Aşgabat “Ylym” neşirýaty
Pedagogikanyň umumy esaslary
Download 0.56 Mb. Pdf ko'rish
|
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym
Pedagogikanyň umumy esaslary
Adamyň ösüşi – bu nesilden-nesle geçip gelýän ösüş mümkün- çilikleriniň san taýdan artmagy bolman, eýsem, psihikasynyň hil taý- dan artmagyna aýdylýar. Daşky üýtgeşmeleriň içki hadysa täsir etme- gi netijesinde gapma-garşylyk döreýär. Meselem, çagada emele gelen täze talaplaryň, islegleriň hem-de mümkinçilikleriň arasynda çaganyň talabyny kanagatlandyrmak üçin edýän hereketleri ösüşiň esasy güýji hasaplanylýar. Çagany ösüşe alyp barýan esasy güýç näme? Tebigat tarapyndan berlen güýçmi ýa- da daşky durmuş, ony gurşaýan adamlaryň täsir etmegi netijesinde bolýan ösüşmi? Soňky ýyllarda köp alymlaryň tassyklamalaryna görä, çaganyň ösmegi üçin nesilden-nesle geçijiligiň ähmiýeti uludyr. Nesilden- nesle çaganyň beden gurluşy, gözüniň, saçynyň reňki, şeýle-de kelle beýnisiniň gurluşynyň özboluşly aýratynlygy geçýär. Çaga dünýä inen gününden başlap, taýýar şahsyýet bolup ýetişmeýär. Onuň öz ýollary we kanunlary bardyr. Çaganyň şahsyýet bolup ýetişmegine täsir edýän 3 sany faktoryň (nesle geçijilik, daşky gurşaw, terbiýe ) ilkinjisi nesle geçijilik ýa-da tohum yzarlamadyr. Ylmyň subut etmegine görä, nesle geçijilik genleriň üsti bilen ama- la aşyrylýar. Şeýle-de tutuş bedeniň, onuň aýry-aýry ulgamlarynyň gurluş aýratynlyklarynyň nesilden-nesle geçmegi (ýüz keşbi, barmak- lary, ganyň haýsydyr bir topara degişlidigi) genler arkaly kesgitle- nilýär. Ýokary nerw işiniň belli görnüşleri: güýçli çykan sese tarap birden seretmek, eliňi gyzgyn ýa-da sowuk zatdan silkip, çekip al- mak ýaly şertli refleksleriň döremegi hem tohum yzarlamagyň täsiri netijesinde bolýar. Çaga bedeniniň ösmeginde tohum yzarlama bilen baglanyşykly käbir fiziologik, psihologik ýetmezçiliklere-de gabat gelinýär. Olar käbir çagalarda dünýä inýänçä, inenden soňky birentek ýakymsyz şertleriň täsiri bilen baglanyşykly bolýar. Daşky gurşaw. Çaganyň kadaly ösmegine, onuň şahsyýetiniň kemala gelmegine daşky zatlaryň täsiri ýetýär. Sebäbi çaga daşyny gurşap alan zatlar bilen ýakyn aragatnaşykda bolup, janly we jan- syz tebigat bilen iş salyşýar. Olarda daş-töwerekdäki bolýan zatlara garaýyş döreýär. Durmuşda çaganyň daşky gurşawynyň, ýaşaýyş şertleriniň üýtgemegi çaganyň umumy düşünjesini, dünýägaraýşyny üýtgedýär. 16 i bap Terbiýe. Şahsyýetiň ösüp kemala gelmeginde esasy şertleriň biri- de terbiýe bolup durýar. Halk pedagogikasynyň atasy hasaplanýan Döwletmämmet Azady hem adamyň ösüp, kemala gelmeginde terbiýäniň uly güýjüniň bardygyny belläpdir. Ol özüniň meşhur “Wagzy Azat” kitabynda ýaş nesle terbiýe bermegiň 40 sany düzgü- nini ylmy taýdan işläp, ata-enelere, pedagoglara sagdyn gollanma- ny hödürläpdir. Şol pedagogik düzgünler, kadalar sazlaşykly ösen şahsyýete mahsus bolan ahlaklylyk, belent adamkärçilik sypatlaryny özünde jemleýär. Terbiýe meselesi halk döredijiliginiň dürli žanrlarynda-da, nus- gawy şahyrlaryň eserlerinde-de, türkmen halkynyň jemgyýetçilik- syýasy garaýyşlarynda-da, ýazuw ýadygärliklerinde-de öz beýanyny tapypdyr. Çaganyň güýjüni, başarnygyny ugrukdyryp, il-günüň, jemgyýetiň bähbitleri bilen utgaşdyryp goýberýän terbiýe: a) ýaş nesliň durmuşyny hem işini maksadalaýyk edip guraýar, b) çaganyň sazlaşykly ösmegi üçin durmuşdan susulyp alnan materiallary ýerlikli peýdalanmagy göz öňünde tutýar, ç) adamyň kadaly ösmegine zyýan berýän täsirleri aradan aýyrmagy maksat edinýär, d) ösüp barýan nesliň sosial sreda, adamlara we olaryň işlerine, ýaşaýyş-durmuşyň akymlaryna, wakalara, zatlara, hadysalara bolan garaýşyny emele ge- tirýär. Download 0.56 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling