A. Makedonskiniň Merkezi Aziýany basyp almagy we onuň netijeleri


Türkmenistanda eýeçiligiň görnüşleri . “Eýeçilik hakynda ” Türkmenistanyň kanuny Eýeçiligiň görnüşleri


Download 120.6 Kb.
bet42/66
Sana12.02.2023
Hajmi120.6 Kb.
#1190588
1   ...   38   39   40   41   42   43   44   45   ...   66
Bog'liq
Jemgyvet tayyar 091124

Türkmenistanda eýeçiligiň görnüşleri . “Eýeçilik hakynda ” Türkmenistanyň kanuny Eýeçiligiň görnüşleri 1. Fiziki we ýuridik şahslar, döwlet Türkmenistanda eýeçilik hukugynyň subýektleri bolup durýarlar. 2.Türkmenistanda eýeçilik şu aşakdaky görnüşlerde çykyş edýär: 1) hususy eýeçilik; 2) döwlet eýeçiligi; 3) jemgyýetçilik birleşikleriniň eýeçiligi; 4) kooperatiw birleşikleriniň eýeçiligi; 5) bilelikdäki kärhanalaryň eýeçiligi; 6) gatyşyk (birleşen) eýeçilik; 7) daşary ýurt döwletleriniň, olaryň ýuridik şahslarynyň we raýatlarynyň eýeçiligi; 8) halkara guramalarynyň eýeçiligi. Bu kanun 7 bapdan 31 maddadan ybarat bolup bu kanun 2015-nji ýylyň 21-nji noýabrynda kabul edildi.

Türkmenistanda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy. Halkara gatnaşyklary - bu halkara hukugynyň subýektleriniň arasyndaky syýasy, ykdysady, söwda, ylmy-tehniki, harby, medeni we beýleki ugurlary öz içine alýan gatnaşyklardyr. Aýratyn garaşsyz döwletleriň territoriýasynyň çäklerinde, garamagynda ýa-da ygtyýarlygynda bolman, bu gatnaşyklar hereket edýärler (amala aşyrylýarlar) we kämilleşýärler. Halkara gatnaşyklar iki, birnäçe ýa-da dünýänin ähli döwletleriniň ünsüni özüne çekip bilýär. Iki, birnäçe ýa-da köp halkara, hökümetara guramalaryň şeýlede öz erkinligi, garaşsyzlygy we özüniň hususy döwlet gurluşyny doretmek ugrunda göreşýän halklaryň we milletleriň dykgatyny (ünsüni,) özüne çekip bilýär. Halkara gatnaşyklary bir wagtyň özünde halkara hukugynyň subýektleriniň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary öz içine alyp bilýär, ýa-da difle olaryň käbirini öz içine alyp bilýär (mysal üçin halkara ykdysady gatnaşyklary, daşky gurşawy goramak we saklamak baradaky gatnaşyklary, adamyň azatlygyny we hukugyny goramak baradaky gatnaşyklary we beýlekiler). Döwletiň daşary syýasatynyň ýörelgeleri. Döwletleriň özara gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça we dürli görnüşlerde alnyp barylýar. Her bir döwletiň başga döwletler bilen özara gatnaşygy ählumumy halklara degişli iki taraplaýyn ýa-da köptaraplaýyn baglaşylan, şertnamalar we ylalaşyklar esasynda ýöredilýär. Döwletiň daşary ýurtlar bilen gataaşygy belli bir ýörelelgelere eýerýär we bu ýörelgeler onuň daşary syýasatynyň esaslaryny düzýär. Daşary syýasat diýmeklik döwletiň halkara gatnaşyklar babatynda alyp barýan ähli hereketlerini, ýagny bu gatnaşyklara girýän ähli taraplär bilen işlerini kadalaşdyrmak diýmekdir. 01 toparlara : 1)Döwletler 2)Bütindünýä halkara guramalar 3)Sebitara halkara guramalary 4)Daşary ýurtlaryň syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary degişlidir. 5)Häzirki zaman dünýäsiniň döwletleriniň köpüsi öz daşary syýasatyny deňhukuklylyk, birek-birege peýdalylyk, başga döwletiň içerki işine gatyşmazlyk ýaly baş ýörelgeler esasynda alyp barýarlar. Döwletleriň daşary syýasaty ýörite döredilen edaralar tarapyndan alnyp barylýar. Köp döwletlerde daşary syýasat işini, esasan, döwletiň daşary işler ministirligi amala aşyrýar. Daşary syýasatyň ugjurlarynyň kesgitlenilmeginde ýurduň parlamentiniň daşary gatnaşyklar baradaky komitetine hem aýratyn orun degişlidir.





Download 120.6 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   38   39   40   41   42   43   44   45   ...   66




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling