Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet66/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   62   63   64   65   66   67   68   69   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

din Rabguzynyň dünýä edebiýatynda uly meşhurlyga eýe bo-
lan «Kysasy Rabguzy» eseriniň «Adam alaýhyssalama zatlaryň 
atlarynyň öwredilmeginiň beýany» atly bölüminde diliň döreýşi 
bilen baglanyşykly şeýle setirler bar: «Hezreti Adam alaýhyssalam 
Allatagalanyň ylham nazary bilen ýokarky we aşaky hemme älemdä-
ki mahlukatu-möwjudatlardan haýwanlaryň, ösümlikleriň, daşlaryň, 
agaçlaryň atlaryny, olaryň sypatlaryny, hünärlerini geregiçe beýan 
etdi» (Nasyreddin Rabguzy. Kysasy Rabguzy Aşgabat, 2004, 59 
sah.).
Diliň emele gelşi gadymy filosofiki işlerde-de beýan edilipdir. Bu 
mesele bilen antik döwrüň alymlary ylmy nukdaýnazardan meşgulla-
nypdyr. Grek filosoflary zatlara at berilmegi bilen baglanyşykly iki 
sany garşylykly pikiri orta atypdyrlar. Antik döwrüň meşhur matera-
list filosofy Demokrit (b.e.öň 460–370-nji ýyllar) zatlaryň özüne ber-
len at bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugy, zatlara adyň ynsanlar 
tarapyndan dakylýandygy baradaky pikiri öňe sürüpdir. Platon bol-
sa, zat bilen onuň adynyň arasyndaky baglanyşygyň bardygy, zatlara 
adyň Hudaý tarapyndan dakylýandygyny nygtapdyr.


102
Gadymy Rim akyldary we şahyry Lukaresiý (b.e.öň 99–55-
-nji ýyllar) hem dil bilen baglanyşykly pikirleri aýdypdyr. Ol öz 
garaýyşlaryny «Zatlaryň tebigaty hakynda» atlandyrylan meşhur filo-
sofiki poemasynda şygyr bilen beýan edipdir. Lukaresiý diliň ynsan-
dan başga ylahy bir barlyk tarapyndan ýaradylandygy baradaky pikire 
ynanmandyr. Onuň pikiriçe , zatlaryň ady zerurlyk netijesinde döräp-
dir, her bir at talabyň esasynda emele gelipdir.
Diliň nähli emele gelendigi hakyndaky pikirler mydama 
alymlaryň üns merkezinde bolupdyr. Orta asyrlarda, Täzeden döreýiş 
döwründe bu mesele hakynda täze ylmy garaýyşlar öňe sürülmän-
dir. XVII–XVIII asyrlarda diliň döreýşi meselesi bilen Ýewropanyň 
birentek ýurtlarynyň, Angliýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň 
görnükli alymlary meşgul bolupdyr. XIX asyrda bu möhüm mese-
le beýleki ylymlaryň hem birtoparyny özüne çekipdir. Şuňa görä-de 
diliň döreýiş meselesi barada taryhçylar, etnograflar, psihologlar, ant-
ropologlar we beýleki alymlar çuňňur gyzyklanypdyrlar.
Diliň döreýşi baradaky meselede,esasan, iki sany kemçilige ýol 
berilýär. Olaryň biri – diliň ähli meselesiniň dil bilimine bagly ha-
sap edilmezligi, beýlekisi bolsa, diliň emele gelmegi baradaky mesele 
bilen dilleriň emele gelmegi hakyndaky meseläniň garyşdyrylmagy 
hakyndaky pikirlerdir. 
Birinji pikiriň tarapdarlary diliň döreýşi baradaky meseläniň dil 
bilimine degişlidigini inkär edip, onuň filosofiýa, antropologiýa we 
gaýry ylymlara degişlidigini tassyklaýarlar. Bu mesele, hatda, häzi-
rki zaman dil biliminde hem bellibir derejede uly orun alypdyr. Me-
selem, belli fransuz dilçisi Žozef Wandriýes 1914-nji ýylda ýazyp 
tamamlan «Dil» atly meşhur kitabynda: «Aslynda diliň döreýşi bara-
daky mesele dil bilimine degişli däldir, bu hakykatdyr» diýip belleýär 
(Ж. Вандриес. Язык (Лингвистический введение в историю). М., 
1937, 19 sah.).
Amerikaly dilçi Eduard Sepir bolsa özüniň 1921-nji ýylda ýazan 
«Dil» atly kitabynda diliň emele gelşi hakyndaky meseläniň goýluşyny dil 
bilimi üçin zerur zat hasap etmeýär, onuň filosofiýa degişlidigini nygtaýar 
(Е.Cепир.Язык (Введение в изучение речи). М.-Л., 1934, 121 sah.).
Diliň emele gelmegini dil biliminden başga ylymlarda öwren-
megi tekrarlaýanlar meseläniň örän kyn hem-de köptaraplydygy-


103
na esaslanýarlar. Ýöne, mesele näçe çylşyrymly bolsa-da, ony dil 
biliminden daşda goýmak bolmaýar. Dil, onuň ähli meseleleri dil 
biliminiň obýektidir. Dil biliminde diliň döreýşi barada örän köp işler 
edilipdir, soňky ýyllarda täze-täze garaýyşlar öňe sürülýär. Şunuň bi-
len bilelikde adamyň gep agzalary, olaryň gurluşlary, özboluşlylygy, 
sesiň emele gelşi derňelýär. Şu babatda birentek ylymlaryň: taryhyň, 
psihologiýanyň, etnografiýanyň, filosofiýanyň, geografiýanyň we 
beýleki ylymlaryň kömegine bil baglamaly bolýar.
Häzirki zaman dil biliminde diliň döreýşi baradaky mesele dilleriň 
emele gelmegi baradaky mesele bilen gatyşdyrylmaýar. Dilçi alymlar, 
umuman, dil düşünjesini, takyk dillerden aýratynlykda göz öňüne ge-
tirmegi başardylar. Adamyň haçan geplemäge başlandygynyň taryhy 
ynsanyň özi ýaly gadymydyr. Aýratyn alnan dilleriň bolsa döreýiş 
taryhy müňlerçe ýyllyk ýa-da ondan hem az wagty öz içine alýar. Şoňa 
görä-de bize mälim bolan dilleriň hiç biri adamzat aragatnaşygynyň 
haçan dörändigini görkezip bilmez.
Diýmek, diliň we dilleriň döreýşi düýbünden tapawutly mesele-
dir. Biz diliň döreýşi barada birentek işleriň edilendigini öňde belläp 
geçipdik. Indi, şol nazaryýetleriň birnäçesine seredeliň.

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   62   63   64   65   66   67   68   69   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling