A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri
Türkmenistany araplaryň basyp almagy yslam dininiň ýaýramagy
Download 120.6 Kb.
|
Jemgyvet tayyar 091124
Türkmenistany araplaryň basyp almagy yslam dininiň ýaýramagy VII asyrda Arabystanda Arap Halyfaty-döwleti döräpdir. Halyfatyň gol astynda Eýran, Yrak, Siriýa, Palestina, Liwiýa, Alžir, Tunis, Marokko, Ispaniýa, Kawkazyň bir bölegi, Orta Aziýa, Owganystan, Hindistanyň demirgazyk-günbatar ýerleri girýär. 651-nji ýylda araplar Türkkmenistanyň günorta raýonlarynda peýda bolýarlar. Olar Horasany tutuşlygyna eýeleýärler. Nusaý we Abywert şäherleri araplara garşylyk görkezmeden tabyn bolupdyrlar.Merwiň häkimi Mahyýa hem araplar bilen ylalaşyk baglaşypdyr. Şertnama boyýunça Merwliler 2 mln. 200 müň drahma pul tölegini tölemeli bolupdyr. Salgydyň agyrlygy zerarly Merw häkimi araplara oglan-gyz, ýaly we beýlekileri bermeli bolupdyr. Şertnama boýunça arap goşunlary ýaşar ýaly ýer we jaý bermeli bolupdyr Merwiň ilaty arap goşunlaryna ýaşaýyş jaýyny bermäge gaty näryza bolupdyrlar. Beýle ýagdaý araplara garşy halk gozgalañrynyň başlamagy- na sebäp bolupdyr. 665-nji ýylda bu ýagdaýa gahar eden Merw ilatynyň gozgalaň etmek howpy dörände ýerli häkim haraý isläp, arap goşunlaryna ýüz tutupdyr Merwiň iri ýer eýeleri, aşaky goşun başlyklary, oba kethudalary, hemme obalar araplar üçin jan başyna salgyt “Jizza” tölemeli bolupdyr.Araplara jan başyna salgyt tölemekden boýun gaçyrypdyrlar. Beýle ýagdaý araplara öz şertlerini we dinlerini ilatyň boýnuna zorluk bilen dakma bahana bolupdyr. Nyzak Tarhanyň baştutanlygynda (709-710) garşylyk görkezen Sarahs ilatyny araplar rehimsiz gyrypdyr Ilkibada yslam dinine geçenlerden salgyt alynmandyr, soňabaka salgyt hemmelerden hem ýygnalypdyr. Araplar yslam dinini ornaşdyrmak bilen öňki dinleri gysyp çykarypdyr. Ýerli hat-ýazuw ulanylman galdyrypdyrlar. Osen medeni ojaklar, edebi miras ýök edilipdir. Netijede, ylmyň,sungatyñ ösüşi bökdelipdir. Şonuň üçin türkmen halkynyň taryhy çeşmesi bolan Oguz-Orhon ýazuwy geljekki nesiller üçin ýat bolup galypdyr. Gadymy Parfiýa, Horezm ýazuwlary, “Awesta” ýaly medeni ýadygärlikler barada diňe ýatlamalar galypdyr. Geljekde Gündogaryň dünýä-belli alymlary öz eserlerini mejbury ýagdaýda arap hatynda döredipdirler.Arap agalygy Türkmenistanyň ýerli ilatynyň etnik düzümine hem güýçli täsir edýär we ýerli ilatyň bir bitewi halk bolup kemala gelmegini gijikdirýär. Araplaryň bir topary Türkmenistanda mydamalyk galyp, ýerli ilatyň düzümine goşulyşyp gidenleride bolupdyr. Olar Türkmenistanyň taryhynda öz gelip çykyşyny, rowaýatlara görä, “araplar taýpasy”, şeýle hem, “öwlat taýpalary” (ata, magtym, müjewür, seýit, hoja, şyh) ady bilen bellidir. Bu taýpalar türkmen halky kemala gelende, onuň düzümine goşulyp, bir bitewi halky döredipdir.
Download 120.6 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling