A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri
Hormatly Prezidentimiziň ideologiýalarynyň taryhy ähmiýeti
Download 120.6 Kb.
|
Jemgyvet tayyar 091124
Hormatly Prezidentimiziň ideologiýalarynyň taryhy ähmiýetiHormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly, öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda täze Galkynyş we beýik Özgertmeler eýýamynda bu gün ýurdumyzyň daşary syýasatynda ägirt uly üstünlikler gazanylýar, ataWatanymyzyň halkara derejesindäki at-abraýy has-da belende galýar. Häzirki wagtda türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklar ulgamynda tutýan orny örän uludyr. Ýurdumyzyň daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler döwlet baştutanymyzyň halkara hyzmatdaşlygynda özgertmeler syýasatynyň esasynda alnyp barylýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan bäri Türkmenistan BMG ýaly halkara abraýly guramanyň doly hukukly agzasy bolmak bilen öz üstüne alan halkara 96 gatnaşyklaryndaky borçlary doly ýerine ýetirýär. 2007-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-nyň 62-nji mejlisiniň işine gatnaşdy we taryhy söz sözledi. Bu guramanyň her ýylky geçirilýän sessiýasynda onuň agzalygynyň biri ýolbaşçylyk edýär. 2007- nji ýylyň iýulynda biziň ýurdumyzyň bu abraýly guramanyň wise-başlyklygyna saylanylmagy, şol ýylyň 10-njy dekabrynda bolsa Aşgabatda BMG-nyň Öňüni alyş diplomatiýasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň açylmagy türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklar diplomatiýasynda gazanan uly üstünligidir. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy we teklibi bilen 2008-nji ýylyň sentýabrynda bolup geçen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 63-nji mejlisiniň gün tertibine ―Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hemde durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty‖ hakynda Rezolýusiýany kabul etmek meselesi girizildi. Agzalan resminamanyň ady Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ýörelgelerini äşgär beýan edýär. Ol ýörelgeleriň maksady, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň hal ýagdaýynyň ösdürilmegidir, beýleki dowletleriň ynamly ösüşine, BMG-niň ileri tutulýan ornuny ykrar etmek bilen bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýardam etmekdir. Netijede, Birleşen Milletler Guramasy türkmen döwletiniň başlangyjyny doly makullady we 2008-nji ýylyň 19-njy dekabrynda bu ugurdan gelip çykýan möhüm wezipeleri beýan edýän taryhy Rezolýusiýany kabul etdi. 2009-njy ýylyň 23-24-nji aprelinde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ―Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty‖ atly ýokary derejedäki halkara ylmy maslahaty geçirildi. Halkara maslahatynyň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy we söz sözledi. 2009-njy ýylyň 21-25-nji senbtýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynyň işine gatnaşmak hem-de sessiýada çykyş etmek maksady bilen ABŞnyň Nýu-Ýork şäherinde saparda boldy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň abraýly halkara guramasy bolan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna eýýäm ikinji gezek saýlanylmagy örän uly taryhy wakadyr.Download 120.6 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling