Türkmenistanyň Bilim ministrligi
III BÖLÜM Özbegistan XVI-XIX asyryň ortalarynda
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
III BÖLÜM
Özbegistan XVI-XIX asyryň ortalarynda Şeýbany hanyň Mawerannahry basyp almagy XV asyryň ahyrlarynda Mawerannahrda taýpa serdarlarynyň özara uruşlary netijesinde Abulhaýryň döwleti çagşaýar. Döwletiň ýykylmagyna, şeýle hem ýurduň ykdysady dagynyklygy, feodal ýer eýeleri bilen daýhanlaryň synpy göreşleriniň ýitileşmegi hem öz täsirini ýetiripdir. Halk köpçüligi agyr salgytlara, feodallaryň yzygiderli özara uruşlaryna çydap bilmän ezijileriň garşysyna aç-açan çykyş edip başlapdyrlar. Ýurtda syýasy bulam-bujarlyk we hojalyk weýrançylygynyň şertlerinde Mawerannahra Şeýbany hanyň (1451-1510) ýolbaşçylygynda göçme taýpalar çozuş edip başlapdyrlar. Merkezi Aziýa çozuş etmezden ozal, Şeýbany hanyň goşuny Horezmiň, Buharanyň, Daşkendiň, Samarkandyň üstüne çozuş edipdir. Emma, ol şol oazislerde saklanman ýene- de yzyna sähralyga gaýdyp gelipdir. Şeýbany han Şeýbanylar dinastiýasynyň düýbini tutujydyr we Çingiz hanyň nesillerindendir. Ol ýaşlygyndan başlap, göçme taýpalary birleşdirip öz atasy Abulhaýryň döwletini dikeltmek ugrunda çalşypdyr. Emma, bu başa barmandyr we şoňa görä-de temirleriň gowşan döwletlerini basyp alyp başlapdyr. 1500-nji ýylda ol Mawerannahry öz häkimetine tabyn edýär. XVI asyryň başlarynda Şeýbany han Merkezi Aziýa çozuş edip, Buharany hem-de Samarkandy basyp alýar. Babyr öz goşuny bilen Şeýbany hanyň ýörişiniň öňüni almaga synanyşypdyr. Emma ol ýeňlip Owganystana tarap çekilipdir. Şeýbany han Gissary, Ferganany, Daşkendi basyp alypdyr we Horasana çozuş edýär. 1507-nji ýylda Şeýbany han Hyrady eýleýär we ähli temirler agalygyny ýok edýär.Şeýbany han 114 Horasany basyp alandan soň, Syrderýadan Merkezi Owganystana çenli bolan agalygyň hökümdary bolýar. Ondan soňra, ol Sefewi Eýranyny basyp almaga çalyşýar. Emma Sefewiler oňa berk gaýtawul berýärler.1510-njy ýylda Merwiň eteginde Şeýbany hanyň goşunyny Sefewi şasy Ysmaýyl I derbi-dagyn edýär. Söweşiň gidişinde Şeýbany hanyň özi hem wepat bolýar. Şeýbany ölenden soňra onuň döwleti eýesiz galýar. Sefewi şasy Ysmaýyl I Babyry Samarkantdaky öz tagtynda oturmaga çagyrypdyr. Emma Babyr ýerli halk tarapyndan goldaw tapmandyr. Şoňa görä-de, ol Samarkantda uzak saklanyp bilmändir. Samarkandyň we Buharanyň şol wagtky dolandyryjy toparlary Türkistana soltan Ubaýdullanyň ýanyna öz adamlaryny iberip onuň Merkezi Aziýa gelmegini haýyş edipdirler. Soltan Ubaýdulla uly bolmadyk goşunyň başynda durup ýörişe başlaýar. Oňa Babyryň goşunyny dargatmak başardypdyr. Şondan soňra Babyr Mekezi Aziýany hemişelik taşlap gitmäge mejbur bolupdyr. Şeýlelik bilen, Merkezi Aziýada temirler agalygy ýykylýar we onuň ýerine Şeýbanylar dinastiýasynyň ýolbaşçylygynda Altyn Ordanyň göçme özbek taýpalarynyň häkimeti gurlupdyr. Bu türki dilli göçme taýpalar Merkezi Aziýanyň ýerli türki ilaty bilen goşuluşyp ýaşap başlapdyrlar. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling