A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri
Häzirki zaman türkmen jemgyýeti” dersiniň ýokary mekdeplerde öwrenilýän beýleki dersler bilen arabaglanyşygy we onuň predmeti
Download 120.6 Kb.
|
Jemgyvet tayyar 091124
- Bu sahifa navigatsiya:
- Häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ösüş aýratynlygy.
Häzirki zaman türkmen jemgyýeti” dersiniň ýokary mekdeplerde öwrenilýän beýleki dersler bilen arabaglanyşygy we onuň predmeti.Häzirki zaman türkmen jemgyýeti“ dersiniň predmeti barada gürrüň edenimizde,bu kurs nazary we amaly häsiýete eýe bolýanlygy üçin jemgyýetiň durmuşyny derňemeklikde häzirki döwrüň ylmy-filosofiki pikirleniş usullary, esbaplary, şol sanda kompýuterleri ulanmaklyk esasynda derňewleri geçirmekligiň usullary hem ulanylýar.Bu dersiň üns merkezinde demokratik türkmen jemgyýetiniň içki mümkinçilikleriniň açylyş aýratynlyklary bolýar. Häzirki zaman türkmen jemgyýeti – jemgyýetçilik ulgamynyň ýaşaýşyny, ösüşini we özgerişini öwrenýän nazary we amaly ylymdyr. Bu ýerde „ulgam“, „ösüş“, „özgeriş“, „nazary we amaly ylym“ düşünjeler ýüze çykýar. Dogrudan hem garalýan kurs türkmen jemgyýetini ulgamlaýyn derňemekligi maksat edinýär. Jemgyýetiň ykdysady, syýasy, medeni gurşawlary biri-biri bilen aýrylmaz baglanýykda bolýarlar. „Türkmenistanda täze Galkynyş eýýamy“ kursy şol gurşawlaryň ulgamynda durmuşyň özara täsirleri baradaky meselä garaýar.Türkmenistanda täze Galkynyş eýýamy – häzirkizaman türkmen jemgyýeti barada sosial ylymdyr. Onuň predmeti umuman „jemgyýet“ barada däl-de takyk giňişlikde we wagt ölçeginde özgerýän türkmen jemgyýeti baradaky ylym bolýar. Umuman, häzirki türkmen jemgyýetiniň özgerişiniň, galkynyşynyň kada-kanunlaryny, ýörelgelerini ählitaraplaýyn açyp görkezýän biziň garaýan taglymatymyzyň wajyp düşünjesi hökmünde bolsa sosial düzüm düşünjesini kabul etmeklik bolar.Häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ösüş aýratynlygy.Häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň taglymatynyň wezipesi ilki bilen özgerýän türkmen jemgyýetini ylmy esasda derňemek we şol jemgyýetiň dürli taraplary bilen baglanyşykly täze gymmatlyklary, düşünjeleri, kesgitlemeleri işläp düzmeklik bolýar. Ýöne onuň wezipeleri diňe şu işler bilen çäklenmeýär. Ýokarda bellenilişi ýaly, bu taglymat nazary we amaly häsiýete eýe bolýar. Şonuň üçin onuň esasy wezipeleriniň biri jemgyýetiň özgerişi bilen baglanyşykly amaly meseleleri çözmeklik hem bolýar. Biziň ýurdumyzda düýpli we aýgytly täzeleniş geçýär. Bu döwür türkmen jemgyýetiniň hemme taraplaryny özgerişlere getirýän täze başlangyçlary ýüze çykardy. Şol başlangyçlar häzirki döwürde jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşynyň oýlanşykly ölçegler bilen gurnalmagyny, erkin azat hereket edip bilýän adamlaryň taplanmagyny, täze zähmet etikasynyň döremegini ýpjün etmeli bolýarlar. Şu hili düýpli özgerşikleriň döwründe adamlaryň akyl-paýhasly hereket etmekleri üçin, olaryň jemgyýetde bolup geçýän hadysalary düşündirip hem-de bahalandyryp bilmekleri wajypdyr. Şeýle pähim-paýhasyň we ukybyň döremekligi üçin bolsa täze aň, täze ýol-ýörelge gerek bolýar. „Türkmenistanda täze Galkynyş eýýamy“ dersi hem belli bir derjede şu wezipäni amal edýär. „Türkmenistanda täze Galkynyş eýýamy“ ýaş nesliň milletiň we ýurduň geçmişini, şu gününi we geljegini bilýän, halkyň belentliklere galan döwürlerine guwanýan, buýsanýan, pese düşen döwürleri barada oýlanýan, olara obýektiw baha bermekligi başarýan adamlar bolup ýetişmekligi üçin ylmy esas bolup çykyş edýär. Adamda taryhy hakydanyň oýanmaklygy, onuň watançylyk duýgusynyň kämil bolmagynyň esasy şerti bolýarDownload 120.6 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling