Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Gazagystan baknalyk döwründe


Download 1.51 Mb.
Pdf ko'rish
bet72/130
Sana21.04.2023
Hajmi1.51 Mb.
#1367924
1   ...   68   69   70   71   72   73   74   75   ...   130
Bog'liq
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU

 
Gazagystan baknalyk döwründe 
XIX asyryň 60-njy ýyllarynyň ortalarynda Russiýanyň 
Gazagystanyň topraklaryny basyp alyşy tamamlandy. Aziýada 
basyp alnan türki topraklarda, ýagny Kazanda, Krymda, 


198 
Kawkaz ülkelerinde, Başkyrt ilinde we Gazagystanda ruslar işe 
ilkinji 
nobatda 
bu 
ýerlerdäki 
dolandyryş 
ulgamyny 
üýtgetmekden başlapdyrlar. Bu ülkeleriň aglabasynda edara 
edijiler (hanlar, soltanlar, begler) mirasdüşerlik ýoly bilen ýa-da 
halkyň wekilleri bolan ýaşulylar (aksakgallar) tarapyndan 
saýlanylýardylar. Ruslar bu ulgamy üýtgetdiler we täze 
dolandyryjylary özleri bellämäge başladylar. 
Patyşa hökümeti gazak steplerini dolandyrmagyň 
taslamasyny taýýarlamak üçin, 1865-nji ýylda içeri işler 
ministrliginiň, harby ministrligiň we Orenburg kraýy bilen 
Günbatar Sibiriň ―deputatlaryndan‖ ybarat ―step toparyny‖ 
düzdi. 1867-nji ýylyň 11-nji iýulynda ―Semireçiýe we Syrderýa 
oblastlarynda dolandyryşyň wagtlaýyn düzgüni‖ we 1868-nji 
ýylyň 21-nji oktýabrynda Orenburg we Günbatar Sibir general-
gubernatorlugynyň step oblastlarynda dolandyryşyň wagtlaýyn 
düzgüni‖ tassyklanyldy. 
Gazagystanyň topraklary üç general-gubernatorluga 
bölünýärdi: Türküstan, Orenburg we Günbatar Sibir. 
Harbylaryň we raýatlaryň häkimiýeti general-gubernatoryň 
elinde jemlenýärdi.
Her bir general gubernatorluk oblastlardan ybaratdy. 
Orenburg general gubernatorluguna Ural we Turgaý oblastlary; 
Günbatar Sibir general gubernatorluguna Akmolla we 
Semipalatinsk oblastlary; Türküstan general gubernatorluguna 
Semireçýe we Syrderýa oblastlary degişlidi. Maňgyşlak 
pristawlygy 1870-nji ýylda Kawkaz harby okrugyna degişli 
bolsa-da az wagt soňra Zakaspi oblastyna degişli edildi. 
Oblastlar bolsa ýezdlere bölünýärdi. Uýezdiň ýolbaşçylary 
harby çinli adamlaryň arasyndan general-gubernatorlar 
atarpyndan bellenilýärdi. Uýezdiň baştutanynyň uly we kiçi iki 
sany kömekçisi bardy. Kiçi kömekçi ýerli halkyň arasyndan 


199 
öňde gelenleriň arasyndan bellenilýärdi. Uýezdler wolostlara, 
wolostlar bolsa aullara bölünýärdi. 
1886-njy ýylyň 2-nji iýunynda ―Türküstan kraýyny 
dolandyrmagyň düzgünnamasy‖, 1891-nji ýylyň 25-nji 
martynda bolsa ―Akmolla, Semipalatinsk, Semireçýe, Ural we 
Turgaý oblastlaryny dolandyrmagyň düzgünnamasy‖ kabul 
edildi. 
Fergana, Samarkand we Syrderýa oblastlary Türküstana 
degişlidi. Syrderýa oblasty Amyderýa bölümçesinden we bäş 
uýezdden (Kazalin, Perow, Çimkent, Aulie-Atin we daşkent) 
ybaratdy. 1891-nji ýyldaky düzgünnama görä, Orenburg we 
Günbatar Sibir general-gubernatorluklaryň ýerine merkezi 
Omsk 
bolan 
ýeke-täk 
Stepnoý 
general-gubernatorlyk 
döredilýärdi. Akmolla, Semipalatinsk, Ural, Turgaý we 
Semireçýe oblastlary bu general-gubernatorluga degişlidi. 1897-
nji ýýlda Semireçýe oblasty täzeden Türküstan general-
gubernatorlugynyň ygtyýaryna berildi.

Download 1.51 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   68   69   70   71   72   73   74   75   ...   130




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling