Türkmenistanyň Bilim ministrligi
-80-nji ýyllarda Gazagystanyň sosial-ykdysady we
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
1950-80-nji ýyllarda Gazagystanyň sosial-ykdysady we
syýasy durmuşy Beýik Watançylyk urşunyň tamamlanmasyndan soňra Gazagystan nemesleriň basybalmalryndan zyýan çeken sebitlere kömek bermäge dowam etdi. Hemme pudaklarda dikeldiş işleri alnyp barylýardy. Esasanam kömür senagatynda üstünlikler gazanyldy. 1950-nji ýylda bellenilen meýilnama 106 % doldy. 1956-njy ýylda 15,4 million tonna kömür çykaryldy. Bu ýaryşa demirýolçylar hem goşuldylar. Çünki ulag aragatnaşygynyň ýola goýulmagy senagatyň, gurluşygyň we oba hojalygynyň ösmegi üçin zerurdy. Bu ýyllarda Gazagystanyň demirýol ulgamynyň uzunlygy 8407 km-den 9473 km-e çykdy. 1953-nji ýylda 438 km-lik Mointy – Çu demirýol ulgamy işe girizildi. Şeýlelikde 1500 km-lik Petropalowsk – Akmolinsk – Karaganda – Çu- Alma-Ata transgazagystan magistraly guruldy. Bu magistral Günbatar Sibiri Merkezi Aziýa respublikalary bilen birleşdirdi. 1953-nji ýylda uzunlygy 614 km-lik Akmolinsk – Pawlodar we Zaşita – Zyrýanowsk demirýol ulgamy hem işe girizildi. 1955-nji ýylda bolsa Karaganda kömürini Ural bilen birleşdirýän Akmolinsk- Kartal (806 km.) demirýol ulgamy hem hyzmata açyldy. Bütin 217 bu demirýol ulgamlary Gazagsytanyň kömürini we bugdaýyny arzan we aňsatlyk bilen gerekli nokatlara äkitmek üçin zerurdy. Gazagystanyň nebitçileri hem ýokary üstünlikler gazandylar. 1940-njy ýyl bilen deňeşdirlende olar üstünlikleini 1950-nji ýylda 52 % artdyrdylar. Elektrik energiýasyny öndürmekde hem 1940-njy ýyla görä dört esse netije gazanylypdy. 1956-njy ýylda respublikada 706 müň tonna nebit çykaryldy. 1950-nji ýylyň ortalarynda paýtagt Alma-Atada awromatiki telefon ulgamy ýola goýyldy. Etrap merkezleri dolulygyna telefon ulgamy bilen üpjün edildiler. Gazagystanda 1956-njy ýylda ekerançylyk üçin aýrylan topraklaryň tutýan meýdany 27 000 000 gektar, 1958-nji ýylda 28 661 500 gektar bolupdyr. Beýik Watançylyk urşunyň yzysüre Gazagystan bugdaý öndürmeklikde Ukraina we Russiýa Federasiýasynyň yzyndan üçünji orny eýeleýärdi. Gazagystanyň demirgazyk-gündogar taraplary esasy bugdaý meýdanlarydy. Bu ýerde ekilýän dänänň 68%-i bugdaý bolupdyr. 1954-nji ýylda Gazagystanyň kolhozdyr-sowhozlary 238,6 million put bugdaýy döwlet harmanyna tabşyrdylar. 1958-nji ýylda bolsa bugdaý öndürmekde uly bir hasyl alyndy we 950 200 000 put bugdaý gazagystanly kolhozçylar tarapyndan ekin meýdanlaryndan ýygnaldy. Gazagystan diňe bugdaý öndürmekde däl eysem maldarçylykda hem öňde gelen respublika bolupdyr. Goýun we geçileriň sany boýunça Gazagystan SSSR-de ikinji, iri şahly mallaryň we atlaryň sany boýunça bolsa SSSR-de üçünji orny eýeleýärdi. 1958-nji ýylda Gazagystanda mallaryň baş sany 33 milliona ýetdi. SSSR-de Gazagystan möhüm orna eýedi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assembleýasynyň sessiýalarynda 218 Gazagsytanyň wekilleri ençeme gezek gatnaşdylar. Indoneziýa, Birma, Nepal döwletleriniň hökümet ýolbaşçylary, Hindistanyň Premýer-Ministri J. Neru we Prezidenti S. Radhakrişnan, daşary ýurtly medeniýet we sungat işgärleri, kärdeşler arkalaşyklarynyň wekiliýetçilikli toparlary Gazagystana gelýärdiler. Gazagystan ylym, bilim, saglyk, edebiýat we sungat, metbugat we radio babatynda daşary ýurt döwletleri bilen aragatnaşyk saklamaga başlady, halkara gurultaýlara gatnaşmaga başlady. 1961-nji ýylda Gazagystanyň topraklarynda ýerleşýän ―Baýkonur‖ älem merkezinden ―Wostok-1‖ we ―Wostok-2‖ raketalarynyň uçurylmagy, SSSR-iň we Gazagystanyň taryhynda ýatdan çykmajak möhüm wakadyr. Bu älem merkeziniň gurluşygy 1955-nji ýylda tamamlandy we tutýan meýdany demirgazykdan günorta 80 km., gündogardan günbatara çenli bolsa 130 km.-dir. 1966-njy ýýlda Leonid Iwanowiç Brežnew Gazagystanyň Kommunist Partiýasynyň birinji sekretarlygyna saýlandy. Esasanam onuň döwründe oba hojalygyna aýratyn üns berildi. Tarp ýerleriň özleşdirilmegi netijesinde 1970-nji ýylda ekerançylykdan alynýan hasyl 118 %-e barabar boldy. Däne hasylynyň alnyşy üç esse töweregi artdy. Umuman aýdylanda Gazagystan beýleki Türki döwletlerde bolşy ýaly SSSR üçin çig mal öndürýän döwletleriň hataryndady. 1985-nji ýylda SSSR-iň KP-nyň baş sekretary wezipesine saýlanan Mihail Gorbaçýowuň döwründe Gazagystan uly wakalara şaýatlyk etdi. 1986-njy ýylyň 16-njy dekabrynda Gazagystanyň birinji sekretary Dinmuhammet Kunaýew pensiýa çykaryldy we ýerine rus asylly Gennadiý Kolbin bellendi. Gazak asylly biriniň aýrylyp, ýerine rus asylly biriniň birinji sekretar bellenmegi Gazagsytanyň wakalaryň uçguny 219 boldy. Gazagystandaky wakalar SSSR-iň habar beriş serişdelerinde birinji habar bolup berildi. Elbetde munda Gorbaçýowuň ―aç-açanlyk, üýtgedip gurmak‖ syýasatynyň hem täsiri bardyr. Netijede 1989-njy ýylyň 22-nji iýunynda Nursultan Nazarbaýew Gazagystan Kommunist Partiýasynyň birinji sekretary bellendi. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling