Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Žan Žak Russo
- 3. Durmuşy razylaşma nazaryýeti.
ýogyn sesli ümlükler gynanç bilen bagly duýgyny aňladypdyr.
Umlükler nazaryýeti dünýäniň dürli ülkelerine giňden ýaýrapdyr. Bu nazaryýetiň hem birnäçe kemçiliklerini görkezmek mümkin: 1. Dilde beýleki sözlere garanyňda ümlükleriň sany örän azdyr. Şoňa görä-de, dildäki onlarça müň sözi emele getirmekde ümlükleri esas edinip almak ýalňyş bolar. 105 2. Dildäki ümlükler hiç hili takyk leksik manyny, grammatik ma- nyny bermeýär. Nazary dil biliminiň kesgitlemegine görä, ümlükler dilde esasy sözler hasap edilmeýär. Şoňa görä-de olar beýleki sözleriň ýasalmagyna esas bolup bilmezler. 3. Bu nazaryýetiň iň uly kemçiligi, ümlükler diliň esasy hyzmaty bolan aragatnaşyk hyzmatynda ulanylmaýar. Ýöne dillerde ümlükleriň hyzmatyny hem peseltmek bolmaz. Milli dillerde ümlükleriň aýratynlygy has-da aýdyň ýüze çykýar. Her bir diliň özüne mahsus ümlükleri bardyr. XVIII asyrda ümlükler nazaryýeti giňden ýaýrap başlaýar. Onuň tarapdarlarynyň arasynda Žan Žak Russo has-da tapawutlanýar. XIX asyryň ahyrynda XX asyryň başynda rus alymy D.N.Kudrýawskiý hem ümlükler nazaryýetiniň ýörelgelerini dogry hasap edipdir. Ümlükler nazaryýetini düýbünden gereksiz zat hasaplamak bol- maz, dil biliminde onuň dildäki ümlükleriň etimologiýasyny öwren- mekde uly hyzmaty bardyr. 3. Durmuşy razylaşma nazaryýeti. Diliň döreýşiniň gadymy nazaryýetleriniň biri durmuşy razylaşma nazaryýetidir. Bu nazaryýet käbir işlerde sosial şertnama nazaryýeti diýlip hem atlandyrylýar. Bu nazaryýet hem b.e.öň V-IV asyrlarda gadymy Gresiýada döräpdir. Ol nazaryýetiň esasyny özara ylalaşyk, razylaşma tutýar. Durmuşy razylaşma nazaryýetine görä, dil adamlaryň özara- larynda zatlaryň ady hakynda razylaşmagy, ylalaşmagy netijesin- de döräpdir. Ilkibaşda, dil ýokka adamlar ol ýa-da başga hadysany ýa-da zady atlandyrmak zerurlygy ýüze çykanda biri-birleri bilen ylalaşypdyrlar. Meselem, ýerde gögerýän närselere «ösümlik», olaryň bir görnüşine «bugdaý», beýleki bir görnüşine «arpa», «ýorunja», «ýowşan» we ş.m. haýwanlaryň görnüşlerine «goýun», «sygyr», «gaplaň», «towşan» we ş.m. atlary beripdirler. Bu atlar dakylanda adamlar toplanyp haýsy zada näme at dakmalydygyny yalalaşypdyrlar. Durmuşy razylaşma nazaryýetiniň tarapdarlary ylmyň dürli ugur- laryna degişli adalgalar döredilende, olaryň ylalaşyk netijesinde döre- dilýändigini özlerine esas edinip alýarlar. Olar adalgalaryň ýasalma- gynda razylaşmanyň esas edilip alynmagy baradaky iş ilkinji sözleriň döredilmeginde hem ulanylypdyr diýip, subut etmäge çalyşýarlar. Durmuşy razylaşma nazaryýetiniň diliň emele gelmegini düşündirip bilmeýändigine onuň aşakdaky kemçilikleri güwä geçýär: 106 1. Eger ilkinji adamlar ol ýa-da başga bir zada at dakmakçy bolup ýygnansalar, olaryň ortalyk aragatnaşyk guraly bolmaly. Mälim bolşy ýaly, esasy aragatnaşyk guraly dildir. Entek dil ýokka, nädip zatlara at dakmak hakynda ylalaşyp bolar!? At dakmak üçin sözler diliň sözlük düzüminden alynmaly. Dil bolmasa, sözlük düzüm hem bolup bilmez. Diýmek, bu nazaryýet esassyz hem-de ýalňyşdyr. 2. Durmuşy razylaşma nazaryýetiniň tarapdarlary ilkinji sözleriň döremegini adalga ýasalyş işi bilen baglanyşdyrmakçy bolýarlar. Ýöne, bu meseleler düýbünden biri-birinden tapawutlydyr. Ilkinji sözleriň emele gelmegi dil bilen adalgalaryň döremegi bolsa ylym bi- len baglydyr. Eger dil döremedik bolsa, ylym emele gelmezdi. Diliň döremegi bilen ylym, ylmyň döremegi bilen bolsa adalga döreýär. Şuňa görä-de ilkinji sözleriň taryhy adalgalaryň taryhyna garanyňda gaty gadymydyr. Adalgalar diliň döreýşinden has soň ýüze çykandyr. Diýmek, ilkinji adamlar entek dil döremänkä özara razylaşyp, täze-täze sözleri ýasap, dili emele getirip bilmezler diýmekdir. Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling