Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet71/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   67   68   69   70   71   72   73   74   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

Uly jüz 
1730-njy yyldaky han saýlawyndan soňra Uly jüziň hany 
Jolbarys han oýratlara tabyn bolmaklygy kabul etdi we olara 
salgyt bermäge başlady. Abylaý hanyň döwründe Uly jüz 
oýratlaryň häkimiýetinden dyndy we Abylaý hanyň 
häkimiýetine girdi. 
Abylay hanyň ölüminden soňra Uly jüz Orta jüzden 
aýryldy we aýry bir hanlyk boldy. Emma başyndaky hanlary 
Hytaýyň häkimiýetini kabul etmeklige dowam etdiler.
XIX asyryň başlarynda Kokant hany Alym hanyň 
döwründe (1801-1809) Uly jüz topraklarynyň uly bir bölegi 
Kokant hanlygynyň edarasyna geçdi. Alym hanýn yerine geçen 
Omar hanyň döwründe (1809-1822) bolsa Gazak hanlygynyň 
öňki paýtagty Türkistan şäheri hem Kokant hanlygyny 
häkimiýetine girdi. Şeýlelikde Orta jüzde hanlyk dolandyrylyşy 
soňlandy. Uly jüziň hanlyk edarasyna girmeýän sebitleri bolsa 
aýry-ayry soltanlar tarapyndan dolandyrylmaga başlandy. 
Gysga bir wagtdan soňra, ýagny 1854-nji ýylda bu 
sebitle ruslaryň häkimiyetine girdi. Şol ýyl ruslar häzirki 
Almaty şäheriniň ýerinde gazak steplerini basyp almak üçin 
dikilen iň soňky galany, ýagny Wernyý galasyny gurdular. 
Şeýlelikde Uly jüz düýbünden ýykyldy. 


196 
Gazak hanlygyny täzeden dikeltmek ugrundaky 
göreş: 
Kenansary hanyň gozgalaňy (1836-1847) 
Ruslar Orta jüzde hanlyk dolandyryşyny ýatyranlaryndan 
soňra berektli topraklara harby galalar gurup, Orta jüzin 
topraklaryny gözegçilikde saklamaga başladylar. Bu yagdaýa 
garşy Orta jüzde ruslara garşy gozgalaňlar başlady. Bularyň iň 
möhümi bolsa Kenansary han gozgalanydyr. 
Kenansary iň soňky meşhur gazak hany Abylaý hanýn 
agtygydyr. Ol ilki bilen özüne tabyn uruklara daýanyp güýçli bir 
goşun gurdy we özüni Orta jüz gazaklarynyň hany diýip yglan 
etdi. Onuň maksady Gazak hanlygyny täzeden gurmakdy. 
Kenansary han bu maksat bilen ilki Russiýa ýüz tutup, daşary 
syýasatda ruslara bagly bir Gazak hanlygynyň gurulmagyny 
talap etdi. Emma Russiýa onuň bu talabyny ret etdi we 
Kenansary han Russiýa garşy gozgalaň edip ýaragly azat edijilik 
göreşini başlatdy (1836). 
Kenansary han 1838-nji ýylda öz üstüne iberilen rus 
goşunlaryny ýeňdi we ruslaryň elindäki Torgaý we Yrgyz 
sebitlerini yzyna aldy. Onuň bu ýeňşi gazaklaryň arasyndaky 
abrayyny artdyrdy, gazaklar ruhy taýdan galkyndylar. 
Kenansary han özüne tabyn gazak topraklarynda täzeden 
döwlet apparatyny gurdy. Günortadaky Hywa we Buhara 
hanlyklary hem onuň hanlygyny kabul etdiler. Bu wakalaryň 
netijesinde ruslar gazak stelerindäki häkimiýetlerini ýitirmäge 
başladylar. Ýöne 1840-njy ýylyn gyşynda uly bir haýwan 
gyrgynçylygy boldy. Haýwanlaryň ölümi Kenansary hanyň 
güýjüni peseltdi. Bu ýagdaýda Kenansary han günorta 
Syrderýanyň boýuna çekildi. Bu ýerde wagty ruslar Kenansary 
hanyň ýanyna ilçiler iberip, oňa Orenburgyň töwereginde giňiş 
daçalar, willalar beriljekdigini ýöne munyň garşylygynda azat 
edijilik göreşini bes etmekligi teklip etdiler. Kenansary han bu 


197 
teklipleri düýpgöter ret etdi. Ol gaýtam Hywa hanlygyndan 
goldaw alyp, ruslaryň goşunynyň üstüne we galalaryna çozdy. 
Kenansary han käbir kiçeňräk ýeňişler gazan hem bolsa
ruslaryň topçu goşunyna ýeňilip, ýene günorta, Syrderýa 
sebitine çekildi. Ýöne ruslaryň yzyndan gelmegi netijesinde 
Kenansary han, 1846-njy ýylda Gazagystanyň gündogaryna Çu 
derýasynyň sebitine gitdi. Onuň maksady bu ýerde güýç 
ýygnap, täzeden ruslara garşy söweşmekdi. Hakykatdanam Uly 
jüze degişli uruklar Kenansary hana tabynlyklaryny bildirdiler 
we ony han kabul etdiler. Kenansary han ruslara garşy 
hytaýlylaryň goldawyny almak maksady bilen bu ýerde, Hytaý 
bilen gatnaşyk gurdy.
Kenansary han Çu derýasy sebitine goňşy ýaşaýan 
gyrgyz uruklaryny hem ruslara garşy göreşe çagyrdy. Ýöne bu 
gyrgyz uruklary bir tarapdan ruslaryň, beýleki tarapdan bolsa 
Kokant hanlygynyň itergisi bilen Kenansary hana garşy 
çykdylar. Kenansary han we jigisi Nawryzbaý, gyrgyzlaryň 
tarapyndan garaşylmadyk pursatda iki gyrgyz uruk begi 
tarapyndan duzaga düşürilip öldürildiler (1847-nji ýylyň 
tomusynda). Kenansary han we Nawryzbaýyň ölümi bilen olara 
bagly goşun dagady we Gazak hanlygyny täzeden dikeltmek 
ugrundaky azat edijilik hereketi gutardy. 
Kenansary han gozgalaňynyň netijelenmesinden soňra, 
1854-nji ýylda Rus Patyşasy Nikolaý I-niň permany bilen gazak 
topraklarynyň 
Russiýanyň 
häkimiýetine 
girendigi 
we 
gazaklaryň 
indiden 
beýläk 
Russiýanyň 
kanunlaryna 
tabyndyklaryny yglan edildi.

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   67   68   69   70   71   72   73   74   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling