Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Temirleriň, garagoýunlylaryň we akgoýunlylaryň
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
Temirleriň, garagoýunlylaryň we akgoýunlylaryň Azerbaýjanyň ýerlerine ýörişleri 1386-njy ýylda Temiriň goşuny Töwrizi basyp alýar. Müňlerçe azerbeýjan hünärmenleri teýmirleriň paýtagty Samarkanda sürgün edipdirler. Halk basybalyjylyklara garşy göreşmegini dowam etdiripdir. Duşmana garşy göreşde Nahiçewanyň Alynjak galasyny goraýjylary gahrymançylygyň iň ýokary nusgasyny görkezipdirler. Ony goraýjylar 14 ýylyň dowamynda Teýmiriň we onuň ogly Mizan şanyň goşunynyň garşysyna gaýduwsyz göreş alyp barypdyrlar. 1397-nji ýylda Şeki hökümdary gruziýanyň otrýady bilen bilelikde galany goraýjylara kömege barýarlar we duşmanyň goşunyny uly ýeňlişe sezewar edýärler. Şirwan şasy Ybragym I (1382-1417) Temir bilen gepleşikler geçirip‚ Temiriň öz üstüne çozmagynyň öňüni alýar. Ol gepleşik mahaly Temire gymmat baha sowgatlary hem getiripdir. Bu gepleşigiň netijesinde Temiriň talabyna laýyklykda şirwanlylar Altyn Orda hany Togtamyşyň we türk soltany Baýezit I garşysyna ýörişe gatnaşypdyrlar. 1405-nji ýylda Teýmir ölenden soňra Azerbaýjanyň ýerlerinde hem onuň häkimýeti gowşap başlapdyr. Töwrizde‚ Maragada‚ Garabagda we beýleki welaýatlarda halk hereketleri başlanypdyr. Şu pursatdan peýdalanyp Ybragym I öz goşunyny Kura derýasyndan geçirip Genje şäherini we Garabagyň ep-esli bölegini eýeleýär. Ol 1406-njy ýylda temirleri Azerbaýjandan gysyp çykarýar we Töwrizi eýeleýär. Emma Azerbaýjanyň bu gezekki birleşigi berk bolmaýar we tiz wagtda Ybragym I Töwrizi goýup demirgazyga tarap çekilmeli bolýar. 27 Garagoýunly türkmenler oguzlaryň iwe taýpasundan gelip çykandyr. Garagoýunly döwletiniň baýdagynyň ýüzünde gara goýnuň şekili ýerleşdirilipdir. Döwlet Gara Ýusubyň hökümdarlyk eden döwründe (1410-1420) has güýçlenýär‚ ol Azerbaýjanyň ep-esli bölegini we tutuş Ermenistany eýeleýär. Gara Ýusup 1408-nji ýylda Temiriň ogly Mizan şany‚ soňra bolsa Bagdadyň häkimi Soltan Ahmed Jelaýyzy ýeňlişe sezewar edýär. Ol 1410-njy ýylda Garagoýunly türkmen döwletini esaslandyrýar. Döwletiň paýtagty Töwriz şäheri bolupdyr. Garagoýunlylar döwletiniň düzümine Azerbaýjanyň Kuradan günortadaky ýerleri‚ Ermenistan‚ Kürdistan‚ Yrak girýär. 1420- nji ýylda Temiriň ogly Şahruh köp sanly goşuny bilen Hyratdan garagoýunlylaryň üstüne ugraýar. Uruş mahaly Gara Ýusup ýarawsyzlygy sebäpli aradan çykýar. Gara Ýusubyň ogly Jahan şanyň hökümdarlyk eden döwründe (1435-1467) Garagoýunlylar döwleti has berkeýär. Boýun bolmaýan çarwa begzadalarynyň merkezi döwlete boýun bolmagyny gazanýar. Jahan şa 1467-nji ýylda Muş diýen ýerde akgoýunly taýpasynyň ýolbaşçysy Uzyn Hasan bilen bolan çaknyşykda ölýär we Garagoýunly döwleti ýaşamagyny bes edýär. Gargoýunly döwleti ýykylanyndan soň‚ onuň ýerlerinde Akgoýunly türkmen döwleti döreýär. Akgoýunly türkmen döwleti hem Töwriz şäherini öz paýtagtyna öwürýär. Akgoýunly türkmen döwleti Azerbaýjandan daşary Ermenistany‚ Kürdistany‚ Yragy we Eýranyň bir bölegini özüne birikdirýär. Akgoýunly taýpa birleşiginiň esasyny türkmeniň baýandyr taýpasy düzüpdir. Döwletiň baýdagynda ak goýunyň şekiliniň bolandygy sebäpli oňa Akgoýunly türkmen döwleti diýipdirler. Akgoýunly döwleti Uzyn Hasanyň dolandyran döwründe (1453-1478) has gülläp ösýär. Ol Italiýa‚ Wengriýa‚ Awstriýa‚ Polşa we beýleki Ýewropa döwletleri bilen diplomatik hem-de 28 söwda gatnaşyklaryny ýola goýupdyr. Bu döwletler Azerbaýjan hökümdaryny türk soltany Mehmet II garşysyna göreşde özleriniň ýarany hökmünde görüpdirler. Hatda Uzyn Hasan Osmanlylaryň garşysyna söweşmek üçin Wenesiýa bilen ýaranlyga hem giripdir. Akgoýunlylaryň paýtagty Töwrizde Wenesiýa ilçileri- Lazaro Kwirino‚ Katarino Zeno‚ Jozeppa Barbara‚ Abrojo Kontarini hemişelik diýen ýaly bolup, olar özleriniň Azerbaýjana syýahatlary barada gymmatly ýazgylary galdyrypdyrlar. Uzyn Hasanyň ejesi Sara hatyn hem Ýewropada we gündogarda diplomat we döwlet işgäri hökmünde özüni tanadypdyr. 1472-nji ýylda Akgoýunly döwleti türk soltany Mehmet II Fatihyň goşuny bilen çaknyşýar. Bu söweşde Wenesiýa akgoýunlylara kömek etmek maksady bilen öz flotyny Turkiýanyň kenarlaryna iberendigine garamazdan Uzyn Hasanyň goşuny ýeňilýär. Emma muňa garamazdan türk soltany Azerbaýjany alyp bilmeýär. 1478-nji ýylda Uzyn Hasan ölenden soňra Akgoýunly döwletiniň içinde tagt ugrynda söweş başlanýar. Netijede, Akgoýunly türkmen döwletiniň ýerine Uzyh Hasanyň gyzyndan bolan agtygy Ysmaýyl I şa sefewiler döwletini döredýär. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling