Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
- Bu sahifa navigatsiya:
- Orta Jüz we Abylaý han
Kiçi jüz
1730-njy ýylda hemme gazaklaryň hany bolup bilmedik Kiçi jüziň hany Abulhaýyr han, 1731-nji ýylda öz islegi bilen özüne bagly uruglar bilen Rus Patyşasynyň golastyna girdi. Ol ruslaryň golastyna girmek bilen Russiýadan goldaw alyp, beýleki hanlaryň garşysynda öz ýagdayynyň güýçlenjegini we oýratlaryň çozuşlaryna garşy Russiýanyň özüni goldajagany pikir edýärdi. Ýöne ruslaryň hasaby başgaçady, sebäbi Russiýa 193 gazak ýurduny öz häkimiýeti astyna almaklygy meýilleşdirýärdi. Sebäbi Russiýa Pýotr I-den bäri Aziýada höküm sürmek üçin gazak steplerine häkim bolmaly ýörelgesini kabul edipdi. Ebülkaýyr hanyň öz islegi bilen ruslaryň golastyna girmek islemegi, ruslaryň arzuwlaryny amala aşyrmaklygyny aňsatlaşdyrýardy. Ruslar Abulhaýyr hanyň rus häkimiýetine girmek baradaky islegini derhal kabul etdiler we Gazagystanyň günbatarynda her biri harby baza bolan galalar gurmaga başladylar. Bu galalaryň iň ulylaryndan biri hem Orenburg galasydyr. 1748-nji ýylda Abulhaýyr han, gazaklaryň ruslaryň golastyna girmekligine garşy çykan Orta jüziň soltanlaryndan Barak soltan tarapyndan öldürildi. Russiýa Abulhaýyr hanyň ýerine ogly Nuralyny han edip belledi. Şeýlelikde Russiýa gönüden-göni Kiçi jüziň içeri işlerine goşulmaga başlady. Netijeden 1824-nji ýylda Russiýa Kiçi jüziň hanlyk dolandyryş edarasyny düýbünden ýykdy we Kiçi jüziň topraklary gönüden- göni ruslaryň häkimiýeti girdi. Orta Jüz we Abylaý han 1730-njy ýylda hemme gazaklaryň hany saýlanan Ebülmenbet han, oýratlara garşy söweşlerde uly gahrymançylyklar görkezen we han neslinden gelen Sabalak batyra, 1735-nji ýylda öz islegi bilen hanlyk wezipesini berdi. Sabalak batyr ―Abylaý‖ adyny alyp, han boldy. Abylaý han hem bütin gazaklaryň hem-de oýratlaryň çozuşlarynýn öňünde galan Orta jüziň hany saýlandy. Abylaý han özüniň hanlygy döwründe gazaklary täzeden bir ýere jemlemek we ―Aktaban şubyryndy‖ ýyllarynda gazaklaryň elinden çykan topraklary yzyna almak üçin alada etdi. Onuň gaýratlary netijesinde Orta jüziň we Uly jüzin 194 hemmesi we Kiçi jüziň hem käbir uruklary onuň häkimiýetine girdiler. Şeýlelikde Abylaý han gazaklaryň uly bir bölegini bir ýere jemlemegi başardy. Abylaý han ―Aktaban şubyryndy‖ ýyllarynda gazaklaryň elinden giden Türkistan, Saýram şäherlerini yzyn almaklygy başardy. Daşkendi yzyna alyp bilmedik hem bolsa, salgyt salmaklygy başardy. 1746-njy ýylda oýratlaryň lideri Galgan Çerengiň ölüminden soňra oýratlaryň arasynda başlaýan iç göreşden peýdalanyp oýratlaryň elindäki gazak topraklaryny yzyna aldy. Oýratlaryň gazak topraklaryna çozuşlaryny durzurdy. 1757-nji ýylda oýratlar hytaýlylar bilen bolan uly bir söweşde ýeňildiler we Merkezi Aziýada howp salyjy bir güýç bolmakdan çykdylar. Oýratlara garşy uly bir ýeňiş gazanan Hytaý, Merkezi Aziýa sebitinde täsir ediji güýç bolmaga başlady. Bu ýagdaýda Abylaý han ruslaryň basgysyny hem göz öňünde tutup Hytaýyň golastyna girdi. Onuň Hytaýyň golastyna girmegi ruslaryň basgysyny deňlemek maksady bilendir. Ýagny hytaýlylar gazaklary edara edenokdylar, gazaklary ýene Abylaý han dolandyrýardy. Abylaý hanyň döwründe gazaklar parahatçylyk döwri ýaşadylar. Gazak halky bu döwürde Aktaban şubyryndy ýyllarynda ýaşan kynçylyklaryndan saplandy. Ýurtlaryny terk eden gazaklar yzlaryna dolanyp geldiler. Halkyň ykdysady yagdaýy düzeldi. Abylaý han hemme gazaklar tarapyndan söýülen bir han boldy, ölümünden soň onuň hakynda dessanlar aýdyldy. Abylaý han hemme gazaklar tarapyndan han kabul edilne iň soňky gazak hanydyr. Abylay han 1781-nji ýylda öldi. Ýerine ogly Uwali Orta jüze han boldy.Ol hem kakasy Abylaý han ýaly Hytaýa tabyn bolmaga dowam etdi. Ýöne Merkezi Aziýada ruslaryň basgysynyň artmagy netijesinde 1788-nji ýýlda Russiýanyň häkimiýetini kabul etdi. Mundan soňra ruslar Orta jüziň hem 195 içeri işlerine goşulmaga başladylar. Netijede 1815-nji ýylda Uwali hanyň ýerine Barak soltanyň ogly Bökeýi Orta jüziň hany yglan etdiler. Bu wakadan soňra Russiýanyň Orta jüziň üstündäki häkimiýeti artdy. 1822-nji ýylda ruslar Orta jüzdäki hanlyk ederasyny ýykdy we bu jüziň ýaşaýan topraklarynyň gönüden-göni Russiýa goşulandygyny yglan etdiler. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling