Türkmenistanyň Bilim ministrligi


XX asyryň 50-80-nji ýyllarynda Gyrgyzystanyň syýasy we


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet95/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   91   92   93   94   95   96   97   98   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

 
XX asyryň 50-80-nji ýyllarynda Gyrgyzystanyň syýasy we 
sosial durmuşy 
Gyrgyzystanyň sosial, syýasy we ykdysady taýdan 
özgermegi Komunist režimiň umumy syýasaty bilen 
baglanyşykly bolupdyr. 1946-1953-nji ýyllary arasynda Staliniň 
totalitar režimi höküm sürüpdir, yzarlanmalaryň we jezalaryň 
ululygy gitdikçe artypdyr. On müňlerçe gyrgyz raýaty tussag 
edilip, türmelere, sürgünlere iberilipdir. 
Staliniň ölümünden soňra has dogrusy 1956-njy ýýldan 
başlap Gyrgyzystanyň syýasy we sosial durmuşynda düýpli 
üýtgeşmeler bolup geçipdir. Stalin tarapyndan tussag edilenleriň 
köpüsi aklanypdyr. Bu ýyllarda respublikanyň birinji sekretary 
Ishak Razzakow (1950-1961-nji ýyllar arasynda Gyrgyzystan 
Kommunist Partiýasynyň birinji sekretary) gyrgyzlar üçin milli 


260 
bähbitli işleri amala aşyrypdyr. Onuň döwründe milli kadrlary 
ýetişdirmek meselesine, respublikadaky rus mekdeplerinde 
okadylmaga başlanan gyrgyz diliniň statusyny beýgeltmek 
meselesine aýratyn üns berlipdir. Ýöne Razzakow Moskwa 
tarapyndan wezipesinden boşadylypdyr we onuň başladan 
işleriniň köpüsine dowam edilmändir. Şeýlelikde rus 
mekdeplerinde gyrgyz diliniň okadylmagy, soňraky okuw 
meýilnamasyndan çykarylypdyr. 
Turdakun Usubaliýew (1961-1985) we Apsamat 
Masaliýewiň (1985-1990) Kommunist Partiýasynyň birinji 
sekratarlygy 
döwürlerinde 
Moskwanyň 
diýeninden 
çykylmandyr. XIX asyrda Russiýanyň gyrgyz topraklaryny 
basyp almaklyk prosessi resmi taýdan ―Gyrgyzystanyň 
Russiýanyň düzümine öz islegi bilen girişi‖ diýlip atlandyrylyp-
dyr. Gyrgyzystanyň Konstitusiýa hukugy boýunça hukukçysy 
we alymy Kubanyç Nurbekowyň (1928-1985) metbugatda çap 
edilen makalalaryndaky beýanlary we gyrgyz taryhçylarynyň, 
ýazyjylarynyň muňa meňzeş hereketleri ―milletçiligiň täzeden 
dirilişi‖ diýlip kabul edilipdir we yzarlanypdyrlar. Gyrgyz 
dilinde matematika boýunça ilkinji mekdep kitaplaryny ýazan 
alym we matematikajy Rakym Usubakunow (1929-1983) 
Frunze Politehniki Institutynda gyrgyz dilinde ylym-bilim 
berilmelidigini we gyrgyz toparynyň açylmagyny teklip 
edendigi üçin yzarlanypdyr (Gyrgyz döwlet uniwersitetinde 
gyrgyz toparlary bardy). Professor Kuşbek Üsonbaýew (1928-
1999) 1916-njy ýyldaky milli halk gozgalaňy barada ýazan çap 
edilmedik makalasy üçin tankyt edilipdir (1983).
1986-njy ýylda Gazagystanda bolup geçen halk 
gozgalaňyndan soňra 1987-nji ýylyň gyş we ýaz aýlarynda 
Gyrgyzystanda ideologiki arassalaýyş bilen baglanyşykly 
syýasy kampaniýalar alnyp barlypdyr. Anti-milliyetçi şygarlar 
astynda köp sanly gyrgyz professory yzarlanmaga başlanypdyr.


261 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   91   92   93   94   95   96   97   98   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling