Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Download 1.51 Mb. Pdf ko'rish
|
wlüýägulyýew M Türki ýurtlaryň taryhy-2010`HTTU
- Bu sahifa navigatsiya:
- II BÖLÜM Azerbaýjan VIII-XV asyrlarda Ýerli ilatyň arap basybalyjylaryna garşy göreşi. Babegiň gozgalaňy
21 II BÖLÜM Azerbaýjan VIII-XV asyrlarda Ýerli ilatyň arap basybalyjylaryna garşy göreşi. Babegiň gozgalaňy IX asyryň ortalaryndan başlap Azerbaýjanda feodalizm has çalt ösüp başlaýar. Agalyk ediji synp bolan feodal topary güýçlenip başlaýar. Feodallar daýhanlary has güýçli ezip başladylar. Azerbaýjana araplaryň gelmeginiň ilkibaşlarynda salgyt ulgamynda uly bir üýtgeşiklik bolmandyr. Emma soňra esasy salgydyň daşyndan dürli goşmaça salgytlar we borçlar girizilip başlanýar. Emirleriň we çinownikleriň eden etdilikleri daýhan köpçüliginiň we ownuk feodallaryň esasy böleginiň tozamagyna getiripdir. Bu ýagdaýlar bolsa ýurtda synpy gapma- garşylyklaryň ýitileşmegine getiripdir. VIII asyryň ortalaryna çenli daýhanlaryň bir bölegi öz nägileliklerini bildirip ýerlerini taşlap giden bolsalar‚ beýleki bir bölegi daşarky duşmanyň ezişine garşy gozgalaň turzupdyrlar. Şeýle gozgalaňlar VIII-IX asyryň sepgidinde has hem ýitileşip başlapdyr. Gozgalaňlaryň iň ulularynyň biri 816-837-nji ýyllarda bolup geçen Babegiň ýolbaşçylygyndaky gozgalaňdyr. Bu gozgalaň häsiýeti boýunça arap agalygyna we ýerli feodallaryň ezişine garşy gönükdirilipdir. Gozgalaňa täjir maşgalasyndan gelip çykan Babek atly daýhanlaryň serdary ýolbaşçylyk edipdir. Ol eýýäm 18 ýaşyndaka gozgalaňlara gatnaşyp‚ özüni ýolbaşçy‚ guramaçy‚ belli goşun serkerdesi we syýasy işgär hökmünde tanadypdyr. Babegiň ýolbaşçylygyndaky gozgalaňa diňe bir daýhanlar gatnaşman eýsem şäher garyplary hem gatnaşypdyrlar. Onuň goşunynda halk tarapyndan meýletin düzlen 20 müň adamdan ybarat atly goşun we köp sanly pyýada goşun bolupdyr. 22 Gozgalaň gysga wagtyň içinde tutuş Azerbaýjany öz içine alypdyr. Gozgalaňçylaryň hataryna döwletiň özbaşdaklygyny isleýän feodallaryň hem bir bölegi goşulypdyr. 819-829-njy ýyllaryň dowamynda gozgalaňçylar araplaryň gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin iberen atly armiýasyny derbi- dagyn etmegi başarýarlar. Bu söweşleriň gidişinde Şirwan we Nahiçewan ýerleri şeýle hem Ardebil‚ Balaýkan we Barda şäherleri azat edilýär. Gozgalaňçylar 830-njy ýyla çenli bütin Azerbeýjany diýen ýaly öz ellerine almagy başarypdyrlar. IX asyryň 20-30-njy ýyllatynda Babegiň gozgalaňy has uly gerime eýe bolup diňe Azerbaýjanyň günorta böleginde we oňa degişli dagly oblastlarynda 300 müňden gowrak adam bolupdyr. Emma gozgalagyň gidişinde ýerli feodallar Babege dönüklik edip‚ araplaryň tarapyna geçip başlaýarlar. Araplar Babegi tutup berene 2 milion dirhem berjekdiklerini wada berýärler. Netijede‚ öň gozgalaňçylaryň tarapynda duran ýerli feodallaryň biri Babegiň onuň öýünde gizlenýändigini araplara habar edip ony tutdyrýar. Babek ol feodalyň öýünden ýesir alynyp‚ 838-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda jezalandyrylyp öldürilýär. Babegiň gozgalaňy adamalaryň aňynda uzak wagtlap saklanyp‚ tä IX asyryň ahyryna çenli halk gozgalaňlary dowam edip durupdyr. Gozgalaňlaryň taryhy ähmiýeti onuň tutuş arap halyflygyna uly zarba urup düýpli gowşadandygyndan ybaratdyr. Download 1.51 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling