Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
92 II BÖLÜM Özbegistan VIII - XV asyrlarda Ýerli ilatyň arap basybalyjylaryna garşy göreşi Araplaryň ýerli halky yzygiderli talap durmagy, olaryň hukuklaryndan mahrum edilmegi, medeniýetiniň, diliniň kemsidilmegi, arap ýazuwynyň we yslamyň zor bilen girizilmegi ýerli halkyň gahar-gazabyny artdyrypdyr. 720-721-nji ýyllarda Sogdiýanada araplaryň garşysyna uly halk gozgalaňy başlanýar. Sogdiýanalylar Semireçiýeden göçme taýpalary kömege çagyrýarlar. Gozgalaňçylaryň birleşen güýçleri Sogdiýanadaky arap otrýadyny derbi-dagyn edýärler. Horasanyň emiri gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin goşun sürýär. Güýçleri deň bolmadyk sogdianalylar Fergana tarap yza çekilipdirler. Gozgalaňçylary Horasanyň namestnigi Seýit Haraşiniň hut özi uly goşuny bilen yzarlapdyr. Fergananyň patyşasy muny eşidip, sogdianalylara kömek etmekden ýüz öwürýär. Netijede, sogdianalylar bilen Seýit Haraşynyň arasynda söweş bolup geçýär. Söweşde gozgalaňçylar ýeňilýärler we Hojent şäherinde gizlenýärler. Gozgalaňçylar araplaryň goýan şertlerini kabul etmeli bolýarlar. Şertnama laýyklykda gozgalaňçylar hyraç salgydyny we salgydyň tölenilmedik bölegini doly tölemeli edilýär, özleri bolsa yzlaryna Sogdiana gitmeli edilýär. Soňra Haraşy Hojentiň ilatyndan berk öç alypdyr. Tabaranyň aýtmagyna görä, 3000 adam, başga maglumatlar boýunça bolsa, 7000 adam öldürilýär. 728-nji ýylda Sogdianada ýene-de gozgalaň turýar. Emma bu gozgalaň Horasanyň emiri tarapyndan çaltlyk bilen basylyp ýatyrylýar. Mawerennahr ýerlerinde arap halyflygynyň agalygyna garşy yzygiderli gozgalaňlar bolup durupdyr. Şeýle 93 gozgalaňlaryň ulusy 776-njy ýylda Hakim ibn Haşymyň ýolbaşçylygynda Mawerennahr ýerlerinde başlanýar. Taryhçy Narşahynyň habar bermegine görä, Haşym ibn Häkim ýüzüni ýaşyl örtük bilen ýapyp gezipdir. Şoňa görä hem halk ony ýüzi örtükli adam-Mukanna diýip atlandyrypdyr. Sebäbi onuň ýüz keşbi gelşiksiz, bir gözi bolsa gyşyk bolupdyr. Ol gozgalaňa Merwde taýýarlyk görüp başlapdyr. Emma onuň bu hereketini ýerli häkimiýet bilipdir. Şoňa görä-de, ol Mawerennahra gaçýar. Muhannanyň tarapdarlary ak geýim geýipdirler, şoňa görä-de olara ak geýimli adamlar diýip diýip hem at beripdirler. Mukanna adamlaryň sosial deňligini we erkinligini wagz edipdir. Onuň tarapdarlary tutuş häzirki Özbegistanyň territoriýasynda gozgalaňa başlapdyrlar. Ýerli han-begler tarapyndan goldanylýan arap hökümdarlary Mukannanyň garşysyna uly güýçleri sürüpdirler. Şeýle-de bolsa, olar diňe birnäçe ýyla çeken erjel göreşden soň, gozgalaňy ýatyryp bilipdirler. Yzly-yzyna üznüksiz diýen ýaly gozgalaňlar halyfatyň kuwwatyny örän gowşadypdyr. ―Ak geýimli adamlaryň ‖ we Mukannanyň gozgalaňy basylyp ýatyrylsa-da, ýerli halkyň arap halyflygynyň eden-etdiligine bolan gahar-gazaby köşeşmändir, tersine, güýçlenip kähalatlar-da ol täze ýaragly çykyşlaryň döremegine getiripdir. 806-njy ýylda Sogdianada Rafi ibn Leýsiň ýolbaşçylygynda daýhanlaryň gozgalaňy başlanýar. Gozgalaň Samrakantda başlap, soňra Daşkente, Fergana, Kaşgaderýa we Horezme geçýär. Gozgalaňyň başlanmagynyň sebäbi yslam dinine we daşary ýurt basybalyjylaryna bolan ýigrenç bolupdyr. Gozgalaň Mawerennahryň köp bölegini öz içine alypdyr. Halyflygyň gozgalaňy harby güýç bilen basyp ýatyrmak synanyşyklarynyň ählisi başa barmandyr. Şonda Horasanyň 94 namestnigi Mamun ýerli feodallardan kömek sorap, ýüz tutýar. Hökümdar kim kömek etse ýurdy dolandyrmakda uly hukukdan peýdalanmaga kömek berjekdigine söz beripdir. Rafi ibn Leýs araplara we halyfa garşy söweşini bes edipdir. 806-njy ýylda başlanan gozgalaň 810-njy ýylda basylyp ýatyrylýar, onuň ýolbaşçylary bolsa jezalandyrylypdyr. Gozgalaň basylyp ýatyrylan hem bolsa arap halyflygynyň syýasy taýdan pese gaçmagyna getiripdir. IX asyryň birinji çärýeginiň ahyrlarynda Horasanda we Mawerennahrda häkimýet ýerli feodallaryň-ýer eýeleriniň eline geçýär. Halk köpçüliginiň daşary ýurt zulumyna garşy azatlyk ugrunda gaýduwsyz göreşleriniň netijesinde ýerli nebereleriň başda durmagynda özbaşdak döwletiň döremegi üçin şertler döräpdir. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling