Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Özbegistanyň ýerlerine mongollaryň ýörişi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
- Bu sahifa navigatsiya:
- Mahmyt Tarabynyň gozgalaňy
Özbegistanyň ýerlerine mongollaryň ýörişi
Bu syýasy ýagdaýdan Könürgenç hökümdary Atsyz hanyň nesilleri peýdalanypdyrlar we soltan Sanjar ölenden soň özbaşdaklygyny gazanypdyrlar. Atsyz hanyň agtygy Tekeş (1172-1200) Syrderýanyň aşak akymyndan Yraga çenli aralygy Köneürgenç döwletiniň düzümine girizipdir. Çingiz hanyň Köneürgenç döwleti bilen gatnaşyklary baryp 1215-nji ýylda başlanypdyr. 1218-nji ýylda iki döwletiň arasynda gapma-garşylyklar döräp başlapdyr. Bu gapma- 97 garşylyklaryň döremegine bolsa, Otrar şäherinde mongol kerweniniň talanmagy we mongol ilçileriniň öldürilmegi sebäp bolupdyr. Mongollar Otrar şäherini alty aý gabawdan soň, 1219-njy ýylda basyp alýarlar. Çingiz hanyň goşuny 1120-njy ýylyň gyşynda Buhara şäherini gabaýar. Şähere hiç kim kömege gelmändir. Galyberse-de, dindarlar hem dönüklik edipdirler. Bu bolsa, şäheri goraýjylaryň boýun egmegine getiripdir. Mongol goşunlary şol ýylyň özünde Samarkanda ýakynlaşypdyrlar. Çingiz han Samarkandy gabap, ony goraýjylaryň boýun egmegini talap edipdir. Şäheri 60 müň esger gorapdyr. Şäheri gahrymanlarça goramakda halk meýletinçileriniň hyzmaty örän uly bolupdyr. Emma şäher ilatynyň gurply gatlagy ruhanylar öz janlaryny we emläklerini halas etmek maksady bilen halk meýletinçilerini goldamandyrlar. Mongollar meýletinçileri gabapdyrlar we olaryň onlarça müňüsini gyrypdyrlar. Ýerli han- begler, ruhanylar şäheri duşmana bermek barada mongollar bilen gepleşikleri geçiripdirler we ýygy-ýygydan mongollaryň tarapyna geçipdirler. Mongollar Samarkandy ýumrupdyrlar we talapdyrlar. Gana gark edilen Mawerennahr gysga wagtyň içinde mongollaryň eline geçipdir.Ondan soňra Çingiz hanyň goşuny Hojent şäherini gabap özüne boýun egdirýär. Mahmyt Tarabynyň gozgalaňy Ýerli halk daşary ýurt basybalyjylarynyň, şeýle hem ýerli feodallaryň eden-etdiliklerine çydap bilmän olaryň garşysyna yzygiderli azat-edijilik hereketleri alyp barypdyrlar. 1238-nji ýylda Buharada we onuň eteklerinde asly Tarab obasyndan bolan Mahmydyň ýolbaşçylygynda gozgalaň tutaşýar. Mahmyt Taraby öz töweregine zähmetdeş halky ýygnap, mongol otrýadyny ýeňmegi başarypdyr. Bu üstinlikden ruhlanan Buharanyň şäher ilaty ýaraga ýapyşypdyrlar we Mahmyt Tarabynyň adyndan welaýatyň ähli 98 ýerlerine adamlary iberip daşarky duşmana garşy göreşe çagyrypdyrlar. Tarabynyň ýolbaşçylygyndaky gozgalaňçylar otrýady ýüzleriniň ugruna mongol goraglaryny ýeňip geçip Buhara giripdirler. Taraby öz tarapdarlary bilen 1206-njy ýylyň gozgalaňyna ýolbaşçylyk eden Sanjaryň ornaşan köşgünde ornaşypdyr. Taraby şeýle etmek bilen Sanjaryň başlan işini dowam etdirýändigini aýan edipdir. Ol köşge sadralary (mongollary goraýan ruhanylar, feodallar we belli adamlar) çagyryp we özüniň resmi taýdan hökümdarlygyny ykrar etmäge mejbur edipdir. Bu döwürde Buharanyň ruhanylarynyň arasynda mongollara garşy durýan güýçli oppozisiýa hem bolupdyr. Bu oppozisiýa halkyň içinde abraýy bolan dindar Şamsutdin Mahbubi ýolbaşçylyk edipdir. Ol Tarabyny goldap, halky ýaraga ýapyşmaga çagyrypdyr. Mahmyt Taraby Buharada öz häkimýetini kanunlaşdyryp mongollary goldaýan ruhanylaryň we feodal arestokratlaryň garşysyna tutha-tutlugy geçiripdir. Juweýniniň aýtmagyna görä, ―ol gurply adamlaryň uly bölegini kemsidipdir we abraýdan gaçyrypdyr, käbirlerini öldüripdir, beýleki bölegi bolsa gaçypdyr. Ýönekeý halka we öýsüz-öwzarsyzlara bolsa, ol tersine, gowy garapdyr‖ Derbi-dagyn edilen mongollar Kermin şäherine gaçyp, ol ýerde güýç toplap Mawerennahryň namestnigi Mahmyt Ýalawaja (mongollar tarapyndan Horezmiň namestnigi edilip bellenen dikme) garaşypdyrlar. Gozgalaňçylaryň hataryna täze- täze otrýadlar goşulypdyrlar. Bu bolsa Mahmyt Tarabynyň mongollary yzarlamagyna mümkinçilik döredipdir. Kerminiň eteginde mongollaryň berk ýaraglanan goşuny bilen Mahmyt Tarabynyň ýolbaşçylyk edýän ýönekeý ýaraglanan tarapdarlary we halk meýletinçileriniň arasynda söweş bolup geçýär. Söweşiň gidişinde 10 müňden gowrak 99 mongol öldürilipdir. Ýöne, söweşde gozgalaňçylaryň ýolbaşçylary Mahmyt Taraby we Şamsutdin Mahbuby hem wepat bolupdyrlar. Gozgalaňçylar olaryň ýerine doganlar Mahmyt Muhammedi we Alyny saýlapdyrlar. Emma täze saýlanan ýolbaşçylaryň harby tejribesi we ýeterlik abraýy bolmandyr. Munuň şeýledigi mongollar bilen ikinji çaknyşykda belli bolýar. Bu çaknyşykda gozgalaňçylar ýeňilýär we 20 müňe golaý adamlaryny ýitirýärler. Halk meýletinçileriniň ýeňilmeginiň sebäbi, mongollara Hojentden köp mukdarda söweş taýýarlyklary bolan otrýadlaryň gelmegi bolupdyr. Gozgalaňçylar bolsa, erbet ýaraglanandygy we söweşjeň ýolbaşçylaryny ýitirendikleri sebäpli ýeňilmäge mejbur bolupdyrlar. Mongollar Buharany täzeden basyp alypdyrlar we ol ýerde ýene-de öz düzgünlerini dikeldipdirler. Gozgalaňdan gorkan mongollar we ýerli feodallar salgyt meselesinde käbir eglişiklre giden hem bolsalar, halk köpçüliginiň agyr durmuşyny özgertmekde üýtgeşikleri etmändirler. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling