Hojalygy ýöretmegiň üýtgeýän döwründe Türkmenistanyň ykdysady syýasaty we durmuşa gönükdirilen ösüşiň şertleri Taryhy ölçeglerde örän gysga möhletde Türkmenistan garyşyk görnüşli ykdysadyýetiň durmuşa gönükdirilen milli nusgasyny döret-megi başardy, ol milli nusga jemgyýetde çuň durmuş özgertmeleriň geçirilmegini we ýurduň ykdysadyýetiniň depginli ösüşini üpjün etdi. Ýurtda geçirilýän işjeň maýa goýum syýasaty düýpli gurluş özgertme-lerini amala aşyrmaga we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda oňyn öňegidişliklerini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagt-da Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň top-lumlygy dünýä jemgyýetçiligi üçin ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze ugrunyň ýüze çykmasy boldy. Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýyldan başlap, Türkmenistan özüniň ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Jar edilen Täze Galkynyş syýasatynyň çäklerinde esasy maksatlaýyn ugurlar kesgitlenildi we bazar özgertmeleriniň maksatnamasy bellenildi. Bu maksatna-ma pudaklaryň ýeterlik infrastrukturasynyň tapgyryny döretmegiň, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň, pudaklaýyn we gurama-çylyk-hojalyk gurluşyny kämilleşdirmegiň ýoly bilen halkara bazar-larynda ýurduň eýeleýän ornuny pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar. Yewropanyň ösüş we abatlaýyş bankynyň bahalary boýunça soňky ýyl-larda Türkmenistanda ykdysadyýeti liberalizasiýalaşdyrmakda saldam-ly ösüş gazanyldy. Dünýä walýuta gaznasy (DWG) hem Täze Galkynyş eýýamynda özgertmeleriň geçirilmegi netijesinde gazanylanlara ýokary baha berýär. Häzirki zaman Türkmenistanyň bazara gönükdirilen ykdysady nusgasynyň aýratynlyklary bolup, şu aşakdakylar durýar: döwlet eýeçiliginiň dolandyrylyşynyň görnüşlerini we usullaryny düýpli kämilleşdirmek; durmuş taýdan möhüm we geljegi uly bolan hereket edýän kär-hanalarda işçi orunlaryny saklamagyň, täze iş orunlaryny döretmegiň,şol sanda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamlarynda iş orunlaryny döretmegiň, kadrlary taýýarlamagyň we gaýtadan taýýarlamagyň ul-gamyny guramagyň esasynda ilatyň iş bilen netijeli üpjünçiligini ga-zanmak; ilatyň anyk pul girdejileriniň ösüşiniň artyşyny üpjün etmek, ilatyň girdejileriniň we hakyna tutma işgärleriň zähmet işjeňliginiň möhüm höweslendirmeginiň çeşmesi hökmünde zähmete hak tölenişiniň dere-jesini yzygiderli artdyrmak;
Do'stlaringiz bilan baham: |