Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet96/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   92   93   94   95   96   97   98   99   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Medeniýet we ylym
 
Sowetler döwründe Gyrgyzystan medeniýet we ylymda 
düýpli özgerişlikleri amala aşyrypdyr. Ilki bilen respublikadaky 
uly ýaşly halkyň okap ýazyp bilmegi meselesi gozgalypdyr. 14 
ýaşyna çenli bolan çagalar bolsa 1930-1931-nji okuw ýylyndan 
başlap mejbury ýagdaýda mekdebe gidip başlapdyrlar. Eger 
Patyşa Russiýasy döwründe gyrgyz maşgalalarynda diňe 
erkekler okamaga iberilýän bolsa, Sowetler döwründe gyzlar 
hem mekdebe iberlmäge başlanypdyr. 1924-nji ýylda Bişkek 
etrabynda 200-e ýakyn gyrgyz gyzy mekdeplerde bilim alypdyr. 
1924-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Daşkent şäherinde 
―Erkin too‖ (erkin daglar) ilkinji gyrgyz gazeti çap edilipdir. Şol 
günden başlap milli metbugat işi ýola goýulmaga başlanypdyr. 
1925-nji ýylda Bişkekde Gyrgyz Bilim Instituty açylypdyr, 
1928-nji ýylda bolsa Gyrgyz Pedagogiki Liseýi diýlip 
üýtgedilipdir. 1932-nji ýylda Gyrgyz döwlet pedagogiki 
instituty gurlupdyr. 1926-njy ýyldan 1980-nji ýyl arasynda 
Gyrgyzystanda 43 sany hünär öwredýän orta derejeli mekdep, 
10 sany ýokary okuw mekdebi açylypdyr.
1943-nji ýylyň 13-nji awgustynda SSSR Ylymlar 
Akademiýasynyň Gyrgyzystan filialy açylypdyr. Bu filial 1954-
nji ýylda Gyrgyzystan Ylymlar Akademiýasyna öwrülipdir.
Sowet häkimiýeti ýyllarynda teatr, filarmoniýa, drama, 
opera we balet, sirk açylypdyr. Kino, heýkeltaraşlyk, milli saz 
sungaty, edebiýat ýaly dürli ugurlarda uly üstünlikler 
gazanylypdyr. 
Gyrgyzystanyň medeniýeti diylende iki zady aýratyn 
bellemän geçmek bolmaz: Manas dessany we Çingiz 
Aýtmatow. 
Gyrgyz halk edebiyatynda Manas dessanynyň örän uly 
orny bardyr. Bu dessan dünýänin in uzyn dessanydyr. Manas 
dessanynda gyrgyzlar bilen galmyklaryň arasyndaky söweşler 


262 
beýan edilýär. Bu dessan gyrgyzlaryň ensiklopediýasydyr. 
Çünki Manas dessanynda gyrgyzlaryň ähli adatlary, ynançlary, 
beýleki milletler bilen gatnaşyklary, ertekilerini görmek 
mümkindir. Gyrgyz halkynyň gahrymanlyk dessany bolan 
Manasy ylmy taýdan agtaran, derňän we ýaýratmak üçin işler 
alyp baran gazaklaryň meşhur alymy Çokan Walihanowdyr 
(1835-1865). Ol 1856-njy ýylda rus hökümeti tarapyndan 
gurnalan 
ylmy-harby 
ekspedisiýasy 
bilen Yssyk-kölüň 
kenarýakasyndaky Bugu taýpasyna gelip, gyrgyzlaryň taryhy, 
etnografiýasy, durmuşy bilen tanyşyp Manas dessanynyň 
möhüm bölümlerinden birini ýazyp alypdyr. Gazak alymy bu 
dessandan bir bölüm ýazyp almak bilen, bu dessanyň örän 
gymmatlydygyny ylym dünýasine habar beripdir. Meşhur 
gündogarşynas we türkolog W. W. Radlow 1862 we 1869-njy 
ýyllarda Yssyk-köle we Çu sebitine baryp Manas dessanyny 
halkyň dilinden ýazyp alypdyr we 1885-nji ýylda ilkinji gezek 
gyrgyz we nemes dillerinde Manas dessanyny çap edipdir. 
Gyrgyz 
edebiýatynyň 
iň 
beyik 
şahsy 
Çingiz 
Aýtmatowdyr. Onuň iň meşhur eseri Jemile, Ak gämi, Toprak 
ene... Aýtmatow öz eserlerinde söweşiň ýykyjydygy, ýeke galan 
naçarlar, söýgi hekaýalary Ç. Aýtmatowyň temalarynyň esasyny 
düzüpdir. Ç. Aýtmatowyň eserleri 165-den gowrak dile terjime 
edilip, 60 million nusgadan gowrak nusgada çap edilipdir. 
Gyrgyzystanda onuň eserleriniň ekranlaşdyrylmagy gyrgyz 
kinemotografiýasynyň durmuşynda möhüm waka bolupdyr. 
Onuň eserleri we senariýalary boýunça ―Aşyrym‖ (1961), 
―Jöwza‖ (1963), ―Ilkinji mugallym‖ (1965), ―Jemile‖ (1969) 
ýaly filmler goýuldy. Türkiýede-de Aýtmatowyň bir eseri 
―Selwi boýlym al ýazmalym‖ ady bilen filmleşdirildi. Çingiz 
Aýtmatow türki döwletleriň ýazyjylarynyň arasynda dünýäde iň 
meşhurlaryndan biridir.  

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   92   93   94   95   96   97   98   99   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling