Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet69/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   65   66   67   68   69   70   71   72   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

 
Aktaban şubyryndy 
Ine gazaklaryň şeýle bölünen wagtynda, ýagny 1723-nji 
ýylyň 
ýazynda 
oýratlar 
Gazagystanýn 
günortasyna 
duýdansyzlykda çozdular. Oýratlar Gazagystanyň günortasyny 
bütünleý basyp alyp, taladylar. Gazak hanlygynyň öňki paýtagty 
Türkistan, Syrderýanyň boýundaky Saýram, Sawran, Otrar, 
Sıganak we Daşkent ýaly şäherleri basyp alyp, talaň etdiler. 
Şeýlelikde Gazagystanýn günortasy oýratlaryň eline geçdi. 
Oýrat goşunynyň öňünden gaçan gazaklar demirgazyga we 
demirgazyk-günbatara, ýagny Gazagystanyň asyl düzlüklerine 
gaçdylar. Bu göçhä-göçlükde köp sanly gazak açlyk, suwsuzlyk, 
soğuk we duşman ýaraglaryndan öldüler. Esasanam 
Gazagsytanyn ortasynda we günortasynda ýaşaýanlar uly bir 
betbagtçylygy başlaryndan geçirdiler. 1723-1725-nji ýyllarda 
bolup geçen bu betbagtçylyga gazak taryhynda ―Aktaban 


192 
şubyryndy‖ (aýak dabanlary ap-ak bolýança taýpalar bolup 
göçhä-göçlük) diýilýär.
Emma gazaklar demirgazyga göçen hem bolsalar
oýratlar bilen göreşe dowam etdiler. 1728-nji ýylda bolan 
çaknyşyklaryň birinde Bulandy deýasynyň boýunda gazaklar 
oýrat goşunyny ýeňlişe sezewar etdiler. Bu ýeňiş gazaklary bir-
birlerine jebisledi we ruhy taýdan güýç berdi.1729-njy ýylda bu 
sapar Balhaş kölüniň günortasynda gazaklar bilen oýratlar 
arasynda uly bir söweş boldy. Bu iki söweşiň netijesinde 
oýratlaryň basyp alan gazak topraklarynyň aglabasy yzyna 
alyndy. Gazaklaryň oýratlara garşy gazanan ýeňişlerinde gazak 
gahrymanlary orta çykdy. Karanbaý batyr, Bögenbaý batyr, 
Janybek batyr, Sabalak batyr bularyň esasylardyr. Gazak halky 
bu batyrlaryny unutmady we olar üçin dessanlar düzdüler. 
Gazak hanlygynyň dargamagy 
1730-njy ýylda Bolat hanyň ölmegi bilen ýerinde ogly 
Abulmenbet han boldy. Emma kiçi jüziň uly bir bölegine 
baştutanlyk eden Abulkaýyr han Abulmenbet hanyň hanlygyny 
kabul etmedi. Munyň netijesinde Gazak hanlygy sözüň doly 
manysynda kiçi-kiçi hanlyklara bölündi. 1730-njy ýyldan soňra 
gazak taryhy, Gazak hanlygy bolmakdan çykdy we üç gazak 
jüziniň taryhyna öwrüldi.

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   65   66   67   68   69   70   71   72   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling