Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet64/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   60   61   62   63   64   65   66   67   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Lingwokulturologiýanyň (lingwistik medeniýeti öwrenişiň) 
bölümleriniň her biri lingwistikanyň hem-de medeniýeti öwrenişiň 
sepgidinde durýar. Lingwistik dini öwreniş lingwokulturologiýanyň 
esasy bölümleriniň biri bolmak bilen, dil biliminiň we dini öwrenişiň 
(teologiýanyň) arasyndaky aralyk ýagdaýy eýeleýär. Ol diliň 
döreýşindäki mifologik garaýyşlar, diliň jadyly güýji, adatdan daşary 
hyzmatlary baradaky meseleleri derňeýär.
Lingwistik sungaty öwreniş sungatyň dile gatnaşygy bilen 
baglanyşykly meseleleri öwrenýär. Ol dil biliminiň we sungaty 
öwrenişiň arasyndaky garyşyk ýagdaýy eýeleýän hem bolsa, ede-


99
biýaty öwreniş ylmy bu ugruň esasyny tutýar. Lingwistik sungaty 
öwrenişiň ylymlaryň arasyndaky ýagdaýy onuň düýbünden özbaşdak 
ylym hökmünde kemala gelmegine päsgel berýär. Onuň meselelerine 
poetikanyň (şygryýetiň), stilistikanyň we beýleki filologik ugurlaryň 
çäklerinde seredilýär. Lingwistik sungaty öwrenişi aýratyn ylym 
hökmünde bölüp aýyrmaga synanyşyga ilkinji gezek meşhur rus dil-
çisi W.W.Winogradowyň «О языке художественной литературы» 
(M., 1959) kitabynda duş gelmek bolýar.
Lingwistik sungaty öwrenişiň aýratynlyklaryny göz öňünde tu-
tup, onuň meselelerini şeýle görnüşde kesgitlemek bolar: ol çeper 
edebiýatyň diliniň aýratyn ýazyjynyň diline, şeýle-de dürli edebi 
akymlaryň (klassisizmiň, romantizmiň, simwolizmiň we ş.m.) diline 
bolan gatnaşygy bilen baglanyşykly wezipeleri öwrenmegi maksat 
edinýär. Bu ylmyň materialy ilkinji nobatda çeper döredijilikdir.
Lingwoetika (sözleýiş medeniýeti) etikanyň we oňa diliň 
gatnaşygy hakyndaky meseleler bilen gyzyklanýar. Etika – edep- 
-terbiýe we onuň esaslary hakyndaky filosofik taglymat, ahlak, edep-
-terbiýe özüňi alyp barşyň kadalarydyr (Türkmen diliniň sözlügi, 
Aşgabat, 1962, 821 sah.). Bu ylmyň örän gadymy taryhy bar.
Haýsydyr bir zada dogry çemeleşmek bilen baglanyşyklylykda 
dürli etiki düzgünler döreýär. Lingwoetika dile dogry çemeleşmek 
hakyndaky ylymdyr. Dogry çemeleşmek düşünjesine kadalaryň tutuş 
bir toplumy degişli bolýar. Adam olaryň kömegi arkaly daşky dünýä 
bilen gatnaşygyny sazlaşdyrýar. Jemgyýetçilik durmuşynda adamyň 
adama ahlak gatnaşyklarynyň meseleleri bilen meşgullanýan içki eti-
ka uly ähmiýete eýe bolýar. Mähribanlyk, akgöwünlilik, söýgi içki 
etikanyň esasy kadalarydyr. Olar jemgyýetçilik ahlagynyň esasyny 
düzýär.
Biz lingwoetikanyň gurluşyny şeýle görnüşde görkezip bileris:

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   60   61   62   63   64   65   66   67   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling