Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Medeniýet we ylym
Gazagystanda Sowet hökümetiniň gurulmagy bilen halkyň ylymly-bilimli bolmagy üçin uly işler amala aşyryldy. 1945-1946-njy ýyllarda Gazagystanda 7869 mekdep bar bolsa, 1950-1951-nji okuw ýylynda mekdepleriň sany 9088-e çykdy. 1946-1950-nji ýyllar arasynda Gazagystanyň orta mekdeplerini 40 müň adam tamamlady. 1955-1956-njy ýyllarda Gazagystan SSR-nde 3395 gazak, 3768 rus, 134 özbek, 53 uýgur, 9 täjik we 1341 sany bolsa iki we ondan hem köp dillerde bilim berýän mekdepler bardy. 1934-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Alma-Atada S. M. Kirow adyndaky Gazak döwlet uniwersitetiniň açylyş dabarasy boldy. Şol ýylyň iýun aýynda bu uniwersitetde jemi 25 mugallym işläp olardan 5 sanysy professor we 10 sanysy hem dosent derejesindedi. 1940-njy ýylda Gazagystanda 20 ýokary okuw mekdebi bardy we olarda 10 419 talyp okaýardy. 1962-1963-nji ýyllarda Gazagystanda 100 000 talyp bolup, olar jemi 33 ýokary okuw mekdebinde ylym-bilim alýardylar. Ýüzlerçe gazak ýaşlary bolsa Gazagystanyň daşyndaky ýokary okuw mekdeplerinde bilim aldylar. Diňe 1935-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň, Ukrainanyň, Özbegistanyň, Azerbeýjanyň we Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde 4815 gazagystanly talyp bilim aldy. 1962-1963-nji ýyllarda Gazagsytanyň ilatynyň her bir 220 10 000 adamyna 90 talyp düşýärdi. Şol döwürde bolsa Fransiyada 44, Italiýada 36, Federatiw Germaniýada 34, Angliýada bolsa 29 talyptan düşýärdi. Bu ýokary okuw mekdepleri diňe bir diňe bir kadrlary taýýarlamakda däl, eýsem ylmyň ösmeginde hem uly rol edýärdi. Gazagystanyň S. M. Kirow adyndaky Gazak döwlet uniwersiteti uly ylmy ojaga öwrülýärdi. 1936-njy ýyldan başlap uniwersitetiň ―Býulletenýa Kazahskogo gosudarstwennogo uniwersiteta‖ ady bilen ilkinji kitaby çap boldy. 1937-nji ýyldan başlap bolsa ―Uçenyýe zapiski Kazahskogo gosudarstwennogo uniwersiteta‖ atly kitaby çykmaga başlady. 1936-njy ýylda SSSR-iň Ylymlar Akademiýasynyň Gazagystan bazasynda aspirantura bölümi açyldy. 1938-nji ýylda bolsa SSSR-iň Ylymlar Akademiýasynyň Gazagystan filialy döredildi. SSSR-iň hökümetiniň 1945-nji ýylyň oktýabr aýynda karary bilen 1946-njy ýýlyň 1-nji iýunynda Gazagystan Ylymlar Akademiýasy açyldy. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda gazaklaryň latyn elipbiýinden rus (krill) elipbiýine geçişi doly tamamlandy. Milli dilde bilim berýän mekdepleriň ýokary synplarynda rus dilini öwrenmeklik mejbury edildi. Gazagystanda metbugat işi barada aýdylanda 1946-njy ýylda bu resbuplikada 267 gazet çykýardy we olaryň jemi tiražy 793 000 ekzemplýardy. 10 ýyl soňra bolsa Gazagystanda 480- den gowrak gazet 1 540 000 tiraž bilen çapdan çykdy. Gazet we žurnallar gazak, rus, uýgur we beýleki dillerde çap edilýärdi. 1957-nji ýylda 157 gazet ýarym million tiraž bilen gazak dilinde çykdy. 1933-nji ýyla çenli Gazagystanda kämil derejede saz sungaty ýuwaş ösýärdi. 1926-njy ýylda gurlan respublikanyň ýeke-täk teatrynyň repertuay örän garypdy. 1933-nji ýylda alnan bir karar bilen bu teatr, Moskwanyň teatr sungatynyň 221 guramaçylygyndaky Gazak sazly tetaryna öwrüldi. 1941-nji ýylyň noýabr aýynda Abaý adyndaky Gazak döwlet opera we balet teatrynyň gurşuşygynyň tamamlanyp ulanylmaga berilmegi respublika üçin taryhy wakalryň biri boldy. Uruşyň soňky ýylynda bolsa Ýaş tomaşaçylar teatry açyldy. Gazak kinosungatynyň doguşy 1930-njy ýyllardyr. Gazak aktýorlaryň gatnaşmagyndaky we gazak temaly ilkinji filmler Rusýa Federasiýasynyň ―Wostokkino‖ tresti tarapyndan goýuldy. Gazaklaryň XX asyr medeniýeti diýlende Muhtar Awezow öňdäki orundadyr. 1897-nji ýylda dünýä inen Muhtar Awezow gazaklaryň meşhur şahyry Abaý Kunanbaýyň obadaşy we dostudyr. Başlangyç bilimini medrede alan M. Awezow, 1919-njy ýylda Semeýdäki mugallymçylyk mekdebini tamamlady. 1922-nji ýylda Daşkentdäki Orta Aziýa Döwlet Uniwersitetini girdi we bir ýyl soňra bu ýerden Leningrad Uniwersitetiniň filologiýa bölümine geçipdir. 1928-nji ýylda uniwersiteti tamamlap Daşkente gelen Awezow, bu ýerde Daşkent Uniwersitetiniň Gündogarşynaslyk fakultetinde aspiranturany tamamalapdyr. 1946-njy ýyldan ölümüne çenli Gazagystan döwlet uniwersitetinde we Gazagystan Ylymlar Akademiýasynda professor bolup işläpdir. 1952-nji ýylda filologiýa ylymlarynyň doktory derejesini alan Awezow, 1961- nji ýylda Moskwada ýogalypdyr. Muhtar Awezow öz eserlerinde bilimi, zähmeti, hakykaty öňe sürüpdir. Onuň üçin hakykat halkyň durmuşy, duýgy we düşünje dünýäsidir. Onuň tarapyndan 1927-nji ýylda ýazylyp çap bolan ―Edebiýat taryhy‖ atly kitap, gazak edebiýatyny ylmy taýdan derňeýän ilkinji eserlerdendir. Onuň ilkinji eseri ―Enlik kebek‖ atly teatr oýuny bolupdyr. Bu eser tomaşaçylarda uly täsir galdyran nilkinji gazak dramasydyr. Ýagny gazak tetaryna 222 dramany ýerleşdiren M. Awezowdyr. Awezowdan öň gazak edebiýatynda güýçli pýesalar bolmandyr. Awezow köp sanly hekaýanyň we romanyň, 20-den gowrak pýesanyň awtory bolmak bilen şol bir wagtyň özünde daşary ýurt dillerinden terjimeler hem edipdir. W. Şekspiriň ―Otello‖, N. W. Gogolyň ―Derňewçi‖, Pogodiniň ―Aristokratlar‖ pýesalary Awezoyň terjimesi bilen gazak teatrlarynda sahnalaşdyrylypdyr. Muhtar Awezowyň iň beýik eseri ―Abaý ýoly‖ atly eseridir. Awezow bu romanynda Abaýyň ýaşan döwründäki sosial gurluşy, gazak topraklaryndaky ýiti synpy göreşi, gazak halkynyň durmuşyny, sosial adalatsyzlygy we şol bir wagtyň özünde Günbatar medeniýetiniň geljege tarap täsirlerini doly we anyk görkezmegi başarypdyr. Bu eser gazak halkynyň hut özüdir. Awtor bu eseri bilen 1949-njy ýýlda ―Döwlet‖ we 1959- njy ýylda-da ―Lenin‖ baýragyny alypdyr. Gysgaça aýdanymyzda gazak halkynyň müňlerçe ýyllyk medeniýet hazynasy Abaýy, Abaý bolsa Awezowy, Awezow-da Abaý ýoluny ýaradypdyr. Bu yzygider aýlanyp duran çarhdyr we çeşmesini gazak halkynyň durmuşyndan we düşünjesinden alýandyr. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling