Türkmenistanyň Bilim ministrligi


III BÖLÜM  Gyrgyz topraklarynyň Rus Patyşalygy tarapyndan


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet90/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   86   87   88   89   90   91   92   93   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

III BÖLÜM 
Gyrgyz topraklarynyň Rus Patyşalygy tarapyndan
basylyp alynmagy 
 
Demirgazyk Gyrgyzystanyň basylyp alynmagy 
Gyrgyzystnayň Russiýa tarapyndan basylyp alynmagy 
XIX asyr taryhynda möhüm orny bardyr. Gyrgyz topraklarynyň 
basylyp alynma prossesi 1855-nji ýylda başlapdyr we 21 ýyl 
dowam edip, 1876-njy ýylda tamamlanypdyr. 
Yssyk-kölüň günorta-gündogarynda ýaşaýan Bugu 
taýpasy Russiýa goşulan ilkinji gyrgyzlardyr. XIX asyryň 
başlarynda Bugu taýpasynyň baştutanlary Günbatar Sibirdäki 
rus ýolbaşçylary bilen diplomatiki gatnaşyklary gurupdyrlar. 
Rus täjirler päsgelçiliksiz Gyrgyzystan topraklarynda söwda 
bilen meşgullanypdyrlar. Şol günüň syýasy şertleri Bugu 
taýpasynyň baştutanlaryny ruslara ýakynlaşdyrypdyr. Sebäbi bir 
tarapda Kokant hanlarynyň, gazak soltanlarynyň beýleki 
tarapdan hytaýlylaryň arasynda galan Bugu taýpasynyň 
baştutanlary güýçli Russiýa döwleti bilen gatnaşyk saklamagy 
saýlap alypdyrlar. 
Gazak topraklaryny basyp alan ruslar, Yssyk-kölüň 
töwereginde ştablaryny gurupdyrlar. Bu ýerde ýörite wezipeli 
tatar täjirler gyrgyz obalaryny aýlanyp, güýçli gyrgyz 
baştutanlaryny 
ruslaryň 
häkimiýetine 
geçmeklige 
çagyrypdyrlar. 
Patyşa hökümeti öz maksatlaryny amala aşyrmak üçin 
hiç bir maddy serişdäni gaýgyrmanyrlar. Olar gyrgyz 
asylzadalaryna gymmatbahaly sowgatlar beripdirler. Ruslaryň 
bu syýasaty öz miwesini beripdir we 1855-nji ýylyň 17-nji 
ýanwarynda Omsk şäherinde Bugu taýpasynyň ilçisi Kamçybek 
Şeralin öz taýpasynyň rus raýatlygyna geçjekdigine ant içipdir. 
Russiýanyň ýolbaşçylary halkynyň Russiýanyň tabynlygyna 


247 
geçmegi üçin uly aladalar eden Borombaý Bekmuradowy Bugu 
taýpasynyň Beýik Manapy (manap-baştutany) yglan edipdirler 
we sylaglapdyrlar. 1855-nji ýylda paýtagty Wernyý bolan Ala-
too oblasty gurulypdyr.
Ýöne demirgazykda ýaşaýan gyrgyzlaryň hemmesi ruslar 
bilen dostlukly gatnaşyk gurmandyrlar. Olaryň köpüsi Rus 
Patyşasyna tabyn bolmaklygy kabul etmändirler we hat-da 
ruslara garşy ýaragly çaknyşyklar gurnapdyrlar.
1860-njy ýylyň 5-nji fewralynda ruslar Wernyýdan 
Yssyk-köle goşun iberipdirler. Olaryň esasy maksady sebitde 
rus häkimiýetini güýçlendirmekdir. Ruslar ýerli halky 
Kokandyň täsirinden çykaryp, gyrgyz asylzadadalaryny rus 
raýatlygyna geçmekligi maksat edinipdiler. Netijede ruslara 
tabynlygy kabul eden gyrgyz baştutanlary sylaglanypdyr, 
galanlary bolsa Týan-Şan daglaryna göçüp gitmäge mejbur 
bolupdyrlar. 
Russiýa Patyşalygynyň indiki maksady Çu jülgesindäki 
Kokant galalaryny eýelemekden ybarat bolupdyr. 1860-njy 
ýylyň iýunynda herekete geçen ruslar awgust aýynyň soňuna 
çenli Kastek, Tokmok we Bişkek galalaryny basyp alypdyrlar.
1860-njy ýylyň sentýabr aýynda rus goşunynyň Wernyý 
şäherine dolanmagyndan peýdalanan Kokant hany Daşkentdäki 
häkimi Kanaat Şaany 20 müň serbaz we 10 sany top bilen Çu 
jülgesine iberipdir. 1860-njy ýylyň 29-njy iýulynda iki goşun 
Uzyn agaçda garşylaşypdyr we ruslatyň ýeňşi bilen 
netijelenipdir. Bu söweşde ruslara garşy söweşen gyrgyz 
liderlerinden Şabdan Jantaý ýeňlişden soňra, öz golastyndaky 
Kemin gyrgyzlary bilen ruslaryň raýatlygyny kabul edipdir. Bu 
habara begenen Patyşa hökümeti Jantaý altyn medal we yokary 
harby çin beridpir. 
Çu jülgesini häkimiýetine alan ruslar, 1865-nji ýýlda 
Talasdaky gyrgyzlaryň topraklaryny hem basyp alypdylar. 


248 
Ruslara garşy söweşmekligiň kyndygyna düşünen gyrgyzlar 
olara tabyn bolmakdan başga alaç tapmandyrlar. Ýöne olar 
Bugu taýpasy ýaly sadyklyk andyny içmändirler. Dogrusyny 
aytsak ol wagta çenli Gyrgyzystanyň uly bir bölegini basyp alan 
ruslar üçin ant içmekligiň kän bir ähmiýeti hem ýokdy. 
Týan-Şan dagynyň ortalarynda ýaşaýan gyrgyzlary basyp 
almaklyk prossesi köp wagt alypdyr. Birnäçe ýyl dowam eden 
ganly çarpyşyklardan soňra 1867-nji ýylda ruslar bu ýerde 
ýaşaýan gyrgyzlary özlerine boýun egdiripdirler. 
Demirgazyk Gyrgyzystanda Russiýanyň häkimiýetiniň 
ýerleşdirilmegi Týan-Şan dagynyň ortalarynyň basylyp 
alynmagy bilen tamamlanypdyr. 1868-nji ýylda Narin we 
Karakolda galalar gurlupdyr. Galalardaky goşun Russiýanyň 
serhedini we häkimiyetini goramak wezipesini alyp barypdyr. 

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   86   87   88   89   90   91   92   93   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling