Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Gyrgyzlaryň syýasy gurluşy
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Gyrgyzlaryň syýasy gurluşy
Geneologiki rowaýatlara görä gyrgyzlaryň şejeresi gadym döwürlerden bäri ikä aýrylýar. Gyrgyzlarda kowumlar esasan Oň ganat (sag ganat) we Sol ganat diýlip bölünipdirler. Bu dual (jübüt) etno-syýasy gurluş barada halk arasyndaky rowaýatlarda gyzykly maglumatlar bardyr. Meşhur Dolon beg rowaýaty sözlerimiziň subutnamasydyr. Rowaýata görä, Dolon beg ýaş aýaly göwrelilik wagtynda ilkinji buşlukça dokuz sany gyr aty sowgat berjekdigi barada niýet edipdir. Bir gün hyzmatçysy hoş habary berip, sowgady almak üçin Dolon begiň ýanyna geler we oglan bäbejigiň dünýä inenini buşlapdyr. Bu habary eşiden Dolon beg taýýarlan sowgadyny hyzmatçysyna beripdir. Az salymdan başga bir hyzmatçysy gelipdir we ikinji oglunyň dünýä inendigini buşlapdyr. Örän geň galan Dolon beg: ―Ýogsam ol birini dogurdy-da, birem ýanyna başga biriniň bäbegini aldymyka‖ diýip öz ýanyndan pikir edipdir. Dolon beg birinji ogluna Ak uul (Ak – hakyky, öz; uul – ogul), ikinjisine bolsa Kuu uul (Kuu – şübheli, öweý) atlaryny dakypdyr. Wagtyň geçmegi bilen bu atlar Dolon begiň çagalarynyň ady bolup galypdyr. Ýöne Dolon begiň aýaly bu atlary halamadyr we ―birinjini doguranymda sag böwregim rahatlady, ikinjini doguranymda sol böwregim rahatlady. Goý olaryň atlary Oň (sag) we Sol (sol) bolsun‖ diýipdir. Şeýlelikde rowaýata görä, Ak uulyň neslinden gelenler özlerini Oň ganat, Kuu uulyň neslinden gelenler bolsa özlerini Sol ganat diýip atlandyrypdyrlar. Bu rowaýat gyrgyzlaryň etno-syýasy gurluşynyň bir aýratynlygyny ýagny sag we sol ganatlaryň arasyndaky tapawudy hem orta goýýandyr. Kuu ogulyň neslinden gelýänler, ýagny sol ganat, sosial we syýasy manyda ikinji derejeli ähmiýete eýe bolupdyrlar. Rowaýatda Kuu uulyň ―öweýdiginiň‖ ýaňsydylmagy munyň bir yşaratydyr. 239 Rowaýatyň bir başka görnüşde aýdylyşyna görä, Dolon beg baýlygyny iki oglunyň arasynda bölüp betipdir. Ol at sürülerini, topraklaryny we halkyny bölüp berende, Ak uula mallarynyň sag tarapyny, Kuu uula bolsa sol tarapy miras edip beripdir. Şeýlelikde halk olary Oň we Sol diýip atlandypdyr. Miras – gyrgyzlarda gadymdan gelýän adatdyr we sosial, ykdysady we syýasy taýdan aýratyn bir manysy bardyr. Bu etno-syýasy gurluşyň ilkinji etabynda möhüm faktor bolupdyr. Sag ganat we sol ganat şeklindäki syýasy gurluşy XIX asyra çenli gyrgyz jemagatynda möhüm rol oýnapdyr. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling