Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
88 Özbegistanyň ýerlerine arap basybalyjylarynyň aralaşmagy Yslam diniň ýaýramagy VII asyryň ikinji ýarymyndan başlap, araplar basybalyjylar hökmünde syýasy arena çykyp başlaýarlar. 651-nji ýylda araplar Merwi basyp alandan soňra Buharanyň, Sogdiananyň mes toprakly ýerlerine we Merkezi Aziýanyň beýleki etraplaryna göz gyzdyryp başlaýarlar. 674-nji ýylda arap goşunlary Ubaýdulla ibn Ziýadyň ýolbaşçylygynda Amyderýadan geçip, ilki Paýkendi, soňra Buharany basyp alypdyrlar. Ol Buharadan we Paýkentden baý olja-ýarag, eginbaş, altyn, kümüş we köp mukdarda ýesirleri sürüp Merwe äkidipdir. Araplar Merkezi Aziýanyň üstüne Horasandan çozuş edipdirler. Arap halyfy Horasanyň namestnigine (hökümdaryna) Mawerennahr ýerlerini dolandyrmagy tabşyrypdyr. Araplar Amyderýanyň sag kenaryny Mawerennahr, derýanyň özüni bolsa ―Jeýhun‖ diýip atlandyrypdyrlar. 677-nji ýylda arap goşuny Seýit ibn Osmanyň ýolbaşçylygynda ýene-de Buharany gabapdyrlar. Buharanyň patyşasy (aýal, ady belli däl) araplar bilen parahatçylykly şertnama gol çekmäge mejbur bolýar. Şondan soňra Seýit Samarkanda ýöriş edip, ony tabyn edýär. Seýit Medinä 30 müň ýesir, köp mukdarda altyn, kümüş, ýarag iberipdir. Patyşanyň we ýokary gatlak wekilleriniň garyndaşlaryndan girewine alnan 70 adamy beýleki ýesirler bilen bir hatarda gullara öwrüp, agyr zähmetlerde ulanypdyrlar. Azatlyk söýüji we söweşjeň buharalylar bu kemsitmeler bilen ylalaşman köşge kürsäp girip, Seýdi öldüripdirler, soňra bolsa özlerini hem heläkläpdirler. Tä 705-nji ýyla çenli Horasanyň namestnikleri Mawerennahr ýerlerine birnäçe tozduryjylykly çozuşlary edip, her gezek hem Merwe dolanyp gelipdirler. 704-nji ýylda Horasanyň namestnikligine Kutaýba ibn Muslim bellenilýär. 89 Oňa Mawerennahry tabyn etmeklik we tutuş Merkezi Aziýany öz häkimligine almaklyk tabşyrylýar. 706-njy ýylda Küteýba Amyderýadan geçip, Paýkent şäherini gabaýar (şäher galyndylary häzirki Ýakatut menzilinde saklanyp galypdyr). Paýkent Samarkantdan soňra özüniň berk diwarlary we diňleri bolan ikinji baý, söwda şäheri bolupdyr. Şäheriň ilaty duşmana garşy berk gaýtawul beripdirler. Emma araplar diwaryň aşagyny köwüp ýykypdyrlar we şähere giripdirler. Şäheriň ilatyny rehimsizlik bilen gyrypdyrlar. Paýkent kynlyk bilen basylyp alnypdyr. Küteýba goşunyny Buhara sürmekden çekinip, Merwe yzyna gaýdypdyr. Küteýba düýpli taýýarlyk görenden soň, Buhara oazisiniň güýçli mülkleriniň biri bolan Wardanzi ýerlerine çozupdyr. Onuň hökümdary Wardan-hudata ferganalylar, sogdiýalylar we Günorta Gazagystanda ýaşaýan türkler kömege gelipdirler. Mawerennahryň birleşen güýçleri arap goşunlaryny gabap halka alyp başlapdyrlar. Kütaýbany halas eden ýeke-täk zat onuň harby mekirlige baş urmagy bolupdyr. Ol şol wagt Buharada ýerleşen sogdy hökümdary Tarhunyň ýanyna jansyzyny iberýär. Iberilen jansyz Tarhuna olara kömege gelen kömekçileriň araplaryň Merwe ugran badyna onuň ýurduna eýe boljakdyklary baradaky ýalan maglymaty berýär. Mundan gorkan Tarhun araplar bilen parahatçylyk şertnamasyny baglaşyp, pajyny töläp Samrkanda gitmäge howlugýar. Şeýlelik bilen Küteýba arkalaşygy bozup, aňsatlyk bilan ýeňiş gazanypdyr. Buhara we onuň etegindäki mes toprakly ýerler tutuşlygyna araplaryň eline geçýär. Ýaraşyk şertnamasyna laýyklykda, buharalylar her ýylky salgydyň daşyndan araplara şäherdäki öýleriniň ýarysyny bermäge, olar üçin odyn taýýarlamaga, atlary üçin ot-iým we şuňa meňzeşleri taýýarlamaga borçly edilipdir. 90 721-nji ýylda Küteýba Surhanderýa we Kaşgarderýa oazislerini basyp alýar. Şol ýylyň özünde 300 sany daş zyňyjy we diwar ýykyjy ýaraglary bolan ägirt köp mukdardaky goşuny bilen Samarkanda ýörişe başlaýar. Deň bolmadyk söweşiň gidişinde araplar Samarkandy gabaýarlar. Alty aý gabawdan soň araplar Samarkandy basyp alýarlar. Ýaraşyk şertnamasy boýunça Samarkandyň içki bölegi araplar üçin boşadylypdyr. Olar 2.200.000 dirhem kontribusiýa töläpdirler. Onuň daşyndan hem ýylda Halyflyga 200.000 dirhem we 300 ýaş gul ibermäge borçly edilipdir. Ondan soňra Küteýba Daşkendi we Ferganany basyp alyp, ol ýerleriniň hökümdarlygyna arap emirlerini belläpdir. 715-nji ýylda Kütaýba täze halyf Süleýmanyň garşysyna gozgalaň turuzýar, emma ol öz esgerleri tarapyndan öldürilýär. Araplar basyp alan ýerlerinde yslam dinini ýarradypdyrlar. Olar yslamy ýaýratmakda ykdysady syýasaty hem ulanypdyrlar. Dini kabul etmediklere jan başyna salynýan salgydy (jizýa) tölemäge mejbur edipdirler. Kimde-kim ony kabul etse salgytdan boşadylypdyr. Jizýa salgydyndan başga, ýer salgydy (hyraç) hem bolup, bu salgyt boýunça daýhanlar ýygnan hasylynyň bäşden bir ýa-da dörtden bir bölegini bermäge borçly bolupdyrlar. Soňra bolsa ―jizýa‖, ―hyraç‖ salgytlaryndan daşary, malyň kyrkdan bir bölegini, ussaçylykdan, söwdadan girýän girdejiden salgyt ýygnap başlapdyrlar. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling