Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Gyrgyz halkynyň kemala gelmegi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
235 Gyrgyz halkynyň kemala gelmegi Türki halklaryň arasynda iň gadymylaryndan biri hem gyrgyzlardyr. Hytaý çeşmelerindäki maglumatlara görä, gyrgyzlar ilkinji döwletlerini b.e. öň III asyrda gurupdyrlar. Bu ilkinji gyrgyz döwletiniň ady ―Ki-Ku, Kie-Ku‖ bolupdyr. Gyrgyzlar bu ilkinji döwlerlerini guran döwürlerinde olaryň topraklary häzirki Gyrgyzystanyň gündogary bilen demirgazyk- gündogary sebitlerini öz içine alypdyr. Alymlara görä bu sebit ―Andronowo medeniýeti‖ diýilýän ýerdir we türki halklaryň bu ýerlerde b.e. öň 3000-nji ýyllarda hem ýaşandyklary bilinýändir. Belli bir wagtdan soňra bu gyrgyzlaryň bu döwleti ýykylýar we gyrgyzlar Beýik Hun döwletiniň häkimiýeti astynda ýaşaýan boýlar bilen bilelikde ―Usun bileleşiginiň‖ içinde ýaşamaga başlapdyrlar. Beýik Hun döwletiniň günbatarynda gurulan bu boýlar bileleşigi hunlaryň döwletiniň güýjüniň pese gaçmagy bilen dargapdyrlar. Gynansak hem mundan soňraky birnäçe asyr barada taryhy çeşmelerde anyk maglumatlar ýokdur. VI asyryň ikinji ýarymynda has takygy 560-njy ýylda Mo-kan kaganyň döwründe Göktürkmen döwletiniň häkimiýetine giren gyrgyzlar bir asyr töweregi göktürmenlere bagly ýaşapdyrlar. Gyrgyzlar Göktürkmen döwletinde galagopluk ýyllarynda (648-nji ýyllarda) özbaşdak hereket etmäge başlapdyrlar we hytaý bilen gatnaşmaga başlapdyrlar. Ýöne 699-njy ýylda täzeden Göktürkmenleriň häkimiýetini kabul etmäge mejbur bolupdyrlar. Göktürkmenlere degişli daş ýazgylaryndaky maglumatlara görä gyrgyzlar aňsatlyk bilen göktürkmenleriň häkimiýetini kabul etmändirler we köp wagtlap azar beripdirler. Gyrgyzlar bu wakalardan soňra özbaşdaklyk ugrunda göreşmegi goýupdyrlar we söwda bilen meşgullanmaga başlapdyrlar. Olaryň ýaşaýan sebitleri söwda kerwenleriniň geçýän ýeri bolandygy üçin dürli halklaryň täjirleri bilen 236 gatnaşyk gurupdyrlar we olar bilen iş salşypdyrlar. Gyrgyzlar barada eýranly, wizantiýaly we hytaýly täjirler dürli maglumatlar beripdirler. Olaryň ýaşaýan sebitlerine syýahat eden täjirleriň maglumatlaryna görä gyrgyzlar saryýagyz we mawy gözli bolupdyrlar. Göktürkmen döwletiniň ýykylyşyndan soňra döwletiň başyna uýgurlaryň geçmegine garşy çykan gyrgyzlar olara garşy herekete geçipdirler. Gyrgyzlar bilen uýgurlaryň arasyndaky dartgynlylyk ýaragly çaknyşyga öwrülipdir we aralarynda bolup geçen söweşde gyrgyzlar ýeňiş gazanypdyrlar. Olar 839-njy ýýlda uýgur hanyny öldürüp uýgurlarýn döwletini ýykypdyrlar. Bu taryhy möhüm wakadan soňra, 840-njy ýyldan başlap özbaşdak döwlet dolandyrmaga başlan gyrgyzlaryň bu häkimiýeti bir asyr töweregi dowam etdi. Bu döwürde gyrgyzlar maldarçylyk we ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar, altyn we demir işläpdirler. Iň esasy eksport harytlary misk bolupdyr. Gyrgyzlaryň bu döwleti 924-nji ýylda Kitanlar (Liao nesilşalygy) tarapyndan ýykylanyndan soňra gyrgyzlar häzirki Gyrgyzystan topraklaryna, ýagny günbatara tarap çekilipdirler. Şaman bolan gyrgyzlaryň arasynda Yslam VIII asyrda Ferganadaky ýeňişlerden soňra ýaýramaga başlapdyr. Gyrgyzlar esasanam Garahanlylaryň häkimiyeti döwründe Yslam dinine giripdirler. Garahanlylardan soňra gyrgyzlaryň ülkesi Garahytaýlaryň golastyna giripdir. XIII asyryň başlarynda Çingiz han gyrgyzlaryň goňşusy bolup ýaşaýan merkitleri we naýmanlary özüne tabyn edeninde, gyrgyzlary hem zor bilen häkimiýetiniň astyna alypdyr. Şol döwürde gyrgyzlaryň hökümdary Urus-Inal mongollara garşy gahrymanlarça göreşen hem bolsa Çingiz hanyň goşunynyň öňünde durup bilmändir. 1217-nji ýylda gyrgyzlar mongol häkimiýetine garşy gozgalaň turzan hem bolsalar, bu gozgalaň ýatyrylypdyr. Köp wagt geçmänkä gyrgyzlar täzeden 237 mongollara garşy gozgalaň turzupdyrlar. 1399-njy ýyldaky bu ikinji gozgalaň gyrgyzlaryň üstünligi bilen tamamlanypdyr we gyrgyzlar garaşsyzlyklaryny gazanypdyrlar. Ýöne ol döwürlerde Merkezi Aziýada garaşsyz bolup ýaşamak örän kyndy. Özüni Çingiz hanyň döwletiniň mirasdüşeri yglan eden Teýmirleňiň Gyrgyzystany basyp almagy, mongol kowumlarynyň yzygider hüjümleri we assa ýuwaş demirgazykdan gelýän ruslar gyrgyzlary halys bezdiripdi. Bu wakalaryň bolup geçýän döwürlerinde Gyrgyzystana goňşy Fergana jülgesinde 1425-nji ýylda Abul Haýr tarapyndan Özbek döwleti gurlupdy. Emma bu döwletiň mongollaryň hüjümlerine garşy durup bilmeýişi netijesinde bir topar türki halk ―öz halkynyň howpsuzlygyny üpjün edip bilmeyän Abul Haýra hökümdar diýmeris‖ diýip häzirki wagtdaky Gazagystanyň düzlüklerine çekildiler we bu sebitleri özlerine watan edindiler. Gazak adyny alan bu türki halk bilen gyrgyzlar bilelikde ýaşamaga başlapdyrlar. Hat-da bu sebäpli gazak-gyrgyzlar hem diýlipdir. Gyrgyzlar bilen gazaklar bilelikde XVII asyryň ortalaryna çenli parahatçylykda ýaşadylar. Aziýada mongol üstünligi gutarandan soňra galmyklar Türküstana ýaýramaga başlapdyrlar. Ýöne galmyklar diňe topraklary basyp almak bilen çäklenmändirler, olar gyrgyzlary we gazaklary talapdyrlar, zalymlarça öldürüpdürler. Bu ýagdaýda gazaklaryň baştutanlaryndan Abulhaýyr han Ruslardan kömek sorady. Bu kömek çakylygyna derrew seslenen Ruslar gysga wagtyň içinde gazak topraklaryny eýelediler. 1848-nji we 1856-njy ýyllardaky basybalmalaryň netijesinde Ruslar Gazagystanyň hemme ýerini we Gyrgyzystanyň demirgazyk-günbataryny häkimiýetleri astyna aldylar. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling