Aşgabat “Ylym” neşirýaty


iV bap MEKDEBE ÇENLI ÇAGALAR EDARASYNYŇ IşINIŇ


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet65/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   62   63   64   65   66   67   68   69   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

iV bap
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALAR EDARASYNYŇ IşINIŇ 
DoLANDYRYLYşY
1. Mekdebe çenli çagalar edaralary, olaryň işini guramak 
we ýolbaşçylyk etmek
Mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary Türkmenistan döwletiniň 
bilim ulgamynyň ilkinji basgançagydyr. Mekdebe çenli çagalar 
edaralary Türkmenistanda üznüksiz bilim bermegiň döwlet ulgamynyň 
esasy basgançaklarynyň biri bolmak bilen, mekdebe çenli bilimiň we 
terbiýäniň ýeke-täk milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegi üpjün 
edýär. Mekdebe çenli çagalar edaralary öz işini Türkmenistanyň 
Konistitusiýasynyň, “Bilim hakynda“ Türkmenistanyň kanunynyň, 
Türk me nistanyň Mejlisiniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň 
namalarynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütleriniň, 
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň kadalaşdyryjy resminamalarynyň 
we şu düzgünnamanyň esasynda amala aşyrýar. Bu edaralar 
“Türkmenistanda mekdebe çenli çagalar edaralary hakyndaky 
Düzgünnama“ hem-de ata-eneler bilen ysnyşykly aragatnaşykda 
işleýär. Mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda bilim we terbiýe 
bermek işi Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan düzülen 
we tassyklanan meýilnamalar hem-de beýleki usuly görkezmeler 
esasynda alnyp barylýar. Her bir çagalar edarasynda körpeleriň 
hemmetaraplaýyn, şadyýan bilim we terbiýe almaklary üçin degişli 
şertler döredilmelidir.
2.Mekdebe çenli çagalar edarasyny açmagyň düzgünleri
Mekdebe çenli çagalar edaralaryny etrap, şäher häkimlikleriniň, 
ýa-da olaryň rugsat bermegi netijesinde aýry-aýry ministrlikler


94
iV bap
edaralar, kärhanalar açyp biler. Mekdebe çenli çagalar edaralary 
açylanda “Türkmenistanda mekdebe çenli çagalar edaralary hakyndaky 
Düz günnamadan“ ugur alynmalydyr. Onda mekdebe çenli çagalar 
edaralaryny ýörite şu maksat bilen gurlan jaýlarda açmaklyga rugsat 
edilýär. Mekdebe çebli çagalar edaralary bina edilende çagalaryň, 
umumy sany, toparlaryň sany, çagalar edarasynyň görnüşine görä 
niýetlenilip salynýar. Mekdebe çenli çagalar edarasy bina edilende 
ol uly gatnawly ýollardan, suw akýan ýaplardan, hassahanalardan, 
bazarlardan biraz daşrakda meýilnamalaşdyrylmalydyr. Çagalar 
edarasynyň daşy dürli görnüşli haýatlar bilen ýapylmalydyr. Mekdebe 
çenli çagalar edarasy mekdebe golaýrak bina edilse gowy bolar.
Täze mekdebe çenli çagalar edaralary açylanda oňa taýýarlyk 
işleri 2-3 aý öňünden başlanýar. Çagalar edarasynyň müdiri, onuň ho-
jalyk işleri baradaky orunbasary 2-3 aý öň işe kabul edilmelidir.
Müdir çagalar edarasyny bina etmekde meýilnama boýunça 
hemme zatlaryň ýerbe-ýerligini, hilini barlap kabul edýär. Mekdebe 
çenli çagalar edarasy doly bina edilip gutarylandan soň, döwlet 
tarapyndan bellenilen topar müdiriň agza bolmagynda çagalar 
edarasynyň doly bina edilişini, enjamlaşdyrylyşyny barlap, ony 
ulanylyşa kabul etmek hakynda gol çekýärler. Şondan soň mekdebe 
çenli çagalar edarasy dabaraly açylýar. Şäher, etrap bilim bölümi 
tarapyndan oňa tertip boýunça belgi ýa-da at berilýär.
Her bir çagalar edarasynda her torap üçin meýdança göz öňünde 
tutulmaly. Ol ýer çagalaryň özbaşdak hereketli oýunlary oýnamagy,
dürli gülleri we gök önümleri ekip, tejribe işlerini geçirmekleri üçin 
meýilnamalaşdyrylýar.

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   62   63   64   65   66   67   68   69   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling