Aşgabat “Ylym” neşirýaty


M. Montessoriniň çagalar öýleri


Download 0.56 Mb.
Pdf ko'rish
bet14/70
Sana28.09.2023
Hajmi0.56 Mb.
#1688981
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   ...   70
Bog'liq
Rejepow D~Mekdebe çenli pedagogika-2010`Ylym

M. Montessoriniň çagalar öýleri.
Jemgyýetçilik terbiýesiniň ösmeginde italýan lukman-psihology 
we pedagogy Mariýa Montessori (1870-1952) uly hyzmatlar bitirendir. 
Ol ilkinji bolup mekdebe çenli çagalar öýüni döredip, oňa özboluşly 
terbiýe ulgamyny girizipdir. Çagany özbaşdak, erkin terbiýelemek 
pikirini öňe sürüpdir. Çaganyň terbiýelenmegine dürli şertler döre-
dip, onuň terbiýesine terbiýeçi gatyşmaly däldir diýen pikiri hem orta 
atypdyr. 
K.D.Uşinskiý mekdebe çenli terbiýe barada.
Russiýada mekdebe çenli pedagogikany ösdürmek teoriýasyny 
ýaýratmakda beýik rus pedagogy K. D. Uşinskiniň hyzmaty örän 
ulu dyr. Onuň pedagogikasynyň esasyny halkylyk prinsipi düzýär. Ol 
özüniň “Adam terbiýäniň predmeti hökmünde“ diýen işinde çagalary 
terbiýelemekde olaryň ýaş hem-de psihologik aýratynlyklaryny 
göz öňünde tutmalydygyny aýdyp geçdi. K.D.Uşinskiý “Eger-de 
pedagogika hemmetaraplaýyn terbiýelemek isleýän bolsa, onda ol 
ony ilki bilen adamy hemmetaraplaýyn öwrenmelidir“ diýip, belläp 
geçýär. Ol çaga oýnunyň hem ylmy teoriýasyny döretdi. K.D.Uşinskiý 
çagalary tebigat bilen tanyş etmeklige, estetik we ahlak taýdan 
terbiýelemeklige uly üns berýär. Ol çagalary akyl we ahlak taýdan 
terbiýeleýän ençeme hekaýalar hem döredip, özüniň “Родное слово“ 
(“Ene dili”) diýen okuw kitabynda ýerleşdirdi. Onuň käbir hekaýalary 
şu günki okuw kitaplarynda hem bardyr. 
XIX asyryň ikinji ýarymyndan başlap mekdebe çenli bilim we 
terbiýäniň ösmegine özüniň saldamly goşantlaryny goşan alym-
lar A.S.Simonowiç (1840-1933), Ý. N. Wodowozowa (1844-1923), 


26
i bap
L. K. Şle ger (1863-1942), Ý. I.Tiheýewa (1867-1943) we ş.m. Olar öz 
döwürlerinde çaga terbiýesiniň ösmeginde özleriniň dürli garaýyşlary 
bilen çykyş edipdirler, ýöne bu alymlaryň ählisiniň pikiri hem çagany 
hemmetaraplaýyn terbiýelemek bolup durýar. 
Irki ýaşly çagalary terbiýelemegiň ösmegine ylmy taýdan uly 
go şant goşan, ony özüniň iş tejribelerinde görkezmegi başaran al-
ymlar hökmünde N. M. Şelowanowy, N.M.Aksarinany ýatlamak 
bolar. Şeýle-de mekdebe çenli terbiýäniň nazaryýetiniň ösmegine 
Ý.A.Arkin, Ý.A.Flerina, A.P.Usowa özleriniň uly goşantlaryny 
goşupdyrlar. Ýokarda ady agzalan alymlaryň ählisiniň maksady ça-
galary kiçi ýaşdan hemmetaraplaýyn terbiýelemek bilen baglydyr. 

Download 0.56 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   ...   70




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling