A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri
Türkmenistanyň bank ulgamnyň ösüşi
Download 120.6 Kb.
|
Jemgyvet tayyar 091124
Türkmenistanyň bank ulgamnyň ösüşi. Halk hojalygynda karz gatnaşyklary ýörite edaralar - banklar tarapyndan amala aşyrylýar. Banklar- bu goýum, karz we hasaplaşyk amallaryny geçirýän karz edaralarydyr. Banklar üç sany wezipäni ýerine ýetirýär: Hasaplaşyk. Karz. Goýum. I derejeli –Türkmenistanyň Merkezi banky. II derejeli –Türkmenistanyň täjirçilik banklary. Ýurdumyzyň baş banky bolup Türkmenistanyň Merkezi banky çykyş edýär. Ol Türkmenistan döwletiniň adyndan hem-de onuň tabşyrygy boýunça halkara derejesinde hereket edýär, ýurduň içerisinde pul-karz gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar. Dolanyşyga pul goýbermäge we ony dolanşykdan aýyrmaga onuň ýekemen hukugy bardyr. Türkmenistanyň Merkezi banky hökümetiň maliýe geňeşçisidir. Ol ýurduň pul - karz syýasatyny işläp düzýär we durmuşa geçirýär, döwlet býujetiniň kassasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär. Türkmenistanyň Merkezi banky müşderilere hyzmat etmän, banklara dürli bank hyzmatlaryny edýär, olary hasaba alýar, bank amallaryny ýerine ýetirmäge ygtyýarnama (lisenziýa) berýär, işiniň üstünden gözegçilik edýär. Ol bankara karz bazarlaryny emele getirýär. Merkezi bankyň serişdeleri, emlägi, girdejileri we amallary ähli salgytlardan, ýygymlardan, döwlet paçlaryndan boşadylýar. 2001-nji ýyldan başlap Turkmenistanyň Döwlet täjirçilik banklarynyň başlangyç esaslyk sermaýasy ABŞ-nyň 20 mln. dollaryna barabardyr. Türkmenistanyň paýdarlar-täjirçilik banklarynyň esaslyk sermaýasy bolsa 10 mln. ABŞ-nyň dollaryna barabardyr. Banklaryň esaslyk sermaýasynyň ýokarlandyrylmagy müşderileriň bank hyzmatyna bolan isleglerini doly derejede kanagatlandyrmaga mümkinçilik döredýär. Biziň ýurdumyzda Türkmen-türk bankyndan başga-da, Päkistanyň Milli bankynyň we “Saderat Eýran” bankynyň Aşgabat şäherindäki bölümleri hem işleýär. Banklar hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýär. Olar öz işiniň netijesinde peýda alýar. Bankyň peýdasy onuň alýan göterimi bilen harajatlarynyň aratapawudyna deňdir. Bankyň harajatlaryna goýumlar boýunça tölenen göterimler we bankyň özüni saklamak üçin eden çykdajylary girýär. Bankyň peýdasynyň çeşmesi bolup, önümçilikde döredilen goşmaça gymmat çykyş edýär.
Download 120.6 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling