Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Kokant hanlygynda gyrgyzlaryň hojalygy


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet88/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   84   85   86   87   88   89   90   91   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Kokant hanlygynda gyrgyzlaryň hojalygy 
Maldarçylyk: Gyrgyzlaryň hojalygynda asyrlardan bäri 
iň esasy orny maldarçylyk tutýardy. Gyrgyzystanyň tebigy we 
geografiki şertleri maldarçylyk üçin doly derejede ýeterlidi. 
Olar esasan goýun, at, iri şahly mallary, geçi, düýe we eşek 
saklapdyrlar. 
Ýöne 
gyrgyzlaryň 
Kokant 
hanlygynyň 
häkimiýetine girmezinden öň gyrgyzlaryň maldarçylygynda 
gylýalçylyk birinji orny tutýardy. Çünki atsyz hereket etmek 
mümkin däldi. Atlar hem münülipdir, hem-de ýük daşamak üçin 
ulanylypdyr. Ýagny gyrgyzlar üçin at, bir ýerden başga bir ýere 
göçmek üçin zerur ulag hökmünde gerek bolupdyr. Şol bir 
wagtyň özünde atyň gyrgyzlar üçin başga-da ykdysady manysy 
bardy. At eti gyrgyzlar tarapyndan azyk hökmünde ulanylypdyr. 
Olaryň iň gadyrly milli tagamy bolan bäşbarmak, esasan at we 
goýun etinden taýýarlanylypdyr. At süýdi bolan gymyz bolsa 
gyrgyzlaryň milli içgisidir. Atyň derisinden köwüş, gymyz üçin 
gap, atyň gylyndan bolsa elek, yüp we şm. zatlar ýasalypdyr. 
Gyrgyzlar Kokant hanlygynyň düzümine goşulanyndan 
soňra oturymly halk bilen söwda gatnaşyklarynyň ösmegi 
netşjesinde olaryň ykdysady durmuşynda goýundarçylyk esasy 
orny almaga başlapdyr. Gyrgyzlar goýun etini kakadyp gyşda 
iýmek üçin ýygnap goýupdyrlar. Goýnýn ýüňünden dürli 
keçeler, eşikler we hojalykda gerekli beýleki zatlar 
taýyarlanylypdyr. Şeýle hem özbek we kaşgarly täjirler bilen 
haryt alyş-çalyşynda goýun ulanylypdyr. 
Gyrgyzlar öz mallaryny suwa ýakmak üçin guýular 
gazmandyrlar. Çünki Gyrgyzystanyň daglyk we jülgelerindäki 
otluk ýerlerinde derýajyklar diýseň köp bolupdyr, ýagny 
mallary suwa ýakmak üçin ýeterli suw bolupdyr. 


242 
Ekerançylyk: Käbir eserlerde Kokant hanlygyna çenli 
gyrgyzlaryň ekerançylyk bilen meşgullanmadyklary barada 
maglumat berilýän hem bolsa, XVIII asyryň üçünji çärýegine 
degişli çeşmelerde gyrgyzlaryň bugdaý hasylyny alandyklary 
habar berilýär. 1821-nji ýylda Yssyk-kölde bolan Leşew atly 
harby gullukçy öz gündeliginde gyrgyzlaryň dary, hytaý 
bugdaýyny we nohut ekýandiklerini ýazypdyr. Şol döwürlere 
degişli beýleki ýatlamalarda, gündeliklerde ýa-da harby 
hasabatlarda 
gyrgyzlaryň 
ekerançylyk 
bilen 
meşgullanýandyklary habar berlipdir.
Ekerançylyk esasanam Fergana, Çu, Talas, Ketmen-tübe, 
Togoz-torou jülgelerinde we Yssyk-kölüň töwereklerinde has 
ýokary derejede alnyp barlypdyr. Fergananyň günorta-gündogar 
taraplaryna ýerleşen gyrgyzlaryň uly bir bölegi oturymly 
durmuşa geçipdirler we ekerançylyk olaryň esasy işi bolupdyr. 
Gyrgyzystanyň jülgelerinde we düzlüklerinde topraklar 
emeli usulda suwarylypdyr. Suwlama ulgamy örän ýönekeý 
bolupdyr, ýagny dagdaky çeşmelerden kiçeňräk kanallar arkaly 
suw çekilipdir we aryklaryň üsti bilen ekin meýdanlary 
suwarylypdyr. Suwlama ulgamyny ýola goýýan ýörite adamlar 
bolup olara mirap ýa-da kökbaş diýlipdir.
Gyrgyzystanyň günortasynda, esasanam Günorta-
Gündogar Ferganada mekkejöwen, pagta, şaly we bakja 
önümleri ýetişdirilipdir. Demirgazyk Gyrgyzystanda ekilen 
tohum we alynan hasyl göz öňüne alynanda dary birinji orunda 
bolupdyr. Munyň sebäbi bolsa dary ekilen topragyň işiniň az 
bolmagy we hasylynyň bolsa beýleki dänelilerden has köp 
bolmagydyr. Şeýle hem dary çalt bişipdir we degirmende 
üwemek aňsat bolupdyr. 
Gyrgyzlarda ekerançylygyň ýagdaýy barada ýerli halkyň 
elindäki degirmenler hem köp zady aýtmaga mümkinçilik 
berýär. 1849-njy ýýlda Yssyk-köl çöketliginde diňe bugu 


243 
tiresinde 25 sany suw degirmeni bar eken. Beýleki tirelerde-de 
degirmenler bolupdyr. 
Ýöne muňa garamazdan gyrgyzlar özlerini çörek bilen 
doly üpjün edip bilmändirler. Olayň esasy azyk harydy 
maldarçylyk önümleri bolupdyr. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   84   85   86   87   88   89   90   91   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling