Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Hywada we Buharada Halk Sowet rewolýusiýasynyň
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Hywada we Buharada Halk Sowet rewolýusiýasynyň
ýeňmegi Horezm we Buhara Halk Sowet Respublikalarynyň döredilmegi XX asyryň başlarynda Hywada we Buhara ýagdaý has çylşyrymly bolupdyr. 1918-nji ýylyň ýanwarynda Hywada içki we daşky kontrrewolýusionerleriň kömegi bilen döwlet agdarylyşygy geçirilýär we häkimiýet başyna taýpa-feodal serdarlarynyň gelmegine getirýär. Mundan öň hem ýagdaýlary gowy bolmadyk zähmetkeş halkyň durmuşy has hem agyrlaşýar. Hywada feodallaryň garşysyna yzygiderli halk topalaňlary başlanýar. Hanlykda daýhanlaryň, hünärmenleriň ownuk we orta buržuaziýanyň, şeýle hem milli intelligensiýanyň bähbitlerini goraýan demokratik azat-edijilik hereketi güýçlenýär. Hywanyň milli buržuaziýasynyň bähbidini esasan "ýaş hywalylar" partiýasy gorap çykyş edipdir. Şol wagtlar ýaş hywalylar partiýasy ýeke-täk ýurtda ýeke-täk oppozision syýasy partiýady. Olar gelejekde halk hereketini ýerli buržuaziýanyň agalygyny dikletmek üçin peýdalanmak isläpdirler. 1919-njy ýylda Petroaleksandrowsk şäherinde (Häzirki Dörtgül şäheri) hywaly rewolýusionerleriň ştaby döredilip, ol öz öňünde hanyň häkimiýetini ýykmagy wezipe edipdir. Hywada rewolýusiýanyň ösmeginde we ýitileşmeginde 1919-njy ýylyň başlarynda döredilen hywa kommunistik topary möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Hywanyň kommunistlerine kömek etmek üçin merkezden tejribeli partiýa we sowet işgärlerini iberipdirler. Hywa kommunistleri Rahman Primbetow, Ahmetjan Ibragimow, Gurban Beknyýazow, Keňje Abdullaýew, N.Solopow, Aly Abdullaýew, Juma Ataşow we beýlekiler özleriniň rus dostlarynyň tejribelerini peýdalanypdyrlar. 157 Olar batraklardan we garyp daýhanlardan rewolýusion topary döretmekde we berkitmekde ýadawsyz iş alyp barypdyrlar. Kommunistleriň onlarçasy Daşkentde açylan agitatorlaryň gysga möhletli kurslarynda okapdyrlar. 1919-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Hywa hanlygynyň Köneürgenç, Ýylanly, Kungrat, Hojaili begliklerinde halk gozgalaňlary başlanyp, ol gysga wagtyň içinde beýleki etraplara hem ýaýrapdyr. Bu ýagdaýlar rewolýusiýanyň başlangyjydy. Hywanyň rewolýusionerleri kömek sorap Sowet Türküstanyna ýüz tutupdyrlar. Hywa halkynyň haýyşyny ýerine ýetirip RSFSR-yň hökümeti Amyderýanyň çep kenaryna ibermek barada buýruk çykarypdyr. Gyzyl goşunyň güýçli zarba urmagynda Hywa hanlygy ýykylýar. 1920-nji ýylyň 2-nji fewralynda Hywanyň hany Seýit Abdylla han tagtdan agdarylýar. Ol Garagum çölüne gaçýar. 1920-nji ýylyň 27-30-njy aprelinde Hywada I Bütinhorezm Halk gurultaýy (Halk wekilleriniň gurultaýy) bolup, ol ýurduň gadymy Horezm adyny gaýtaryp berýär we Horezm Halk Sowet Respublikasyny yglan edýär. Gurultaý HHSR-yň hökümetini-Halk Ministrler Sowetini saýlaýar. Onuň düzümine "ýaş hywalylar" we türkmenleriň feodal taýpa serdarlary giripdir. Gurultaýda HHSR-yň konstitusiýasyny kabul edýär. Konstitusiýa RSFSR-yň konstitusiýasyndan tapawutlulykda ýere, önümçiligiň esasy gurallaryna we serişdelerine hususy eýeçiligi saklaýar, eziji synplaryň bir bölegine saýlaw hukugy berilýär. Iri feodallar saýlaw hukugyndan mahrum edilýär. HHSR özboluşly geçiş etaply halk-demokratik döwlet bolup, rewolýusion-demokratik wezipeleri hem-de respublikanyň kapitalistik döwründen böküp, sosialistik ýola düşmegi üçin ykdysady we syýasy şertleri 158 döretmek we zähmetkeşleri sosialistik gurluşyga çekmek üçin zerurdy. Syýasy we medeni taýdan yza galanlygy sebäpli Horezm respublikasynda sosial özgerdişler seresaplylyk bilen kem- kemden geçirilýär. Ilkibaşda musulman hukugyna-şerigata esaslanýan sudlar, köne dini mekdepler, wakuf ýerleri, tire kethudalary we beýlekiler saklanylýar. Sowet häkimiýetiniň pugtalandyrylmagy ruhanylaryň we sagçy "ýaş hywalylaryň" zor garşylyk görkezmegi ýagdaýynda geçýär. 1921-nji ýylyň dekabrynda Hywa şäherinde Horezm kommunistik partiýasynyň I gurultaýy bolýar. Gurultaý ykdysady we milli meseleler boýunça möhüm karar kabul edýär. 1922-nji ýylyň başlarynda Horezm kommunistik partiýasy RK(b)P-nyň düzümine kabul edilýär. 1923-nji ýylyň martynda Türküstan, Buhara we Horezm Respublikalarynyň birinji ykdysady konferensiýasy bolup, şonda üç respublika- Türküstan Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasy, Buhara we Horezm Halk Sowet Respublikalary ykdysady taýdan birleşýärler. Sowetleriň 1923-nji ýylyň oktýabrynda bolan Bütinhorezm IV gurultaýy Horezm zähmetkeşler köpçüliginiň ýurdy sosial- ykdysady taýdan özgertmek we ilatyň medeni derejesini ýokarlandyrmak ugrundaky göreşinde gazanan üstünlikleriniň umumy jemlerini jemläp, Horezm Halk Sowet Respublikasyny Horezm Sowet Sosialistik Respublikasyna (HSSR) öwürmek hakynda karar kabul edýär. Bütinhorezm gurultaýy täze konstitusiýany - Horezmiň birinji sosialistik konstitusiýany biragyzdan kabul edýär. Şol konstitusiýa esasynda häkimiýet doly suratda zähmetkeşler köpçüliginiň eline berilýär. Oktýabr rewolýusiýasynyň täsiri astynda Buhara emirliginde 1920-nji ýylyň ortalaryna çenli rewolýusion ýagdaý döreýär. Ýurtdaky agyr ýagdaýlar zerarly halk köpçüliginiň 159 tolgunşyklary güýçlenýär. 1920-nji ýylyň 23-nji awgustynda Sakar-Bazarda (Çärjew begliginde) gozgalaň başlanýar. 25-nji awgustda gozgalaňa ýolbaşçylyk etmek üçin partiýa merkezi döredilýär. 29-njy awgustda Buhara gyzyl otrýadlary bilen birleşip köne Çärjewi eýeleýärler. Emirligiň beýleki ýerlerinde hem rewolýusion hereketler ýaýbaňlanýar. RSFSR-yň hökümeti Buhara rewolýusionerlerine kömek üçin M.B.Frunzäniň ýolbaşçylygynda gyzyl goşun otrýadlaryny iberýär. Daşkentden we Samarkantdan 500 meýletinçiler, Zakaspiden 200 adamdan ybarat türkmen otrýady, Horezmden bolsa 500 adam kömege gelýär. 1920-nji ýylyň sentýabrynda Köne Buhara eýelenýär we Buhara emiriniň häkimiýeti agdarylýar. 1920-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda halk wekilleriniň Bütinbuhara I gurultaýynda Buhara Halk Sowet Respublikasy (BHSR) yglan edilýär. 1921- 1924-nji ýyllarda Buharada ep-esli sosialistik ykdysady özgerişlikler amala aşyrylýar. 1921-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda kabul edilen ýer hakyndaky dekret Buharada feodal eýeçiligini ezişiň krepostnoýçylyk görnüşlerini ýatyrýar. Emiriň we begleriň ýerleri ellerinden alynýar. 1921-nji ýylyň 2-nji fewralynda Buhara Halk Sowet Republikasynyň (BHSR) MIK-i ähli ýerleri, suwlary, tokaýlary, tebigy baýlyklary millileşdirmek hakynda dekret kabul edýär. 1921-nji ýylda BHSR hökümetiniň ýanynda türkmen bölümi, 1923-nji ýylda Buhara türkmen oblasty döredilýär. Hojalykda, medeniýet gurluşygynda gazanylan üstünlikler netijesinde BHSR-yň sosialistik respublika öwrülmegi üçin möhüm şertler döreýär. 1924-nji ýylyň Bütinbuhara Sowetleriniň V gurultaýy BHSR-y Buhara Sowet Sosialistik Respublikasyna (BSSR) öwürmek barada karar kabul edýär. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling