
birligi bolupdyr. Gyrgyzlar we galmyklar känbir pulyň 
nämedigini hem bilmändirler we bir haryt alanlarynda goýun 
berip söwda edipdirler.
Gyrgyzlaryň özleri hem başga ýerlere gidip söwda 
edipdirler. Esasanam Hytaý bilen söwda aragatnaşygyny ýola 
goýan gyrgyzlar bu döwlete sugunýň şahyny äkidipdirler. Bu 
şahlaryň Hytaýda ýokary bahadan müşderileri bolupdyr. 
Sugunyň şahlary dermanlyk diýlip hasaplanypdyr. Gündogar 
Türküstana (Hytaýyň günbatary) mal äkidýän esasy söwdagärler 
gyrgyzlar bolupdyrlar.
Gyrgyzystan Russiýa bilen hem söwda gatnaşygyny ýola 
goýupdyr. Russiyadan gyrgyzlaryň topraklaryna esasan demir 
we mis önümleri, nah we ýüň matalar we beýleki harytlar 
getirilipdir. Russiýadan gyrgyzlara bolsa şeker, tütün, sabyn, 
hojalyk harytlary we dürli beýleki harytlar getirilipdir.
Merkezi Aziýadan Russiýa Patyşalygyna bolsa 
maldarçylyk we ekerançylyk önümleri äkidilipdir: Pagta, miwe, 
mal, ýüň, deri we ýüpek matalar. 
Maldarçylyk we ekerançylyk bilen meşgullanýan gyrgyz 
halky hojalyk harytlarynyň hemme görnüşini öndüripdir. Her 
bir gyrgyz maşgalasy diýen ýaly özüni diňe azyk bilen däl, 
eýsem egin-eşik, köwüş we hat-da iş esbaplary bilen hem üpjün 
etmegi başarypdyr.


246 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   85   86   87   88   89   90   91   92   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling