A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Download 120.6 Kb.
bet39/66
Sana12.02.2023
Hajmi120.6 Kb.
#1190588
1   ...   35   36   37   38   39   40   41   42   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124

Türkmenistan Teýmiriler döwründe. Türkmenistanyň XIV – XV asyrlardaky taryhy Orta Gündogaryň taryhynda uly yz galdyran Teýmirleň we onuň oruntutarlary bilen baglanyşyklydyr. Ol 1336 ýylyň anpelinde Mawerenahryň Keş (Hährisabz) şäheriniň ýakynyndaky Hojailgär obasynda(häzir Ýakkabog) eneden bolýarOnuň bir aýagy agsak eken. Şonuň üçin hem oňa Teýmirleň (leň parsça “agsak” diýmek) diýipdirler. Teýmirleňiň çendenaşa gazabyna uçran il Horezm döwletiniň şol wagtky paýtagty Ürgenç şäheridir. Bu şäherde ýaşaýan boýnegmezek ilatyň üstüne Teýmirleň 1372, 1373, 1376, 1379, 1388 ý.ý. bäs gezek ýöriş edýär. 1388 ýylda eden ahyrky, bäşinji ýörişinde ol şäheri gabap, hünärmentlerden beýleki ähli ilatyny uçdan tutma gyryp, metjit-medreseden we mukaddes şahslaryň mazarlarynyň üstüne gurlan binalardan býleki ähli jaýlary ýumurdýar, şäheriň ornuny sürdürip ýerine-de arpa ekdirýär. Teýmirleň Günorta Türkmenistana hem birnäçe gezek talaňçylykly ýörişler geçirýär. Teýmirleň 1384 ý. Sarahs, Abywert, Nusaý we Durun şäherleriniň üstünden geçip, Gürgeni we Mazanderany, Ferdöwsiniň watany bolan Tus şäherini (Tahtabazar) basyp alypdyr. Şeýlelikde Günorta Türkmenistanyň territoriýasy Teýmirleňiň imperiýasynyň düzümine giripdir. 1370-nji ýylda öz goşunlarynyň gurultaýynda Teýmiri bütin Mawerannahryň ýeke-täk hökümdary diýip yglan edýärler. Ol Samarkandy paýtagt şähere öwrüp, şol ýerde köşk, içki we daşky galanyň diwarlaryny gurduryp başlaýar. Bu bolsa şäheri mongollar ýykandan soňky 150-ýylyň dowamynda ilkinji amala aşyrylýan gurluşyk işleridi. 1370-nji ýyldan soň Teýmirleň sähelçe wagtyň içinde Mawerannahrdaky maýdaja feodal häkimleriň hemmesini bir merkezleşdirilen döwlete birikdiripdir. Şundan soň onuň 35 ýylam dowam eden basybalyjylykly ýörişleri başlanýar. Teýmirleňiň bütin ömri “ondan gelseň oňa sür, iki bakany gördüň” diýeniňki ýaly, elmydama ýörişlerde geçipdir. Horezimden gelse Eýrana, Eýrandan gelse Altyn Ordanyň üstüne, ol ýerden gelenden soň Kiçi Aziýa, Kiçi Aziýadan gelse Hindistana, Kawkaza, Russiýa, garaz, şeýdip ömrüni harby ýörişlerde geçiripdir. 1382-1397-nji ýyllar aralygynda Teýmirleň telim- gaýta ýörişler edip Azerbaýjany,Ermenistany, Gürjistany basyp alýar. Töwrizi, Şirwany eýelän wagty aýratyn zalymlyk görkezipdir. Teýmir Kawkaz halklarynyň aňynda iň bir zalym basybalyjy hökmünde tanalýardy. 1405-nji ýylda Teýmirleň ölenden soň, onuň imperiýasy ikä bölünýär. Olaryň birinjisine tutuş Horasan, şol sanda Günorta Türkmenistanyň ýerleri giripdir we Hyrat şäheri onuň paýtagty bolupdyr. Ol Teýmirleňiň agtygy Şahruh tarapyndan dolandyrylypdyr. Ikinjisine Mawerannahr we Horezm ýerleri degişli bolup, Samarkant şäheri onuň paýtagtyna öwrülipdir. Bu ýerleri Şahruhyň ogly Ulugbeg dolandyrypdyr. Teýmirleňiň 4-sany ogly:Miranşa,Omarşyh,Jahangir we Şahruh bolupdyr.Onuň Ulugbeg atly agtygy astronom-alym bolupdyr.Jahangiriň ogly Pirmuhammet Owganystany dolandyrypdyr.Miranşanyň ogullary Omar Azerbaýjanda, Abubekr-Bagdatda, Halil Soltan bolsa Daşkentde, Omarşyhyň ogullary-Pirmuhammet-Parsda,Rüstem-Yrakda,Iskender-Mawerennahrda hökümdarlyk edipdirler.Teýmirleňiň nesilleriniň arasynda häkimiýet ugrundaky özara göreşler imperiýany gowşadan hem bolsa, 1507-nji ýyla çenli basylyp alnan ýerlerde olaryň täsiri saklanyp galypdyr.


Download 120.6 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   35   36   37   38   39   40   41   42   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling