Türkmenistanyň Bilim ministrligi
-80-nji ýyllarda Azerbaýjanyň sosial-ykdysasady we
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
50-80-nji ýyllarda Azerbaýjanyň sosial-ykdysasady we
syýasy ýagdaýy Uruşdan soňra 1946-nji ýyldan başlap Azerbaýjanda halk hojalygyny parahatçylyk esasynda üýtgedip gurmak işleri başlanýar. Azerbaýjanyň halk hojalygy gysga wagtyň içinde uruşdan öňki derejesinden-de ýokary galýar. Azerbaýjan SSR-iň senagatynyň 1950-nji ýyldaky önümi 1940-njy ýyl bilen deňeşdireniňde 39 % artyk bolan bolsa, 1958-nji ýylda 1950-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 1,8 esse köp önüm beripdir. 1969- 1979-njy ýyllarda Sowet Azerbaýjanyň jemi önümi tutuş uruşdan soňky döwir bilen (1945-1969) deňeşdireniňde 1,3 esse köp bolupdyr. 1979-njy ýylda Sowet Azerbaýjanyň senagat önümleriniň 350 görnüşi daşary ýurtlaryň 65-ne eksport edilipdir. Oba hojalygynyň umumy önümi rewolusiýadan öňki döwir bilen deňeşdireniňde 7 esse artypdyr. 1969-1971-nji ýyllarda pagtanyň öndürilişi 2,5 esse, bugdaý 2,1 esse, üzüm 3,4 esse artdyrylypdyr. 1979-njy ýylda maldarçylyk önümleri 1969-njy ýyl bilen deňeşdireniňde 1,5-2 esse artyk öndürilýär. 10 ýylyň içinde ilatyň jan başyna düşýän milli girdeýji 1,7 esse artypdyr. 1929-njy ýylda Azebaýjan ýazuwynda arap elipbiýinden latyn elipbiýine geçilmegi medeni gurluşykda uly ähmiýete eýe bolýar. Täze elipbiýe geçilmegi diňe bir Sowet Azerbeýjanyň durmuşynda däl-de, eýsem gündogaryň beýleki halklarynyň durmuşynda hem ägirt uly waka bolupdyr. Azerbaýjan SSR- inde başlanan latyn elipbiýine geçmek hereketi sowet we daşary ýurt gündogar halklarynyň 40-a golaýyny öz içine alypdyr. Sowet häkimiýeti ýyllary içinde ýurtda ilatyň sowatsyzlygy 72 doly ýok edilipdir. Ählumumy başlangyç bilime geçilip orta mekdepleriň giň seti döredilipdir. 1914-1915-nji ýyllar bilen deňeşdireniňde Azerbaýjanda mekdepleriň umumy sany 3,5 esseden hem köp artypdyr. Diňe orta mekdepde okaýan okuwçylaryň sany 9 esse köpelipdir. Köp mukdarda tehnikumlar we ýokary okuw mekdepleri açylypdyr. Eger 1921-nji ýyllarda bary ýogy iki sany ýokary okuw mekdebi bolan bolsa 1940-1941-nji ýyllarda ol san 16-a ýetipdir. Olaryň içinde Azerbaýjan Döwlet Uniwersitetini, Nebitçilik Institutyny, Oba Hojalyk Institutyny, Mugallymçylyk institutyny, konserwatoriýany agzamak bolar. Köp sanly azerbeýjan sowet milli intelegensiýasynyň kemala gelmegi bolsa ýetilen sepgitdäki esasy üstünlikleriň biri diýip bolar. Mysal üçin rewolusiýa çenli bary-ýogy 45 sany azerbeýjan lukmany we 12 sany inžener bolan bolsa, onda 1938-nji ýylda azerbeýjan milli lukmanlaryň sany 1000-e, inženerler bolsa 3 müňe ýetipdir. 1935-nji ýylyň oktýabr aýynda SSSR Ylymlar akademiýasynyň Azerbeýjan filialynyň açylmagy bolsa ýurtda nebitçilik, geologiýa, himiýa, lukmançylyk we ylmyň beýleki pudaklarynyň ösmegine getiripdir. Azerbeýjan sowet edebiýaty we sungaty hem ösüpdir. 20- 30-njy ýyllarda azerbeýjan dramaturglary- Jafar Jabarlynyň (―Sewil‖, ―1905-nji ýyl‖, ―Oduň gelni‖) we Mirza Ibragimowyň (―Haýat‖), Şahyrlar- Samed Wurgunyň (―Wagif‖, ―Rot Front‖, ―Komsomol poemasy‖), Süleýman Rustamyň (―Gijäniň romantikasy‖, ―Gaçak Nabi‖), prozaçylar- M. S. Ordubadyň (―Dumanly Töwriz‖) we Ragimowyň (―Şamo‖), kompozitorlar Y. Gajybekowyň (―Kerogly‖ operasy, ―Arşin mal alan‖ sazly komediýasy), M. Magameýewiň (―Nargiz‖ operasy), A. Badalbeýliniň (―Gyz galasy‖ atlyilkinji azerbeýjan baledi) we beýlekileriň ajaýyp eserleri döräpdir. 73 1949-njy ýyla çenli Azerbaýjan SSR-nde mekdepleriň seti uruşdan öňki derejesine çenli dikeldilipdir. Obalarda ýediýyllyk bilim, şäherlerde bolsa doly orta bilim ugrundaky göreş dowam edipdir. Mekdepleriň maddy-tehniki bazasy berkidilipdir. 1952- 1953-nji okue ýylynda respublikada 28 müňden gowrak mugallym işläpdir. 1946-1959-njy ýyllarda ýörite orta we ýokary okuw jaýlarynyň seti ep-esli giňeldilipdir. Ýurtda 20 sany ýokary okuw mekdebi we 80 sany tehnikum bolup, olarda 50 müňden gowrak oglanlar we gyzlar okadylypdyr. Ylymlar akademiýasy bilen bir hatarda 81 sany ylmy edaralar işläpdirler. Gazetleriň 99 görnüşi, şol sanda 8-si respublika möçberinde we 32 žurnal çykarylypdyr. Ýurduň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly işleýän hünärment aýal-gyzlaryň sany äşgär ösüpdir. 1961-nji ýylda Azerbaýjan SSR-niň ýokary okuw mekdeplerinde 36 müňden gowrak, tehnikumlarynda 27 müňden gowrak aýal- gyzlar hünär alypdyr. 1980-nji ýylda respublikanyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän adamlaryň 83,2 %-niň ýokary, orta we doly däl orta bilimleri bolupdyr. Azerbeýjanyň ýaşaýjylarynyň her ikinji ýaşaýjysy okapdyr ýa-da tejribesini ýokarlandyrypdyr. Respublikanyň umumy bilim berýän mekdeplerinde 107 müňden gowrak mugallym işlän bolsa, 17 sany ýokary okuw mekdeplerinde 105 müň talyp bilim alypdyr. Ýurtda Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylygynda 120-den gowrak ylmy barlag institutlary üstünlikli ylmy işleri alyp barypdyrlar. Olarda 21,5 müňe golaý golaý ylmy işgärler zähmet çekip, olaryň 9 müňe golaýy ylymlaryň doktorlary we kandidatlary bolupdyrlar. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling