Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Gazagystan 1920-1938-nji ýyllarda
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Gazagystan 1920-1938-nji ýyllarda
Sowet hökümediniň ýeňmegi bilen Gazagystanda dürli pudaklarda ösüş gazanmaklyk üçin alada edilmäge başlandy. 1920-nji ýyldaky ilat ýazuwyna görä Gazak ASSR-iniň (1924- nji ýylda goşulan Semireçýa we Syrderýa oblastlarynyň gazak sebitlerinden daşary) tutýan meýdany 2 000 000 km²-den gowrak bolup, ilaty 4 780 000-den gowrakdy. Bu ilatyň 50,3 %- i gazaklar, 31,2 %-i ruslar, 14,4 %-i ukrainler bolupdyr. Ýagny köp milletli bir awtonom respublika bolupdyr. Ilatyň aglabasy oba hojalygy bilen meşgullanypdyr. Ilatyň bary-ýogy 8-9 %-i şäherlerde ýaşaýardy. Respublikanyň iň uly şäheri paýtagty Orenburg bolup, ilaty 108 000 bolupdyr. Beýleki möhüm şäherleri bolsa Semipalatinsk, Uralsk, Petropalowsk, Akmolinsk we Aktübinsk bolupdyr. Gazaklaryň esasy bölegi ekerançylyk bilen meşgullanypdyr. 1920-nji ýyldaky ilat ýazuwyna görä, 454 780 gazak hojalygyndan 198 520-üniň özleriniň ekin meýdany bolupdyr. Bu ýerler ol diýen uly bolmafyk möçberlerde bolupdyr, ýagny 0,3 desýatinden 1 desýatine çenli ululykda bolup, maşgalany eklemäge ýeterlei däldi. Ekerançylyk bilen meşgullanýan gazak hojalyklarynyň aglabasy şol bir wagtyň özünde maldarçylyk işini hem alyp barypdyrlar. Rus we ukrainler bolsa esasan ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar. 1921-nji ýylyň ýaz aýlarynda Sowet hökümeti gazak topraklarynda ýer-suw reformasyny geçirmäge başlady. Bu 212 reformanyň netijesinde gazaklar ýuwaş-ýuwaşdan ekerançylyk bilen meşgullanmaga we oturymly bolmaga başladylar. Täze ykdysady durmuşa geçişiň dikeldiliş döwründe gazak topraklary guraklyk betbagtçylygyna uçrady. Munyň netijesinde örän köp mukdarda bugdaý hasyly ýok boldy. Guraklyk netijesinde otlar hem guradylar we mallar açlykdan gyrylmaga başladylar. Ýüz müňlerçe ilat açlykdan ejir çekdi. Bu ýagdaýda Moskwa hökümedi gyssagly kömek fondyny döretdi. 1921-nji ýýlyň soňundan 1922-nji ýylyň ahyryna çenli Russiýa Federasiýasy gazaklara doly däl maglumatlara görä 4 475 000 pud bugdaý dänesi, 183 000 pud kartoşka iberdi. 1922-nji ýylyda Gazagsytanyň ekerenaçylyk topraklarynyň 60 %-inden gowragyna Russiýadan gelen bugdaý däneleri ekildi. Şeýle-da Gazagystana onlarça medisina-iýmitlendiriş toparlary iberildi. Türkistan we Ukraina respublikalary hem Gazagystana uly ýardam berdiler. 1921-1922-nji ýyllarda Türkistan respublikasy Gazagsytana iki million put töweregi bugdaý iberdi we on müňlerçe ejir çeken ilaty kabul etdi. 1921-1922-nji ýyllarda Gazagystanda kolhoz- sowhozlarynyň sany azaldy. Hasylsyzlyk sebäbi olar dagadylar. Gazagsytanda rewolýusiýa kanunçylygy berkeýärdi. 1922-nji ýýlda Gazak ASSR-nde Russiýa Federasiýasynyň jenaýat, raýatlyk we beýleki kodeksleri işlemäge başladylar. Şeýle hem kazyýetçilikde reformalar edildi we ýeke-täk kazyýetçilik ulgamy ýola goýuldy. 1925-nji ýylda Gazagsystanda mallaryň baş sany 22,5 milliona çykdy. Pagta, günebakar we tütün ýaly senagatda işlenilýän ösümlikleriň ekilişi köpeldi. Sowet hökümeti halkyň 70 % - 80 %-inden oba hojalyk salgytlaryny aýyryp, önümçiligi artdyrmaklygy maksat edindi. 213 1926-njy ýylda aulsowetlerde kommunsitleriň sany 7,3 – e çykdy. Kommunistleriň sany wolostnoý ispolkomlarda 45 %, uýezd we guberniýalarda bolsa 67,8 %-e çykdy. Ýagny Sowet hökümeti ýuwaş-ýuwaşdan Gazagystanda ornaşýardy. 1929-njy ýylda umuman gazak obalarynda sowetleşme meselesi tamamlandy. 1927-nji ýylda Gazagystanda Oktýabr rewolýusiyasynyň 10 ýylygynda demirgazykdan (Semipalatinsk) günorta (Lugowa stansiýasy) Türkistan-Sibir demirýolunyň gurluşygyna başlandy. Bu demirýolunyň gurluşygynda 1929-njy ýylda 39 500 adam işleýärdi. 1929-njy ýylda Türkistan-Sibir demirýol ulgamynyň tamamlanmagyna az wagt galmagy bilen Gazagystan ASSR-ni dolandyryjylar Alma-Ata göçdüler we Alma-Ata Gazagystanyň merkezine öwrüldi. 1930-njy ýylyň 25-nji aprelinde Türkistan-Sibir demirýol ulgamy işlemäge başlady. Bu demirýolunyň gurulmagy gazaklaryň oturymly durmuşa geçmegine we täze şäherleriň ösmegine örän möhüm täsir etdi. 1928-1929-njy ýyl bilen deňeşdirilende Gazagystanda 1929-1930-njy ýllarda kömür 1,4 esse, nebit 1,3 esse, mis 2,5 esse, polimetal 2,3 esse has köp çykaryldy. 1932-nji ýylda Karagandada 721 900 tonna kömür çykaryldy. Bütin Gazagystan boýunça bolsa 1932-nji ýylda 822 500 tonna kömür çykaryldy. Bu san 1913-nji ýyl bilen deňeşdirilende 9 esse köpdür. 1932-1933-nji ýyllarda Gazagystanda açlyk ýyllarydyr. Onuň sebäbi bolsa kolhozlaşdyrma netijesinde halkyň elinden alynan mallar bir nokatda ýygnanýardy. Bu ýagdaý bolsa mallary iýmit bilen üpjün etmek meselesini meýadana getirýärdi. Munyň netijesinde mallar ölmäge başladylar. Mallaryň ölmegi diýmek halkyň hem açlyga sezewar bolmagy diýmekdi. Çünki halkyň ýeke-täk eklenji bu mallarydy. Bu 214 heläkçilikde Gazagystanýn halkynyň 1 million bilen 2 million arasynda ilatynyň gyrlandygy barada maglumatlar bardyr. 1934-nji ýylda Gazagystanda 7300 sany kolhoz bardy. Bu kolhozlar oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň 85,7 %- ini, 1935-nji ýýlyň 1-nji iýulyna çenli 90,7 %, 1937-nji ýylda bolsa 97,5 %-ini özünde jemleýärdi. 1935-nji ýylyň oktýabr aýynda Gurýew – Orsk nebit geçirijisi işlemäge başlady. Uzunlygy we güýji boýunça bu nebit geçirijisi Baku – Batumi nebit geçirijisinden soňra SSSR- de ikinji orunda durýardy. Gazagystan 1937-nji ýylda SSSR boýunça jemi senagat önümçiliginde 6-njy, gurşun çykarmakda 1-nji, nebit çykarmakda 2-nji, kömür çykarmakda 3-nji, elektrik energiýasyny öndürmekde 6-njy, däne ýygnamakda 3-nji, şeker şugunduryny ekmekde we ýygnamakda 4-nji, we pagta ýygnamakda 5-nji orunda durýardy. Bu döwürde mallaryň baş sany iki esse köpeldi we SSSR-de mallaryň baş sanynyň köplügi boýunça Gazagystan 3-nji orundady. Sowet hökümedi ýyllarynda Gazagystanda esasanam agyr senegatda uly üstünlikler bolup geçdi. 1920-nji ýyl bilen deňeşdirlende 1940-njy ýýlda Gazagsytanda kömür çykarmaklyk 82 esse, nebit çykarmaklyk 55 esse, elektro energiýasyny öndürmeklik bolsa 300 essedenem köp arttyryldy. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling