Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
- Bu sahifa navigatsiya:
- I BÖLÜM Gyrgyzlar iň gadymy döwürden XVIII asyra çenli Gyrgyz ady barada
GYRGYZYSTAN RESPUBLIKASY
1991-nji ýylyň 31-nji awgustynda garaşsyzlygyny gazanan Gyrgyzystan demirgazykda Gazagystan, günbatarda Özbegistan, günortada Täjigistan, günorta-gündogarda Hytaý bilen serhetleşýändir. Döwletiň tutýan meýdany 198 500 inedördül kilometr bolup, 2008-nji ýyldaky maglumatlara görä ilaty 5 356 869-dir. Ilatyň 64,9 % gyrgyzlar, 13,8%, özbekler, 12,5% ruslardyr. Gyrgyzystanyň topraklarynyň 65%-ini Týan-şan daglary tutýandyr. Bu döwletde ýerleşýän Yssyk-köl dünýäde ululygy boýunça Titikakadan soňra ikinji dag kölüdir. Gyrgyzystanyň esasy şäherleri we welaýatlary: Bişkek (öňki ady Frunze), Batken (merkezi Batken), Çu (merkezi Tokmok), Jelal-abad (merkezi Jelal-abad), Naryn (merkezi Naryn), Oş (merkezi Oş), Talas (merkezi Talas), Yssyk-köl (merkezi Karakol). Paýtagty Bişkek bolup, 1825-nji ýylda Kokant hanlygy tarapyndan Bişkek sebitinde gala hökmünde gurlandyr. Bişkek 234 1922-nji ýylda Daglyk oblastynyň merkezi, 1924-nji ýylda Gyrgyz Awtonom oblastynyň paýtagty bolupdyr. 1926-njy ýylda şäheriň ady Frunze (Bolşewik serkerdesi M. Frunze Bişkekde doglupdyr) diýlip üýtgedilipdir. 1991-nji ýylda şähere taryhy ady gaýtarylyp berlipdir. 2000-nji ýyldan başlap Oş şäheri döwletiň günorta paýtagtydyr. Gyrgyzystanyň milli pul birligi somdur. Gyrgyzystnayň häzirki wagtdaky Prezidenti Roza Otunbaýewa. I BÖLÜM Gyrgyzlar iň gadymy döwürden XVIII asyra çenli Gyrgyz ady barada Gyrgyz adynyň manysy barada dürli pikirler orta atylýar. Olardan birine görä bu sözüň manysy ―kyrk-iz‖ ýagny kyrklar diýmekdir. Bu ýerdäki ―iz‖ goşulmasy ―ekiz‖ sözündäki ýaly köplük manysyndadyr (iki+iz=ekiz). Halk arasynda bolsa gyrgyz adynyň ―Kyrk gyzdan‖ gelendigi barada rowaýat bardyr. Ýagny gyrgyzlaryň ―kyrk+gyzyň‖ neslinden gelendiklerine ynanylýar. Bir başga pikir bolsa ―kyrk+uz‖ görüşidir. Ýagny ―kyrk oguz‖ manysyndadyr. Beýle bir pikir özbek ady bilen hem baglanyşykly bardyr (Uz+begi=Oguz begi). Gyrgyz ady barada başga bir görüş bolsa ―gyr+gez‖ görnüşindedir. Ýagny gyrda gezen manysyndadyr. Bu at bilen baglanyşykly beýleki pikirler bolsa şeýleräkdir: ―Kyrk+ýüz‖, ―kyrk+er‖ (er = är, erkek kişi), ―kyra+gyz‖ (gara saçly halk). Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling