A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri
Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi
Download 121.66 Kb.
|
Jemgyvet tayyar 091124 - копия
- Bu sahifa navigatsiya:
- Bazar ykdysadyýetine döwletiň goşulmagy
Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi.Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan öňden görüjilikli syýasaty netijesinde türkmen topragynyň gadymy şan-şöhratyny dikeltmek ugrunda tutumly işler amala aşyryldy. Ilkinji gezek “Awaza”milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky pikir 2007-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenbaşy şäherinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Wladimir Putiniň we Nursultan Nazarbaýewiň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn gepleşikleriň barşynda öňe sürlüpdi.Giň jemgyýetçilik we halkara seslenmesine eýe bolan bu pikir eýýäm iki aýa golaý wagt geçenden soň-2007-nji ýylyň 21-nji iýulynda iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlandy.Hut şol ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy hakyndaky”Karara gol çekdi. Türkmenbaşy şäherinde ýurdumyzdaky ilkinji milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi ýakyn onýyllyklarda Türkmenistany ösdürmegiň strategik meýilnamalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr we diňe bir Hazarýaka sebiti üçin däl, eýsem, tutuş ýurdumyz üçin hem örän uly ähmiýete eýedir.Türkmenistanda adamzat siwilizasiýasynyň ösüşi üçin ähmiýetlilikde Müsür piramidalary bilen bäsleşip biljek Altyndepe, Nusaý galasy, gadymy Merw, Köneürgenç ýaly ençeme taryhy-medeni ýadygärlikler bar. Şonuň ýaly-da, Haktagallanyň nazary düşen Diýarymyzda gözellikde we tämizlikde Gündogar Ýewropa düzlükleri bilen deňleşip bilýän Bathyz, Repetek, Köýtendag tebigy goraghanalary ýaly awlaglaryň, jana ýakymly, şypalylykda dünýäniň islendik şypahanalary bilen bäsleşip biljek Mollagara, Arçman, Baýramaly,Gaýnarbaba, Awaza ýaly ençeme şypahanalaryň bolmagy syýahatçylygyň ösmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýär.Bazar ykdysadyýetine döwletiň goşulmagyHarytlary satmak we satyn almak boýunça emele gelýän ykdysady gatnaşyklaryň jemine bazar diýilýär. Bazar ykdysady kategoriýa hökmünde haryt we pul dolanyşygy gatnaşyklaryny aňladýar. Bazar gatnaşyklarynyň subýekti bolup harytlaryň we puluň eýeleri çykyş edýär. Häzirki zaman bazaryny erkin bäsleşik zamananyň bazaryndan tapawutlandyrmak gerek. Önümçiligiň ýeke-täk, öz akymlaýyn sazlayjysy hökmünde çykyş edýän bazara erkin bazar diýilýär. Bu bazar hiç bir daşky güýç tarapyndan çäklendirilmeýär, ony döwlet, ýekemenler sazlaşdyrmaýar. 01 erkin bäsleşigiň, bahalaryň erkin emele gelmeginiň bazarydyr. Indi ol bazar hiç bir ýurtda ýok. Häzirki zaman bazar ykdysadyýeti döwlet tarapyndan sazlaşdyrylýar. Şeýle-de bolsa, ösen döwletlerde bazar özüniň mazmunyny, güýjüni ýitirmeýär. Bazar bazarlygyna galýar. Ykdysadyýetiň döwlet tarapyndan sazlaşdyrylmagy bazara kömek berýär, onuň içki güýjüne güýç goşýar, oňat taraplaryny berkidýär. Bazar we bazar gatnaşyklary konkurensiýa (ykdysady bäsdeşlik) bilen aýrylmaz baglydyr. Konkurensiýa bazar gatnaşyklarynyň özenidir, ol bolmasa, bazar gatnaşyklary hem bolmaýar. Konkurensiýa diýlip haryt öndürijileriň arasyndaky peýdanyň möçberini artdyrmaklyga gönükdirilen bäsdeşlige aýdylýar. Haýsy haryt öndüriji az harajat bilen köp peýda gazanyp bilse, şol hem ykdysady bäsdeşlikde ýeňiji bolýar. Önümçiligiň harajatlaryny azaltmak, harydyn hilini ýokarlandyrmak, alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrýan harytlary öndürmek we şuňa meňzeşler ykdysady bäsdeşlikde ýeňmekligiň esasy ýollarydyr. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde kanunçylygyň berjaý edilişine döwlet tarapyndan gözegçilik edilýär. Ykdysadyýetiň pul, salgyt, daşary ykdysady gatnaşyklar ulgamlarynda hem işler döwlet tarapyndan ýerine ýetirilýär, çünki ol ulgamlaryň işini bazar gatnaşyklary esasynda amala aşyrmak mümkin däl. Şunuň ýaly-da döwletin ykdysadyýete gatyşmagy jemgyýetçilik düzgün-tertibini goramak, ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmek we şuna meňzeş jemgyýetçilik hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen hem baglydyr. Bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we dynç alyş pudaklarynyň işlerine döwletiň gatyşmagy jemgyýetçilik bähbidi nukdaýnazardan seredilende belli bir derejede zerurdyr. Eger-de bu pudaklaryň işleri tutuşlaýyn bazar gatnaşyklary esasynda guralsa, onda ilatyň belli bir böleginiň şol pudaklaryň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmezligi mümkin. Download 121.66 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling