Aşgabat “Ylym” neşirýaty


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet2/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

HoRMATLY PREZIDENTIMIZIŇ
ÝAşLARA SARGYTLARY
Siziň her bir edýän hereketiňiz, bitirýän işiňiz Türkmenistan 
döw le timiziň, türkmen halkynyň abraýyna täsir edýändir. Özüňiziň
oňat hä si ýetleriňiz, bitirýän işleriňiz bilen siz Watanymyzyň abra ýyna 
abraý goşmalysyňyz, halkymyzyň mertebesini beýgeltmelisiňiz.
Sowadyňyzy, bilimiňizi, ylmyňyzy kämilleşdirmelidigiňizi ýeke-
je pursat hem ýatdan çykarmaň. Siz dünýädäki ylmy täzeliklerden, 
ösen tehnologiýalardan habarly bolmalysyňyz.
Watana wepaly bolmakda, zähmetsöýerlikde, halallykda siz beý-
lekilere nusga bolmalysyňyz.
Türkmen ýaşlarymyz hemişe dostluk, doganlyk ýörelgelerine 
eýe r melidirler. Bu iki düşünje jemgyýetimiziň asudalygyny, halkymy -
zyň agzybirligini, Garaşsyz Watanymyzyň ösüşini üpjün edýän uly 
güýçdür.
Siz şahandaz hem edermen pederlerimiziň nesilleri bolan bagtly 
ýaşlarsyňyz. Şonuň üçin hem siz geljekde-de uly buýsançly, şadyýan, 
Galkynyşly zamanamyzy, täze özgertmelerimizi, ajaýyp ýol-ýörelge-
lerimizi, milli däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdir melisiňiz. 
Öz zehiniňiz, ukybyňyz bilen türkmen medeniýetini, sungatyny, yl-
my ny, bilimini, lukmançylygyny, oba hojalygyny birkemsiz ösdirme-
lisiňiz. Men bu işleri ýerine ýetirmekde siziň Watanymyza bolan per-
zentlik söýgiňizi görkezjekdigiňize ynanýaryn.


8
Türkmeniň boz mele topragy durşuna keramatdyr. Bu toprakda 
ýetişýän her bir ekinde türkmen topragynyň reňki we tagamy bardyr. 
Hatda başga ýerlerden getirilen ekinleri hem özüne kybapdaş edýän 
ene ýerimiz üýtgewsizdir, mizemezdir. Şonuň üçin topragymyzy 
aýaw ly saklamagy, oňa eýeçilik gözi bilen garamagy, ene ýere maň-
laý deriňizi siňdirmegi özüňize hemişelik endik ediniň. Goý, bu iş si-
ziň ýene-de bir mukaddes watançylyk borjuňyza öwrülsin.
Häzirki ýaşaýan döwrümiz bizden örän çalt hem dogumly işle-
me gi we gyssagly öňe gitmegi talap edýär. Şonuň üçin, mähriban 
ýaş lar, indiden beýläk hemmäňiz biliňizi berk guşaň. Size tutan 
işiňizi ahy ryna çenli ýerine ýetirmek, sowatly we başarjaň hereket 
etmek, okuwda, döredijilikde dünýäniň ösen tejribesine daýanyp, iň 
öňdebaryjylara go şulmak zerurdyr.


9
GIRIş
Garaşsyz hem-de baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi gu -
ranymyzdan soň, täze dünýä inen, ösüp gelýän ýaş neslimize ylmy 
esas da täze mazmunly, Garaşsyzlygyň many-mazmunyna dogry dü-
şün ýän, Garaşsyzlygymyzy we baky Bitaraplygy gözüniň göreji ýaly 
gorap saklaýan täze nesli terbiýelemek ýurdumyzyň uly ýaşly nesli-
niň öňünde duran wajyp wezipeleriniň biridir.
Ýurdumyzyň mekdebe çenli ýaşly çagalarynyň birnäçesi maş-
ga lada terbiýelenýän bolsa, aglaba köpüsi mekdebe çenli ýaşly 
çagalar edaralarynda ýörite bilimli terbiýeçileriň elinde maksatly 
yzygider ter biýe alýarlar. Mekdep ýaşyna ýetmedik körpeler ýörite 
“Türkmenistanda mekdebe çenli ýaşly çagalara bilim we terbiýe 
bermegiň Milli maksatnamasy“ esasynda bilim we döwrebap terbiýe 
alyp, özlerini mekdep okuwyna taýýarlaýarlar.
Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda jemgyýetçilik 
dur mu şynyň ähli ugurlarynda bilim ulgamyny düýpli özgertmek we 
kä mil leş dirmek hakynda hem uly işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bi lim-
terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky öz gert me-
leri bilim işgärleriniň öňünde uly wezipeleri goýup, öňküden-de ne tije-
li işlemäge borçly edýär. Hormatly Prezidentimiz “Ata Watanymyzyň 
geljegi bolan bilimli-terbiýeli, edepli, ýokary ahlakly şahsyýetleri ke-
ma la getirmek bilim ulgamynyň işgärleriniň, mugallymlaryň, biziň 
her birimiziň mukaddes borçlarymyzdyr “ diýip belleýär. 
Talyplaryň öz saýlap alan ugurlarynda ýokary hünärli adamlar 
bolup, jemgyýetiň ösüş derejesine göz ýetirip bilýän, özbaşdak pikir-
lenmegi başarýan şahsyýet bolup ýetişmeklerinde “Mekdebe çenli
pedagogika” dersiniň ähmiýeti uludyr. 
“Mekdebe çenli pedagogika” dersi geljekki terbiýeçi ýaşlary ter-
biýäniň ylmy esaslary bilen tanyşdyrýar. 
Bu synag okuw kitaby Mugallymçylyk mekdepleri niň mek de be 
çenli bilim we terbiýe bölüminde okaýan talyplaryna hü när taýýar-
lyklaryny baýlaşdyrmakda zerur gollanma bolar.



Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling