A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy”


Download 120.6 Kb.
bet47/66
Sana12.02.2023
Hajmi120.6 Kb.
#1190588
1   ...   43   44   45   46   47   48   49   50   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy”. Häzirki döwürde Türkmenistanyň durnukly we uzak möhletleýin ösüşiniň kuwwatly esaslary döredilýär. Esasy durmuş-ykdysady hadysalaryň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi – bu ýurtda iri göwrümli özgertmeleri amala aşyrmagyň, ykdysadyýetiň gülläp ösmeginiň we ilatyň ýaşaýyş derejesini öňdebaryjy dünýä ülňülerine gabat getirmegiň esasdyr. Bu işler durmuşa geçirilende, düzgünleşdirmegiň gekjekdäki esasy wezipeleri Türkmenistanyň ösüşini strategik taýdan meýilnamalaşdyrmak boýunça döwlet syýasatynyň maksatlary esasynda kesgitlenmelidir. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda (munda soňra Milli maksatnama) aşakdakylar öz beýanyny tapypdyr Milli maksatnamada Türkmenistanyň bar bolan mümkinçilikleri hasaba alynýar, gazanylan netijeler derňelip öwrenilýär. Maksatnamanyň çäklerinde ykdysady ösüşiň durnuklylygyny kadalaşdyrmagyň, ykdysadyýetiň sektorlaryny we pudaklaryny ösdürmegiň, iş bilen doly üpjün etmegiň, ilatyň girdejilerini ýokarlandyrmagyň, adam kapitalyny kämilleşdirmegiň we tebigy baýlyklardan oýlanşykly peýdalanmagyň esasy ugurlary işlenilip taýýarlanylýar. Milli maksatnamanyň esasy durmuş-ykdysady ösüş we özgertmeler ülňüsiniň çäklerinde bazar ykdysadyýetiniň iri durmuş-ykdysady meseleleri çözmäge we dünýä bazarlarynda bäsleşmäge uyply, innowasiýalara esaslanýan, öňdebaryjy tehnika we tehnologiýalar bilen üpjün edilen, ösen, ýokary netijeli, durmuş şertlerini gowulandyrmaga niýetlenen garyşyk tipini kemala getirmek üçin, ýurduň tebigy, bioklimatik, maliýe we zähmet resurslaryny oýlanyşykly we toplumlaýyn özleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekden ybaratdyr.


Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň agrosenagat toplumynyň işiniň düzgünleşdirmegiň guramaçylyk meseleleri. Türkmenistanda oba hojalygynyň we agrosenagat toplumynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär, bu barada ire möçberli özgertmeler, azyk senagatyň ösdürilmegi we muhuň bilen baglanyşyklykda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň we sehlarynyň döredilmegi, oba ýerleriniň durmuş infrastrukturasynyň ösdürilmegi, döwlet tabşyrygy boýunça öndürilýän oba hojalyk önümleriniň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy, satyn alynýan oba hojalyk tehnikalarynyň her ýylda sanynyň artyrylmagy şaýatlyk edýär, Agrosenagat önümçiliginiň döwlet kadalaşdyrylyşy diýilip, oba hojalyk önümleriniň, çig malyň we azyk önümleriniň öndürilişine, gaýptadan işleşine we ýerleşdirilişine, şeýle hem önümçilik-tehniki hyzmata we agrosenagat önümçiliginiň üpjuünçilipne döwletiň ykdysady täsir etmegine düşünilýär. Agrosenagat toplumy özünde oba hojalyk önümlerini öndürmäge, ony gaýtadan işlemäge we saklamaga, şeýle hem oba hojalygyny we gaýtadan işleýän senagaty önümçilik serişdeleri bilen üpjün etmäge ýöriteleşdirilen, jebis ykdysady we önümçilik özara gatnaşyklaryna eye bolan pudaklary jemleýär. Şunda agrosenagat toplumynyň pudaklarynyň maliýe-ykdysady netijeliligi, ilkinji nobatda, oba hojalyk önümçiliginiň ösüşine baglydyr.



Download 120.6 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   43   44   45   46   47   48   49   50   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling