Türkmenistanyň Bilim ministrligi


II BÖLÜM  Gyrgyzlar Kokant hanlygy döwründe


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet87/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   83   84   85   86   87   88   89   90   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

II BÖLÜM 
Gyrgyzlar Kokant hanlygy döwründe
 
Gyrgyzlaryň Kokant hanlygynyň düzümine girmegi
Fergana jülgesinde esaslandyrylan Kokant hanlygy 
gurulanda ilatynyň esasy bölegi özbeklerden ybarat bolupdyr. 
Ýöne gyrgyzlaryň bu hanlyga goşulmagy bilen ilatyň düzümi 
üýtgäpdir we gyrgyzlar Kokant hanlygynyň esasy ilaty 
bolupdyrlar. Şeýle hem Kokant hanlygynyň goşunynyň esasy 
böleginiň gyrgyzlardan bolmagy, olaryň döwlet häkimiýetinde 
birinji orunda bolmagyna sebäp bolupdyr. Ýagny ilat taýdan 
gyrgyzlaryň üstünligindäki Kokant hanlygy, harby we 
dolandyryş tarapyndan özboluşly bir Gyrgyz döwleti bolupdyr. 
Kokant başda, Şahruh ibn Aşyrguluň ogly (1700-1721) 
we mirasdüşeri Abdurahim beg tarapyndan gala hökmünde 
düýbi tutulypdyr (1732) we Rahym beg galasy diýlip 
atlanyrylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen bu galanyň ýerinde 
Kokant şäheri gurlupdyr we XVIII asyrda Kokant hanlygynyň 
merkezine öwrülipdir. 
Gyrgyzlar Kokant hanlygynyň häkimiýetini özleri kabul 
edipdirler. XVIII asyryň ortalarynda Ýeniseý töwereklerinden 


240 
gelen 3-4 müň gyrgyz hojalygynyň hem olara goşulmagy bilen 
Türküstan sebiti güýçlenmäge başlapdy. Bu ýagdaýy özi üçin 
howply gören Hytaý 1757-nji ýýlda güýçli bir goşun iberip ilki 
bilen Gündogar Türküstany, soňra bolsa Kokant hanlygyny 
ýeňlişe sezewar etdi. 
Hytaýyň Sinjan (Sinszýan) sebitine serhetdeş ýaşaýan 
gyrgyzlar, 
Demirgazyk 
Gyrgyzystanyň 
doly 
derejede 
Russiýanyň tabynlygyna girýänçe Hytaýa garaşly ýaşapdyrlar. 
Sinjanda galan gyrgyzlar bolsa Hytaýda ýaşamaga dowam 
edipdiler. 
1808-nji ýylda Alym hanyň özüni han yglan etmegi 
netijesinde Fergana jülgesinde resmi taýdan Kokant hanlygy 
gurlupdyr. XIX asyryň başlarynda Fergana jülgesiniň günorta-
gündogar sebitlerinde ýaşaýan gyrgyzlar Kokant hanlygyna 
degişli bolupdyrlar. XIX asyryň 20-30-njy ýyllarynda Kokand 
hanlygy Gyrgyzystanyň hemme ýerinde höküm sürmäge 
başlapdyr. Kokant hanlary hojalyk harytlarynyň bazary we 
arzan maldarçylyk önümleriniň çeşmesi bolandygy üçin 
Gyrgyzystana aýratyn üns beripdirler. Şeýle hem Kaşgara 
söwda ýoluna eye bolmaklygyň hem möhüm ähmiyeti bardy.
XIX asyryň 30-njy ýyllarynda Gyrgyzystanyň hemme 
ýerini eýelän Kokant hanlygynyň topraklary Kaşgara çenli 
giňişlikde bolupdyr. Hat-da gazaklaryň uly jüzüne degişli 
gazaklaryň uly bir bölegi hem Kokant hanlygynyň häkimiýetini 
kabul edipdirler. 
Kokant hanlary Gyrgyzystanda galalar gurupdyrlar. 
Günortada Gyzyl-Kurgan, Çinaz, Türe-Kurgan, Darut-Kurgan, 
Sufi-Kurgan we Daş-Kurgan; Çu jülgesinde Merke, Çaldywar, 
Şiş-Tübe, Aksuu, Pişpek we Tokmak; Yssyk-kölde Karakol, 
Barskaun, Goňur-Ulen we beýleki galalar gurlupdyr.
XIX asyryň 40-njy ýyllaryndan başlap Kokant 
hanlygynyň ýykylyşna çenli müňbaşy we leşgerbegi 


241 
wezipelerini gypjak we gyrgyz halkynyň wekilleri eýeläpdirler. 
Ýagny Kokant goşunynyň esasyny gyrgyzlar düzüpdirler. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   83   84   85   86   87   88   89   90   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling